Türkmen halk döredijiligi
Dessanlar. Nejep oglan 298 Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Dessanlar. Nejep oglan 298 Türkmen halk döredijiligi TÜRKMEN HALK DÖREDIJILIGI BOÝUNÇA TEMALAR WE SORAGLAR 1. Türkmen halk döredijiligi barada umumy maglumat. 2. Halk döredijiligine degişli adalgalary düşündirmek. 3. Halk döredijiliginiň tebigaty we aýratynlyklary: onuň sungat, ede- biýat, taryh, dil, däp-dessur we gaýrylar bilen arabaglanyşygy. 4. Gadym türkmen halk döredijiligi. 5. Türkmen halk döredijiligi we taryhy döwürler. 6. Häzirki zaman türkmen halk döredijiligi. 7. Halk döredijiligini döredýän, saklaýan we ýaýradýan aýdyjylar, ozanlar, bagşylar, ertekiçiler, rowaýatçylar, hafyzlar we beýlekiler barada maglumat, 8. Halky eserleri ýygnamagyň we neşir etmegiň usullary. 9. Türkmen halk döredijiliginiň köp jiltligini neşire taýýarlamak. 10. Halk döredijiligini öwreniş ylmynyň emele gelmegi, ösüş ýollary. 11. B. A. Garryýew – halk döredijiligini öwreniji görnükli alymdyr. 12. A.P. Poseluýewskiniň, A. Sakaliniň, A. Gowşudowyň, Hojaly mollanyň, N. Kürräýewiň halk döredijiligi baradaky işleri. 13. Türkmen halk döredijiliginiň Watançylyk urşundan soňky öwrenilişi. H. G. Göroglynyň, B. Mämmetýazowyň, Ş. Halmuhammedowyň, A. Baýmyradowyň, K. Berkeliýewiň, B. Weliýewiň, G. Ylýasowanyň, G. Geldiýewiň, P. Kiçigulowyň, S. Annanurowanyň, G. Gurbanowyň, D. Muhamowyň, A. Durdyýewanyň, S. Mämmetnurowyň, N. Şükürowyň, H. Goçmyradowyň işlerine häsiýetnama bermek. 14. Garaşsyzlyk ýyllarynyň halk döredijiligi. 15. Halky eserleriň toparlara, kysymlara we žanrlara bölünişi. 16. Şahyrana halky eserleriň esasy aýratynlyklary, žanrlary. 17. Talhynlar aýal-gyzlaryň söýgi hakdaky aýdymlarydyr. 18. «Haraý», «Dönem», «Ýareýjan», «Lollujan», «Kän salam» aýdymlary: many-mazmuny, temalary, çeperçiligi, ýerine ýetirilişi. 299 19. Aýdyşyk aýdymlary: temasy, manysy, ýerine ýetirýän hyzmaty. 20. Tirme aýdymlary: temasgy, manysy, çeperçiligi. 21. Toý aýdymlary: leýeranlar, ýar-ýarlar, öleňler. 22. Küştdepmeleriň ýerine ýetirilişi, çeperçiligi, beýleki žanrlar bilen arabaglanyşygy. 23. Läleleriň many, tema we çeperçilik aýratynlyklary. 24. Monjugatdylar: ýerine ýetirilişi, beýleki žanrlardan tapawudy. 25. Hüwdülerde perzende bolan söýgi. 26. Agylaryň temasy, ýerine ýetirilişi. 27. Däp-dessurlar bilen baglanyşykly şahyrana eserleriň aýratynlyk- lary. Olaryň estetiki we çeşmelik hyzmaty. 28. Nakyllaryň, atalar sözleriniň žanr aýratynlygy, manysy, çeperçiligi. 29. Nakyllaryň temalara bölünişi. 30. Il-ýurt, adamkärçilik, agzybirlik, dostluk hakdaky nakyllar. 31. Matallaryň žanr aýratynlygy, matalyň esasy we manysy. 32. Matallaryň temalara bölünişi, ýerine ýetirilişi. 33. Türkmen çagalar folkloryna degişli žanrlar. 34. Sanawaçlaryň žanr aýratynlygy, çeperçiligi, ýerine ýetirilişi. 35. «Hapyz aga», sanlar hakdaky sanawaçlaryň ähmiýeti, çeperçiligi. 36. Ýaňyltmaçlaryň we tapmaçalaryň terbiýeçilik ähmiýeti, çeperçi- ligi, ýerine ýetirilişi. 37. Türkmen ýomaklary: ýerine ýetirilişi, çeperçiligi, ähmiýeti. 38. Alkyş-dilegler halk döredijiliginiň žanry hökmünde. Olaryň durmuşylygy, many-mazmuny. 39. Yrymlar barada maglumat, olaryň däp-dessur bilen baglanyşygy. 40. Halky kyssalar barada umumy maglumat. 41. Gadym türkmen mifleri: olarda her hili akymlaryň, gowşak durmuşy, hyýaly garaýyşlaryň beýan edilişi. 42. Türkmen efsanlarynyň žanr aýratynlygy, çeşmelik hyzmaty. 43. Efsanlaryň rowaýatlar bilen arabaglanyşygy, klassifikasiýasy. 44. Rowaýatlaryň žanr aýratynlygy. 45. Rowaýatlarda taryhy wakalaryň beýan edilişi. 46. Taryhy şahslar, şahyrlar we aýdym-saz sungaty hakdaky rowaýat- lar. 47. Lukman Hekimiň, Keýmir Körüň, Magtymgulynyň çeper halky keşpleri. 48. Rowaýatlar çeper edebiýatyň çeşmesidir. 49. Hekaýatlarda halk gahrymançylygynyň beýan edilişi. Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling