Turkm dili-7 2017. indd


Gaýtalamak üçin soraglar we ýumuşlar


Download 438.92 Kb.
bet86/100
Sana17.06.2023
Hajmi438.92 Kb.
#1527825
1   ...   82   83   84   85   86   87   88   89   ...   100
Bog'liq
7-synp. Turkmen dili (2017, M.Hanmatow, A.Hanmatow)

Gaýtalamak üçin soraglar we ýumuşlar:


    1. Ýygnak ýönekeý sözlemi ýaýraňa, ýaýraň ýönekeý sözlemi hem ýygnak ýönekeý sözleme öwrüp bo- larmy? Subut ediň.

    2. At sözlemi nähili sözlem? Ol sözlemden, söz düzüm- lerinden nähili tapawutlanýar? Düşündiriň.

    3. Doly we doly däl sözlemler diýip nämä aýdylýar? Doly däl sözlemleriň haýsy agzalary galdyrylyp bil- ner? Mysallarda görkeziň.

    4. Eýeli we eýesiz sözlemleriň kesgitlemesini aýdyň. Eýesiz sözlemiň habary nähili sözlerden ýasalýar.

    5. Eýesi näbelli sözleme degişli mysallar getiriň. Olaryň eýeli sözlemlerinden tapawudyny düşündiriň we su- but ediň.

    6. …Çeper eserlerden ýygnak we ýaýraň at sözlem- leriniň hersine degişli sözlem tapyp, olary depderiňize göçüriň. Mysallary alnan çeşmäňizi görkeziň.

    7. Nakyllardan doly we doly däl sözlemleriň hersine de- gişli iki mysal tapyp göçüriň.


SÖZLEM AGZASY HASAPLANMAÝAN SÖZLER


§ 44. SÖZLEM AGZASY HASAPLANMAÝAN SÖZLER BARADA UMUMY MAGLUMAT

▲ Sözlemde baş we aýyklaýjy agzalar bolup bilmeýän, ýagny sözlem agzasy hasaplanmaýan käbir sözler gabat gelýär. Bu hili sözler sözlemiň umumy manysyna goşmaça many berýärler. Olar haýsydyr bir zada gürrüňdeşiň ünsü- ni çekmäge ýa bir zada bolan garaýşy, jogaby aňlatmaga hyzmat edýärler.


Meselem:

  1. Nurana, sen haly dokap bilýärmiň?

Nurana diýen ýüz tutma söz berilýän soraga (Sen haly dokap bilýärmiň?) Nurananyň ünsüni çekmäge hyzmat edýär.

  1. Bular, hakykatdan-da, mert oglanlar.

Hakykatdan-da diýen giriş söz sözlemden aňlanylýan pikire (bular mert oglanlar) şübhelenilmeýänligini aňladýar.

  1. Wah, elimi kesdirdim.

Wah ümlükdir. Ol sözlemden aňlanylýan pikire (elimi kesdirdim) bolan gynanjy bildirýär.

  1. Sen Güljenneti gördüňmi? Howa, men Güljenneti gördüm.

Hawa jogap söz bolmak bilen sözlemdäki soraga (sen Güljenneti gördüňmi?) biragyzdan jogap bolup gelýär.
Sözlem agzalary barada geçilen sapaklardan mälim bo- luşy ýaly, sözlemi hasyl edýän sözler olara grammatik gat- naşykda bolýarlar. Sözlem agzasy hasaplanmaýan sözler bolsa onuň beýleki sözleri bilen hiç hili grammatik gat- naşyga girmeýärler.
Meselem:
Men ýedinji synpda okaýaryn.
Hawa, men ýedinji synpda okaýaryn.
Birinji sözlemiň ähli sözleri grammatik taýdan özara baglanyşýarlar, ýagny grammatik soraga jogap bolýarlar, bitewi intonasiýa bilen aýdylýarlar. Ikinji sözlemdäki hawa diýen jogap sözüň sözlemdäki beýleki sözler bilen gram- matik baglanyşygy ýok, ol söz grammatik soraga jogap bolup bilmeýär, intonasiýa taýdan-da bölünip aýdylýar.
Sözlem agzasy hasaplanmaýan sözler 4 topara bölünýärler:
Ýüz tutma sözler, jogap sözler, ümlükler we giriş söz- ler.



Download 438.92 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   82   83   84   85   86   87   88   89   ...   100




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling