Turkm dili-7 2017. indd
Download 438.92 Kb.
|
7-synp. Turkmen dili (2017, M.Hanmatow, A.Hanmatow)
nji gönükme. At sözlemlerini okaň. Olaryň many aňladyşlaryny düşündiriň.
Hywa. Mukaddes, syrly şäher. Täsin ýadygärlik. Beýik-beýik minaralar. Şirgazy medresesi. Magtymguly ýaşan hüjre. (Gazetden). Garrygala. Güwleme obasy. Gara öýler. At çapylýan dereler. (Gazetden). nji gönükme. At sözlemlerini tapyň. Olaryň sözlerden, söz düzümlerinden tapawutlanyşyny düşündiriň. Sözlemleri göçüriň. 1991-nji ýyl. Ata-baba arzuwynyň amala aşan ýyly. Garaşsyzlyk. Beýik garaşsyzlyk. Bagtyýar ülke. Bagtyýar halk. Halkym azatlyga çykdyň. Erkiňe eýe bolduň. Howaňa, topragyňa, dagyňa, deňziňe, ymgyr çölüňe, tüke- niksiz baýlygyňa eýe bolduň. Bu seniň erkana ýaşamagyň üçin, asmanyň abat bolmagy üçin iň möhüm zatdyr. nji gönükme. Berlen mysallardan ilki at sözlemlerini, soňra bolsa sözleri, söz düzümlerini saýlap göçüriň. Daşkent. Mähriban şäher. Gözel paýtagt. Biziň mekdebimiziň göreldeli okuwçylary. Düzmäniň manysy. Ökde. Bäşimiz. Daň säherler. Çagany. Özbegistan Ylymlar akademiýasy. «Derekçi» gazeti. Işeňňir gyzyň taryhyny. Eginleri. Joralaryň duşuşygyndaky. Ekinzarlyk. Çatmalar. «Waharmanlar». «Garrygyzlar». Çaganyň. Garaşsyz Özbe- gistan. Goňşymyň guran täze jaýynyň toýuny. njy gönükme. Alty sany at sözlemini çeper eserlerden ýa-da gazet-žurnallardan tapyp göçüriň. nji gönükme. Özünizden bäş sany at sözlemini düzüp, depderiňize ýazyň. § 41. DOLY WE DOLY DÄL SÖZLEMLERnji gönükme. Deňeşdiriň: Dik çyzygyň haýsy tarapy- ndaky sözlemleriň agzalary ýerbe-ýer? Haýsy tarapyndakylaryň bolsa käbir agzalary galdyrylypdyr? Galdyrylan haýsy agzalar? Olaryň galdyrylmagy sözlemleriň many aňladyşyna täsir edip- mi? ▲ Hemme agzalary öz içinde bolan sözlem doly söz- lemdir. Meselem: Kabul baharyň hoştap günleriniň biri bilen dem alýardy. Al-asmana galan Gün çar tarapy mylaýymlyk bi- len gyzdyrýardy. (G. Kulyýew «Emiriň ilçisi»). ▲ Käbir agzasy galdyrylan, emma onuň barlygy töwe- rekden duýulýan sözlem doly däl sözlemdir. Meselem: Az işleseň, igenç alarsyň, ýatsaň – käýinç. Weý, Oraz jan, asyl bu senmidiň-aý!. Gyssagly işiň barmy? – Ýok, – Ýör onda. Men seni hezilligiň üstünden elteýin. Download 438.92 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling