njy gönükme. Tekstdäki doly däl sözlemleriň galdy- rylan agzalaryny (eýe, habar, aýyrgyç, doldurgyç) tapyň. Olary ýerinde goýup, doly däl sözlemleri doly sözlemlere öwrüň.
– Dänigi gördüňmi?
Göremok-diýdim.
Ýaňja-da bardy-la.
Bilemok-diýdim. (B.Hudaýnazarow).
Smirnow Muhammediň bolup oturyşyny görüp yylgyrdy-da:
Ýeri, Mişa, näme edip otyrsyň? – diýdi.
Pikirlenýärin.
Näme hakynda pikir edýärsiň?
Razwedka hakynda. (K.Işanow «Ýaş watançy»).
–Artyk, sen nähili gürrüň edýärsiň? Bu suwda seniň näme hakyň ýokmy?
Elbetde, ýok. (B.Kerbabaýew «Aýgytly ädim).
Bilegi güýçli birini ýykar, bilimi güýçli – müňüni. (Nakyl).
Bir okana bar, bir-de dokana. (Nakyl).
Ylymsyz bir ýaşar, ýlymly-müň. (Nakyl).
nji gönükme. Doly däl sözlemleri tapyň. Olary doly sözlemlere öwüriň.
– Bally han, sen ýaly baý ogluna gysyklyk gelişmez.
Gepiň tümmek ýeri, meni tüňňerdäýmeseňiz2 at almarsyňyz …
Bar, ugra, eýeri getir!
Getirjek däl! …
Getirmezmiň (?)5
Getirmerin.
Ine, getirmeseň!
Aşyryň gamçysy onuň ýuka dony ýagyrnysyna şarpyl- dap degdi4. (B.K «A. ä.»).
– Sen «Görogly» eposyny okadyňmy?
Bir şahasyny.
Görogly nähili ýigit bolupdyr?
Mert ýigit. («Gazetden»).
Do'stlaringiz bilan baham: |