Turkm dili-7 2017. indd


Download 438.92 Kb.
bet91/100
Sana17.06.2023
Hajmi438.92 Kb.
#1527825
1   ...   87   88   89   90   91   92   93   94   ...   100
Bog'liq
7-synp. Turkmen dili (2017, M.Hanmatow, A.Hanmatow)

njy gönükme. Ümlükleri tapyp, olaryň nähili many aňladýandygyny aýdyň.

1. Heýjanelegeý (!)5 Hozuň süýjüligem towuk jüýjäniň etinden kem däldir… (A.D. «S.e»). 2. Wah (,)5 jan jigim, men günde-de git diýýän, özi gitmese, men nädeýin? (Şol ýerde). 3. Yhm!.. Eden gara gylygyň bar bola… (B.Kerbabaýew). 4. Wah … wah … Gapyrgalarym ýeke- ýekeden ýazyp barýar. (N.P «E.e»). 5. Wiý! Tanşyň ýanyna barmagyňam bir utanjy bolarmy(?)6 6. Päheýdäninim! Adamlaryň ag(?)zynyň jähegi bolmasa, ondan ýaman zat bolmajak eken-ow! 7. Äý-äýjik! Özüň soraý! – diýip, gol- jagazyny galgatdy-da, keýik owlagy ýaly bökjekläp gitdi. (B.Kerbabaýew. «Eserler toplumy»).

  1. nji gönükme. Içinde ümlükler getirilen bäş sany söz- lemi çeper eserlerden tapyp göçüriň. ○ Olary alan çeşmäňizi görkeziň. ○ Içinde baý-ba, berekella, wah ümlüklerini ulanyp, özüňizden üç sany sözlem düzüň.

§ 48. GIRIŞ SÖZLER


  1. nji gönükme. Dik çyzygyň iki tarapyndaky sözle- ri deňeşdiriň. Olardaky aýratynlandyrylan sözleriň sözlem ag- zasy bolup gelenlerini we sözlem agzasy hasaplanmaýanlaryny tapawutlandyryň.




1. Diýmek, ol ýene okuwdan gijä galypdyr-da!

1. Çörek iýmek – munuň özi halkyň baýlygy diýmekdir.

2. Ýagşy, men siz bilen yla- laşýaryn.

2. Zyýansyz garanyň köpi ýagşy. (Nakyl).

3. Dogrusy, ony obamyzda syla maýan ýok.

3. Gepiň gysgasy ýagşy, sözüň dogrusy. (Nakyl)

Sözleýän ýa ýazýan adamyň ýüze çykarýan pikirine bolan garaýyşyny aňladýan sözler giriş sözlerdir.
Giriş sözler sözlem agzalary bilen grammatik taýdan baglanyşmaýarlar. Olar bir sözden hem, birnäçe sözden hem bolup bilerler.
Meselem:
1. Umuman, salam sagdan çepe diýilýändir. (Gazet- den). 2. Dursunyň pikiriçe, ol ýigit wagtynda gaty batyr adam bolupdyr. (H.Ysmaýylow «Powestler»).
Bu sözlemlerdäki umuman, Dursunyň pikiriçe sözleri giriş sözler bolmak bilen, olaryň biri bir sözden, beýlekisi bolsa iki sözden ybarat.
Giriş sözler sözlem agzalarynda intonsiýa taýdan gow- şak bölünip aýdylýarlar. Olar sözlemiň ähli ýerinde gelip bilerler.
Giriş sözler sözlem agzalaryndan otur arkaly aýra- tynlandyrylýarlar. Sözlemiň başynda gelen giriş sözleriň yzyndan otur goýulýar.
Meselem:
Diýmek, [G,] puly yzyna bermeli. (Žurnaldan). Dog- rusy [G,] «hä» diýip-diýmäninem ýadyma düşenok (G.G
«Ş.»).
Sözlemiň ortasynda gelen giriş sözlemiň iki tarapyndan hem otur goýulýar.
Meselem:
Men seni Eziziň hatarynyň ýarysy, şu gürrüňimden soň, belki, [,G,] barysy hasap edýän (B.K. «A.ä».). Olar dogrudan-da [,G,] tapylgysyz adamlar ekeni (B. Seýtäkow.
«Doganlar»).
Sözlemiň soňunda gelen giriş sözlemiň öňünden otur goýulýar.
Meselem:
Eger türkmen toý etse, Özi otyr bir çetde, Gojalar ygtyýarly,
Beýemçi bor, elbetde. [G.] (H.Rejebow).
Giriş sözler aňladýan manylaryna görä bäş topara bölünýärler.

  1. Şübhelenmezligi ýa berk ynanmagy aňladýarlar – şübhesiz, elbetde, hakykatdan, dogrudan, şeksiz…

Meselem:
Zeleli ýok, bu, dogrudan-da, geljekde maňa sapak bo- lar. (B. Kerbabaýew «A ä»). Meniň alaşam, hakykatdan- da, maýyp.

  1. Başganyň ýa özüniň pikirine daýanmagy aňladýanlar- maniňçe, seniňçe, biziňçe, aýtmagyna görä…

Meselem:
Meniň pikirimçe, ol başga mesele. Seniň aýdyşyňa görä, gallany baýlardan dilemelimi? (B. K. «A ä»).

  1. Netije çykarmagy, jemlemegi aňladýanlar – diýmek, eýsem, bolsa, şeýlelikde, umuman, jemläp aýdanymyzda…

Meselem:
Şeýlelik bilen, aramyzda gürrüňe ýol açyldy. Diýmek, maşyny içaly alyp gaçypdyr!-diýip, Jemhur aga netije çykardy. (N. Jumaýew «Syrly gala»).

  1. Ikuçlylygy aňladýanlar: – ähtimal, belki, megerem, çaky…

Meselem:
Dünýäniň soňuny görüp gelen ýok, biz belki, ýene du- şuşarys. (B.Kerbabaýew «Aýgytly ädim»). Olaryň ýüzler-ä gaýrakdy, megerem, gaýraky ýol bilen giden bolsalar ge- rek. (A. Durdyýew «Han küýli»).

  1. Pikiriň tertibini bildirýänler – ikinjiden, bir tarapdan, ikinji tarapdan…

Meselem:
Ol, bir ýandan, Artykdan heder etdi, ikinji ýandan, hanlygyndan heder etdi. (B.Kerbabaýew «Aýgytly ädim»).


  1. Download 438.92 Kb.

    Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   87   88   89   90   91   92   93   94   ...   100




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling