Turkm dili-7 2017. indd
Download 438.92 Kb.
|
7-synp. Turkmen dili (2017, M.Hanmatow, A.Hanmatow)
nji gönükme. Göçüriň, degişli dyngy belgileri goýuň. Jogap sözleriň yz ýanlaryndan olary shemada görkeziň. Bu tekstde doly däl sözlemler barmy? Olaryň jogap sözlerden tapa- wudyny düşündiriň.
Nusga: Howa, [J. S.] onsoň nähili bolupdyr? 1. Howa howa // Hakykat// Örän gü(?)çli, ukyply aýal pälwanyňyz bar eken // Jeň pälwan uly märekäniň ortasy- nda şon..ň bilen göreşipdir// Ýa-da sizde aýal pälwan bolmaýarmy // Biziň pälwanymyz öw.. njeňlik edäýdimikä // Ýok, ýok dogrudyr //Bizde kebzesi ýere degmedik aýal pälwanlar bolan, häzir hem bar // (T. Esenowa). Tarhan … mylaýym gül..msiredi: Mama çagyrýa // Haw-wa… Çynyňy aýdýaňmy // Ynanmasaň, bar-da soraý // Bolýa hany, ýör, soraly. Ýok // Men oýnamaga gitjek // (G.Kulyýew «Mag- tymguly»). nji gönükme. Berlen sorag sözlemlerindäki galdyrylan sözleri tapyň. Soňra jogap sözleri ulanyp, ol sözlemleriň degişli jogabyny ýazyň. Nusga: Sende Seýitniýaz Ataýewiň …romany barmy? Hawa, mende Seýitniýaz Ataýewiň «Gazap» romany bar. Türkmen we özbek teleýaýlymynyň «… » gepleşikle- rine tomaşa edýärmisiňiz? Siziň mekdebiňizde B. Hudaýnazarowyň kitaby boýunça okyjylar ylmy maslahaty geçirildimi? … dessanynyň awtory Mollanepesmi? Siz serkerde şahyr … goşgularyny halaýarmysyňyz? § 47. ÜMLÜKLERnji gönükme. Ümlükleriň kesgitlemesi, sada we tir- keş ümlükler, olaryň ýazuw düzgüni barada 6-njy synpda öwrenenleriňize esaslanyp gürrüň beriň. Kömelek tapdym. Bu senmidiň? Bu pyşbaganyň uludy- gyny! Işim-ä gördüň. Heýjanelek, kömelek tapdym. Wiy, bu senmidiň? Baý-ba, bu pyşbaganyň uludy- gyny! Wah, işim-ä gördüň. Begenji, gynanjy, içki joşguny aňlatmaga hyzmat edýän sözler ümlüklerdir. Ümlükler bile ulanylýan sözleriniň aňladýan pikiri- ne duýgy tarapdan täsir edýärler. Olar dürli intonasiýada (heňde) özbaşdak aýdylýandyklary üçin, sözlemiň beýleki agzalary bilen grammatik taýdan baglanyşmaýarlar. Ümlükler köplenç, sözlemiň başynda gelýärler. Ümlükler sözlemiň haýsy ýerinde gelseler hem, sözlem agzalaryndan otur arkaly aýratynlandyrylýarlar. Meselem: Wah [Ü,] ýöne şol girip bilse-dä! Siz, how, [Ü,] gelen ýeriňizi ýalňyşan bolaýmaň? (Žurnaldan). Sen gaty kän garaşdyň, haw ! [,Ü] (Gazetden). Sözlemiň başynda ýa ahyrynda gelip, aýratyn güýçli intonasiýa bilen aýdylýan ümlükleriň we olar bilen bagly sözlemleriň soňundan bir ýa birnäçe ýüzlenme belgisi goýlup bilner. Meselem: – Da-at! [Ü!] Işim gaýtdy!!! (B.Kerbabaýew «A.ä».). Ur-a-a!!! [Ü!!!]. Biziňkiler gelýär! (Gazetden). Download 438.92 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling