Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty
Download 0.72 Mb. Pdf ko'rish
|
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI
TUTUŞYŇ ŞOWSUZLYKLARYNYŇ
SEBÄPLERI Siriýa we Palestina seljuk döwletiniň hökümdary Täjeddöwle lakamly Tutuş dogany Mälik şa aradan çykansoň, soltanlyk tagty üçin üç ýyllap göreşdi. Şol döwürde Tutuş golastyndaky Siriýa we Palestina ülkelerinden başga-da Yrak, Gündogar we Günorta- Gündogar Anadoly we Azerbaýjan ýaly ülkedir 109 welaýatlary eýeläp, Beýik Seljuk döwletiniň paýtagty Yspyhana ýakynlap gelendigine we soltanlyga ýetmäge bir gün wagta dirändigine garamazdan, tagty eýelemegi başarmady we bu ugurda başyny goýdy. Munuň esasy sebäpleri şu aşakdakylardyr. 1. Tutuş harby güýje eýe döwletiň meşhur we tejribeli iki emiri Akşuňkar bilen Bozana gazaply çemeleşipdir. Şol sebäpli iki emir ilkibaşda mejbury ýagdaýda gysga wagtlyk onuň ýanynda bolupdyrlar we ilkinji pursatda soltanlygyň beýleki dalaşgäri Berkýarygyň tarapyna geçip, özlerini edil azatlyga çykan ýaly alyp barypdyrlar. Şeýlelikde, Tutuş olaryň kömeginden we goldawyndan mahrum bolup, soltanlyk göreşine girişýär. 2. Tutuş güýç ulanyp ýa-da islegleri bilen golastyna alan şäherlerdir galalarynyň, ülkelerdir welaýatlarynyň halkyna käwagtlar örän gazaply darapdyr we şol sebäpli hem ol ýerleriň halkynda Tutuşa bolan ýigrenç döräpdir we ol ülkelerdir welaýatlaryň halkyndan, esasan, goldaw almandyr. 3. Tutuş 50 müňlük goşuny bilen Hemedanda ýaşan döwründe Bagdatdan Yspyhana müň sany atlysy bilen gaýdyp gelýän Berkýarygy Hemedanyň ýakynlarynda örän aňsatlyk bilen öldürip, Seljuk tagtyna kynçylyksyz eýe bolardy. Ýöne ol manysyz hereket edýär. Bir bölek goşun bilen Abakaogly Ýakuby onuň üstüne iberýär, ol bolsa Berkýarygy we onuň ýanyndakylary talamak bilen çäklenýär. 110 4. Tutuş Berkýaryk şazada Mahmyda boýun egýän emirler tarapyndan Yspyhan şäherine goýberilmän ençeme günläp daşarda garaşanda, şeýle hem şähere goýberilenden soň, zyndana taşlanyp gözüne myh çüýlenjek bolanda kuwwatly goşuny bilen Yspyhana ýöriş eden bolsa, ýagdaýy öz eline alyp, soltanlyk tagtynda aňsatlyk bilen oturardy. Tutuşyň bu pursady hem herekete geçmän elden gidermegine nämäniň sebäp bolandygyna düşünmek örän kyn. 5. Paýtagt Yspyhanda ýerleşýän döwletiň ýaragly güýçleriniň serkerdeligini ellerinde saklaýan beýik emirleriň Tutuş ýaly güýçli şahsyýetiň soltan bolmagy bilen häzirki eýeleýän wezipe orunlarynda galma- jakdyklaryna aç-açan göz ýetirýärdiler we Berkýarygyň bolsa özlerini ilkinji orunda goýjakdygyna ynanyp, ony goldaýardylar. 6. Söweş gidýärkä, Berkýarygyň goşunynda aradan üç ýyl geçendigine garamazdan, şadöwletiň emirleridir harbylarynyň arasynda uly täsirli Beýik soltan Mälik şanyň aýratyn sanjagynyň (goşun bölümi), birjik-de ikirjiňlemän Berkýarygyň tarapyna geçmekleri Tutuşyň şowsuzlygynyň esasy sebäbidir. Download 0.72 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling