Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Halky kyssalar. Durmuşy ertekiler
* 2. Sargyt № 3166 18 Türkmen halk döredijiligi − Onda guşuň erbedi haýsy bolýar? − diýip soraýar. − Guşuň erbedi alahekge bolar, patyşamyz! – diýip jogap berýärler. Patyşa munuň hem sebäbini soranmyşyn, emma olar onuň sebäbini aýdyp bilmänmişler: «Be, bular meniň soraglarymyň jogaplaryny bildiler, emma sebäplerini aýdyp bilmediler, elbetde, bulara bir akylly adam öwre- den bolara çemeli, gel, men bulary sykajaga salaýyn» diýip, patyşa içinden oýlanypdyr-da: − Ýagşy ýigitler, size bu zatlary kim öwretdi? − diýip sorapdyr. − Patyşamyz, biziň özümiz bilýäris. Patyşa: − Ýok, size biri öwredipdir, şuny size kim öwreden bolsa, şony alyp geliň − diýip, olaryň ýanlaryna bir ýasawul hem goşup goýberipdir. Bular hälki çopanyň ýanyna baryp: − Seni patyşa çagyrýar − diýip, özleri bilen alyp gitjek bolupdyrlar. Onda çopan: − How, ýigitler, men bir çopan adam, men kişiniň malyny taşlap gi- dip bilmerin ahyry, ýörüň, mallary eýesine tabşyralyň, ondan soň gideliň − diýipdir. Şondan soň, bular mallary sürüp eltip, eýesine tabşyrypdyrlar we çopany patyşanyň ýanyna alyp barypdyrlar. Patyşa çopandan: − Ýeri, ýagşy ýigit, seniň adyň näme, näme edýärsiň? − diýip sorapdyr. Çopan: − Meniň adym Aýaz, kärim bolsa çopançylyk – diýip, ol jogap berip- dir. Onda patyşa: − Aýaz han, «Adamyň erbedi mahaw, malyň erbedi gatyr, guşuň er- bedi alahekge» diýip, bulara sen öwretdiňmi? − diýipdir. Aýaz: − Hawa, özüm-ä bir zatlar aýdypdym ýöne: «Meniň aýdanymy aýtmaň» diýip tabşyrypdym − diýipdir. Patyşa: − Ol zatlaryň zyýany ýok, ýöne sen ýaňky zatlaryň erbetdiginiň sebä- bini düşündirip biljekmi? − diýýär. Aýaz: − Mahawyň erbetdiginiň sebäbi, ol içýakgyç bolar, iş edende-de, geplände-de bagryňy ýakar. Ony döwletli adamlar görende döwleti ga- çar. Şonuň üçin adamyň erbedi mahaw bolýar. Malyň ýamanynyň gatyr 19 bolýandygynyň sebäbi-de, ol ozal gargyş siňen haýwandyr, özünden hem hiç wagt tohum ýaýramaýar, onuň üçin bolsa gatyr iň erbet mal bolýar. Guşuň erbedi bolsa, alahekge bolýar, çünki ol janawar agzyndan guzlaýar − diýip, patyşanyň soraglarynyň jogabyny pert-pert aýdyp berýär. Patyşa: − Aýaz han, hemme aýdanlaryň dogry. Indi bolsa çarygyňy çykar − diýip, oňa gowy geýimler geýdirip, Aýaz hany özüne wezir edip belleýär. Aýaz hem çarygyny öz ýany bilen alyp, ony hemmä görnüp durar ýaly bir ýerden asyp goýanmyşyn. Günlerde bir gün Aýaz hanyň bir zada gahary gelipdir, birdenem onuň gözi çarygyna düşüpdir. Şonda ol: «Haý-haý, Aýaz han, çarygyňa bakarak bol! Düýn sen-de bir ýönekeý çopandyň, bu günki gün wezir boldum diýip, tumşugyňy al asmana tutuberme» diýip, öz-özüne töwella edipdir. Şondan soň ol heran-haçan gahary gelende çarygyna sere- dip, gaharyny ýuwdarmyşyn, pälinden gaýdarmyşyn. Aýaz hanyň üç sany ogly bolýar, bular okuwly-bilimli bolup ýetişýärler. Patyşa-da bir gün ölýär. Aýaz hany bolsa, onuň ýerine patyşa edenmişler. Aýaz han köp wagtlap adyllyk bilen patyşalyk sürenmişin. Ol indi gaty garranmyşyn. Aýaz han oglanlaryny öz ýanyna çagyryp: − Eý, ogullarym, men indi garrapdyryn. Siz menden näme kömek gerek bolsa alyň-da, köşkden başga islän ýeriňizde ýaşaberiň. Men ölemden soň, sizi patyşa ederlermi, etmezlermi, Hudaý bilsin, gerek bolsa halkyň özi sizi tapar − diýipdir. Şundan soň Aýaz hanyň ogullary atasynyň maslahatyna gulak salyp, gerek harçlaryny hem alyp, başga bir şäherde ýaşamak üçin hoşlaşyp, ýola düşüpdirler. Bular barýarkalar ýolda bir düýäniň yzyny görüpdirler. Iň uly dogany: − Şu düýe erkek eken-ow − diýenmiş. Ortanjysy: − Şu düýe erkek bolsa, guýrugy hem küle bolmaly – diýenmiş. Onda iň kiçileri: − Şu düýe erkek, guýrugy-da küle bolsa, bir gözi hem kör eken-ow − diýenmiş. Bular ýöräberenler. Aňyrrakda bir adamyň yzyny görüpdirler. Uly dogany: − Şu yz aýal adamyň yzy-ow − diýipdir. Ortanjy dogany: − Şu yz aýal adamyň yzy bolsa, öz-ä gaçyp barýan bolmaga çemeli- ow − diýenmişin. Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling