Turkm dili-7 2017. indd
Download 438.92 Kb.
|
7-synp. Turkmen dili (2017, M.Hanmatow, A.Hanmatow)
- Bu sahifa navigatsiya:
- Giriş sözler Giriş sözlemler
§ 49. GIRIŞ SÖZLEM«Giriş sözler» diýen tema geçilende, bu sözleriň sözlemdäki pikire bolan garaýşy aňladýandygy aýdylypdy. Edil giriş sözler ýaly, giriş sözlemler hem bu hyzmaty ýerine ýetirip bilerler . ▲ Esasy sözlemiň içinde gelip, şol sözlemdäki pikire bolan garaýşy aňladýan sözlem giriş sözlemdir. Meselem: Magtymguly barada häzire çenli ýazylan iň gowy eserleriň biri – ol meniň kalbyma rahatlyk, ruhy lezzet berýän «Dowamat-dowam» poemasydyr. (Gazetden). Giriş sözlemler many we intonasiýa taýyndan giriş sözlere meňzeş bolsalar-da, olary bir-birlerinden tapawut- landyrmak mümkin.
Giriş sözlemler sözlemiň dürli ýerlerinden gelip biler. Olar esasy sözlemden otur, kese çyzyk ýa-da ýaý arkaly aýratynlandyrylýar. Meselem:: Sen ony tanamaly, bize Mämmetmyrat agtyjagyny ge- tirjek (Žurnaldan). Ertir mekdebimizde meşhur sazanda bi- len (oňa ýakynda hormatly at hem berlipdir.) duşuşyk bol- jakdygyny aýtdylar. Ine, şu ojagyň başynda, öýümiziň için- de öz oglumyz öz dilimizde okap berende, bu bize başdan- aýak düşnükli boldy. (Ýok, munuň aýdýan zatlarynyň kö- püsine men henizem düşünmeýärin). (N.Saryhanow). nji gönükme. Giriş sözleri we giriş sözlemleri tapyň, olaryň tapawutlaryny düşündiň. Göçüriň. Giriş sözleriň aşagyny göni çyzyk bilen, giriş sözlemleriň aşagyny bolsa tolkunly çyzyk bilen çyzyň. Degişli dyngy belgilerini goýuň. Nusga: Ýöne, çakym çak bolsa, sen meni, megerem, Saýada garanda nebisjeňräk göräýen bolsaň gerek. 1. Ýadyňda bolmazmy3 goşa1 deregi «Guml..lardan-da» agzapsyň ahyry. (B.Hudaýnazarow. «Ynsap»). 2. Ýadyňa düşýärmi bäş alty ýyl mundan owal «Belentlik» diýen ma- kala ýazypdyryň.2 (S.Ataýew «G»). 3. Şäheriň mejlisler zalyny gören bolsaňyz Daşkent döwlet uniwersitetiniň2 aktlar zalyna çalym edýär. 4. Gepiň gerdişine görä aýtsak mun..ň1 bir oňat tarapy hem bar. nji gönükme. Biz ony tanarys, ony sen bilýärsiň giriş sözlemlerini esasy sözlemiň içinde getiriň, özüňizden iki sany sözlem düzüň. Giriş sözlemiň aňladýan manylaryna we sözlemde ulanylyşlaryna görä bolünişleri:
Download 438.92 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling