Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
HALKY KYSSALAR ERTEKILER DURMUŞY ERTEKILER Garybyň çerkeze gidişi Bir bar eken, bir ýok eken, bir giden küren obanyň içinde bir garyp adam ýaşaýan eken. Bu garybyň ýalňyz eşeginden başga işiginde ne towuk- dan, ne itden, ne pişikden ýekeje jandary-da ýok eken. Olar bir öýde aýaly hem gyzy bilen üç jan bolup ýaşaýan ekenler. Garybyň aýaly haly dokama- ga çeper bolany üçin, baýlar ony haly dokatmak üçin günlükçi tutýan eken. Onuň gyzyny bolsa baýyň aýal-lary bäbeginiň sallançagyny üwretmek üçin saklaýan ekenler. Bular şeýdip, ýykma-ýykylma mydar edip ýörkäler, garyp günlerde bir gün pilini, tanapyny alyp, eşegine münüp, çöle çerkez getirmäge gidipdir. Garyp çöle baryp, bir desse çerkez ýygandan soň, içi towlap başlan. Ol bir uly çerkeziň kölegesine baryp, şyrdagyny başyna ýassanyp ýatan dessi- ne uklaýar hem düýş görýär. Düýşünde onuň ýygan çerkezini biri otlaýar. Garyp: «Wah, meniň ýyganja odunymy-da otladylar» diýip, hasyr- dap tursa, odunyny hiç kim otlaman eken. «Meniň odunym bar ekeni» diýip, garyp gözüni ýagşy süpürişdirip, asmandaky Güne seretse, Günüň ýaşmagyna az wagt galan ekeni. Garyp howlugyp, hasyr-husur ýene bir azrak odun ýygyp, Güne seredýär. Şonda onuň on ädim ileri ýanynda bir bölek zada Günüň şöhlesi düşüp, ýalpyldap, garybyň gözüni gamaşdyrýar. Garybyň bu ýaldyraýan zada göwni gidip, onuň ýanyna baryp görse, ol el ýaly altyn bölegi ekeni. Garyp muňa gaty begenip, özüni ýitiripdir, ep-esli wagtlap özüne gelip bilmändir. Garyp soňra özüne gelip, altyny eline alypdyr, ýöne wagt gijigipdir, eýýäm iňrik garalyp gidipdir. Ol: «Şu agşam şu taýda bolsammykam ýa-da öýüme gaýtsam- mykam?» diýip pikir edipdir. Ahyry çölde galmagy ýüregine düwüp, 8 Türkmen halk döredijiligi eşeginem ýanyna getirip daňypdyr, ýyganja odunyndan ot ýakynyp, tapan altynyny hem her daýym bir barlap, gijesini çölde geçiripdir. Ertir irden eşegine düýnki ýygan çerkez odunyny ýükläp, günortanyň öň ýanynda öýüne gelipdir. Oduny düşürip, eşegini daňyp, keýpi kökje işiginden içeri ätlese, öýünde aýaly ýok eken. Aýalynyň baýyň işiginde haly dokaýany ýadyna düşüp, gyzyny derrew onuň yzyndan ýollapdyr. Aýaly ylgaşlap gelenden soň garyp: − Keýwany maňa bir gök çaý demläp ber, özem birneme ajyrak edip demle – diýip, aýalyna buýrupdyr. Aýaly hem derrew onuň getiren odunyndan ojaga atyp, çaý gaý- nadypdyr, ajy edip demläp hem adamsynyň öňünde goýupdyr. Garyp çaý- çöregini iýip-içip oturşyna, aýalynyň ýüzüne bakyp, keýplije gülümsiräpdyr. Aýaly: − Ýeri, kakasy, saňa bu gün näme boldy, seniň keýpiň kök? − diýipdir. Onda garyp: − Näme, meniň keýpim kök bolman, kimiňki bolsun, öňümde gök çaý, saçakda mele-myssyk nan, gapdalymda keýwanym − diýip jogap beripdir. Aýaly ýene: − Sen bu çaý bilen çöregi öňem iýýädiň, ozallar-a munuň ýaly keýpli bolmandyň − diýip aýdypdyr-da, soňundanam: − Eý, Hudaý jan, bize-de bir çallyja geçi ýetirmezmikä? − diýip zeýrenipdir. Onda garyp: − Men oduna giden ýerimden bir tokga altyn tapdym – diýip, mundan artyk syryny saklap bilman aýdypdyr. Aýaly: − Hany, kakasy, getir göreýin − diýip, onuň elinden altyny alyp görüp otyrka, bir doýar-dolmaz, açgöz goňşusy gelip, içerik giripdir. Garyp oňa: − Töre geçiň − diýip, mürähet edipdir. Ol öýüň törüne geçip oturypdyr, saglyk-amanlyk soraşylandan soň, özüne uzadylan çaýy içmäge başlapdyr. Goňşusy çaýy içip otyrka, garyp begenjine aýalyna: − Hany, ýaňky altyny al, goňşam görsün − diýipdir. Garybyň aýaly altyny bada çykaryp berse nädersiň. Goňşusy görse, ynha, bir tokga altyn. Onuň gözleri ýaldyrap gidipdir. Soňundanam: − Sen muny nireden tapdyň? – diýip, gadyrlysyrap sorapdyr. 9 Garyp ilki dymyp oturypdyr. Onda ol ýene sorapdyr. Garyp özüniň çer- keze gidişini jikme-jik gürrüň berenden soň: «Gumda içim towlap çydatmady, onsoň menem şyrdagymy ýassanyp, bir düýp çerkeziň düýbünde gyşardym welin, uka gidipdirin. Şol halatda düýş gördüm» diýse, goňşusy: − Düýşüňde näme gördüň? – diýip, mylaýymsyrap sorapdyr. Garyp: − Düýşümde ýygan çerkezimi otladylar welin, menem «wah» diýip, ýerimden turup, ýyganja odunyma seretsem, odunym duran ekeni, Güne seretsem, Gün ýaşmaga az wagt galypdyr − diýipdir. Garybyň goňşusynyň sabyr käsesi dolup: − Men senden altyny nähili tapanyňy soraýan – diýip, indi bu gezek azymly aýdypdyr. Onda garyp: − Gün irmikä ýa-da gijikdimikä diýip, Güne seretsem, ýerde Günüň şöhlesi düşüp, bir zat ýaldyrap ýatyr ekeni. Baryp görsem, şu altyn − diýip, garyp oňa aýdypdyr. Goňşusy uzak oturman gaýdypdyr. Emma öýüne ýetmän orta ýolda du- rup pikir edipdir: «Men şulardan bir azajyk altyn sorasam, bermezmikäler?». Soň ol yzyna gaýdyp gelip, garyba: − Sen maňa ýaňkyja altynyňdan bir azajyk döwüp bersene − diýipdir. Garyp: − Şol altyna gözüňi dikmesene, sen näme oňa mätäçmi? − diýip gaharlanypdyr. − Malyň dünýä syganok, gallaň − ammara. Sen bolsaň, utanman, meň ýaly pukaradan zat diläp dursuň! Emma açgöz goňşusy: − Sen maňa dynnym ýaljak beräý − diýip, garybyň üstüne abanyp durşuna, onuň elinden altyny alyp, eslisini döwüp: − Goç-goç ogluň bolsun, her haýsyna peri ýaly gyz sataşsyn − diýip çykyp gidipdir. Garyp şol tapan altyny bilen gurplanyp gidipdir. Goňşusy bolsa şol gün öýüne baryp, paltasyny, pilini alyp, eşegine münüp guma çerkez ýyg- maga gidipdir. Ol çöle baryp, iki düýp çerkezi çapyp: «Içim towlaýar» diýip, telpegini başynyň aşagyna goýup, çerkeziň düýbünde gyşarypdyr. Gözüni pugta ýumupdyr. Emma uklap bilmändir. Turup ýene çerkez ýyg- maga başlapdyr. Şeýlelikde, ol it ýaly ýadapdyr. Ol ýene çerkeziň düýbünde gyşaryp: «Indä uklap, düýş görerin» diýip pikirlenip ýatýar welin, ýaňy bir irkilip Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling