Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Halky kyssalar. Durmuşy ertekiler
10 Türkmen halk döredijiligi barýarka, ýakasyndan ýylan girip başlaýar. Ol begenip: «Düýş gördüm» diýip tursa, köýneginiň içinde bir ýylan gezip ýör. Ol ýylandan: −Sen näme üçin meniň içime girýärsiň? − diýip sorapdyr. Ýylan hem oňa: − Sen näme ýalandan «içim towlaýar» diýip, düýş görjek bolýarsyň? − diýip aýdypdyr. Onda ol adam: − Sen bilýärmiň, ýylan! Düýn bir garyp şunuň ýaly ýatyp düýş görüp, gyzyl tapan ekeni − diýipdir. Ýylan: − Ol garyp, onuň içi towlany hak, uklanam, düýş görenem çyn. Sen bolsa ýalan sözleýärsiň. Onsoňam, seniň näme altynyň ýokmy? Sen açgöz adam. Sen tiz şu ýerden göteril, bolmasa, işiňi gaýtararyn − diýip, ýylan ol adama aýdypdyr. Onda ol adam ýylana şeýle diýipdir: − Näme diýsene, ýylan, men şu ýerden altyn alman gitjek däl. Men näme şol garypça ýokmy, artykdyryn hem. Onda ýylan: − Sen gitmeseň, men seni çakaryn − diýipdir. Onda ol adam ýylany gorkuzjak bolýan ýaly sesine bat berip: − Synanyp göräý, eger çakaýsaň özüňe erbet bolar, men seni edil dünýä gelmedik ýaly ederin − diýipdir. Ýylan onuň edil egninden jasladyp alypdyr hem ýakasyndan çykyp, arkaýyn süýnüp gidipdir. Betpäl baý ýylan çakan dessine, ýylana-beýlekä eli degmän, şolbada ýykylypdyr. Bagtyna, onuň guma bulaşyp ýatanyny çölde goýun bakyp ýören çopan görüpdir. Huşuny ýitireňkirlän açgöz baý, çopana özüni ýylan ça- kandygyny zordan düşündirip, egnini, ýylanyň çakan ýerini görkezipdir. Çopan gyssagara oňa ýylan çakanda edil-ýän ähli emi edip, çäkmenine dolap, eşegine ýükläp oba getiripdir. Betpäl baý bu ýaradan ölmändir, ýöne gülmändirem. Ol yrgyldap ýören ysgynsyz mahluga öwrülipdir. Bu waka uly il haýygyp, geň galyp gürrüň edipdirler. 11 Akylly daýhan Gadym wagtda Sapa diýen daýhan oglan bar eken. Bu oglan ekýän ekinlerine örän yhlas bilen sereder eken, şonuň üçin onuň her ýylky alýan hasyly ýere-göge sygmazmyşyn. Ol örän sap ýürekli, hiç kimiň zadyna göz gyzdyrmaýan eken. Günlerde bir gün Sapa ekinlerini suwaryp ýörkä, ýap bilen bir gyzyl alma akyp gelipdir. Daýhan oglan almany suwdan alyp, ony iýip başlapdyr. Ol birdenka: − Be, bu näme boldugy boldy, men bu almanyň eýesinden soraman, ondan rugsat alman, munuň ýarysyny iýäýdim-le − diýip pikir edipdir. Ony Sapa biedeplik saýypdyr we almanyň ýarysyny iýenine gynanyp, onuň eýe- sini razy etmek üçin almanyň akyp gelen ugruna tarap ýabyň boýy bilen gidipdir. Az ýöräp, köp ýöräp, bir bagbanyň üstünden barypdyr. Görse, saçy, sakgaly ap-ak bir bagban gezip ýör eken. Oglan bu adam bilen sag- lyk-amanlyk soraşyp, elindäki ýarty almany görkezip: − Agam, şu alma seniň bagyňdan dälmi? − diýip sorapdyr. Ýasuly alma seredip: − Ýok, inim, bu alma meniň bagymyň miwesinden däl, menden aňyrda meniň agamyň bagy bardyr, bu alma, belki, şonuňkydandyr, şoňa görkez − diýipdir. Sapa ýene-de ýabyň boýy bilen gidiberipdir, ahyry öňünden ýene bir uly bag-bakjalyk çykypdyr. Görse, bagyň içinde saç-gakgaly mäş-bürünç bolan bir bagban suw tutup ýör eken. Sapa bu adam bilen saglyk-amanlyk soraşyp: − Agam, şu alma seniň bagyňdan dälmi? − diýip sorapdyr. Ýaşuly bu almany görüpdir-de: − Ýok, bu alma meniň bagymdan däl, beýlede meniň agamyň bagy bardyr, belki, bu şonuň bagyndandyr − diýipdir. Bu oglan ýene-de ýabyň boýuny syryp gidiberipdir, ahyry öňünden bir uly baglyk çykypdyr. Munuň hem içinde saçy, sakgaly kömür ýaly hüýt gara bir adam ýer depip ýören eken. Sapa bu adamyň ýanyna gelip, saglyk-amanlyk soraşýar-da, elindäki almasyny görkezip: − Agam, şu alma seniň bagyňdan-a däldir-dä? − diýip sorapdyr. Bu adam alma seredip: − Hawa, bu alma meniň bagymdan − diýipdir. Sapa: Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling