Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty


FATYMYLAR BILEN BOLAN GÖREŞLER


Download 0.72 Mb.
Pdf ko'rish
bet27/72
Sana01.03.2023
Hajmi0.72 Mb.
#1240202
1   ...   23   24   25   26   27   28   29   30   ...   72
Bog'liq
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI

FATYMYLAR BILEN BOLAN GÖREŞLER 
 
Demirgazyk Siriýany dolandyrmak üçin Beýik 
Seljuk döwletiniň emirleri Süleýmanşanyň, Tutuşyň we 
Müslimiň arasyndaky häkimiýet ugrunda bolup geçen 
çaknyşyklar sebäpli Siriýanyň we Palestinanyň käbir 


92 
şäherlerini we galalaryny basyp almak, iki ýyla ýakyn 
yza çekildi. Ýöne soltan Mälik şa Siriýadan çykyp 
gidenden soň Tutuş 1087-nji ýylyň Gorkut aýynda 
harby herekete girişip şol wagta çenli fatymylaryň 
elindäki Saýda we Beýrut şäherlerini basyp alyp ol 
ýerlere waly belledi. Şeýlelikde, Ortaýer deňziniň 
gündogar kenaryndaky iki sany möhüm port şäheri 
Beýik Seljuk döwletine goşuldy. Beýleki bir tarapdan 
Beýik Seljuk döwletiniň Halap walysy Akşuňkar, 
sebitde tolgunyşyk çykaran Seljuk dikmesi Munkyzy 
maşgalasynyň dolandyrýan Şeýzar sebitine asudalyk 
getiren ýörişinden soň (1088-nji ýylyň Ruhnama aýy) 
Antakyýa degişli bolan, ýöne entegem Wizantiýa 
tarapyndan dolandyrylýan Berzde galasyny eýeläp ol 
ýerdäki Wizantiýa agalygyny ýykdy (1089-njy ýylyň 
Sanjar aýy).
FATYMYLARYŇ GARŞYLYKLAÝYN 
HEREKETI 
 
Tutuşyň Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň 
hökümdarlygyna bellenmeginden soň fatymylar uzak 
wagtlap Palestina we Siriýa täzeden ýöriş etmäge 
çekinipdirler. Hatda olar Beýik Seljuk şadöwletiniň 
dikmeleriniň arasynda bolup geçen gandöküşikli 
çaknyşyklar döwründe hem ady agzalan ülkelere ýöriş 
etmediler. Fatymylar 1079-njy ýyldaky eden harby 
hereketlerinden 10 ýyl geçenden soň, ýagny 1089-njy 


93 
ýylda Palestinany we Siriýany yzyna almak maksady 
bilen täze harby ýörişe girişýärler. Nasyreddöwläniň 
serkerdeliginde iberilen uly fatymy goşuny Ortaýer 
deňziniň gündogar kenarlaryndan süýşüp Sur, Saýda, 
Akka, Beýrut ýaly şäherdir galalary eýelediler, hatda 
Seljuk paýtagty Damasky gabadylar, ýöne bu 
synanyşyk netijesiz tamamlandy. Basylyp alnan ähli 
şäherlerdir galalara fatymylar öz walylaryny we 
goşunbaşylaryny bellediler. Şondan soň fatymy goşuny 
Müsüre gaýtdy. Tutuş Fatymylaryň bu basybalyjylykly 
ýörişleri sebäpli Seljuklaryň elinden möhüm kenarýaka 
şäherleriň gidendigini soltan Mälik şa ilçi iberip habar 
berip, ondan «Halabyň walysy Akşuňkaryň, Urfa 
walysy Bozanyň we Antakyýa walysy Ýagysyýanyň 
fatymylara garşy harby hereketde özüne kömek 
etmekleri üçin ýörite perman ibermegini» haýyş etdi. 
Şol sebäpli soltan atlary agzalan walylara aýry-aýry 
perman 
iberip «Tutuşyň 
ýanyna 
gidip 
onuň 
hyzmatynda bolmaklaryny» buýurdy (1090-njy ýyl). 
Aradan 
köp wagt geçmänkä, Tutuş soltanyň 
permanyna laýyklykda özüne kömege gelen Akşuňkar, 
Bozan we Ýagysyýan bilen bile fatymylaryň soňky 
ýörişinden soň olaryň golastyna geçen we emir Halef 
tarapyndan dolandyrylýan Humus, Yrka we Efamyýe 
ýaly şäherlerdir galalary alyp, olary Seljuk döwletiniň 
içine goşmagy başardy (1091-nji ýylyň Alp Arslan 
aýy). Ondan soň birleşen seljuk goşuny fatymylaryň 
golastyndaky we şol wagtlar Abulhasan ibn Ammar 


94 
tarapyndan dolandyrylýan Trablusşamyň üstüne ýöriş 
edip, şäheri gabady. Emma şäheriň walysy Ibn Ammar 
özüniň Seljuk dikmesidigini öňe sürüp hereket etmegi 
netijesinde, Tutuş bilen beýleki seljuk serkerdeleriniň 
arasynda düşünişmezlik ýüze çykdy we Trablusşamy 
almak meýli başa barmady. Bu wakalar sebäpli Tutuş 
ogluny Yspyhana iberip, aýratynam, Akşuňkaryň özüni 
alyp barşy, onuň nädogry hereketleri barada soltana arz 
edipdir. Şeýlelikde, soltan Mälik şanyň örän uly 
ähmiýet beren fatymylar bilen bolan göreşi orta ýolda 
galýar we fatymylar tarapyndan basylyp alnan 
Siriýanyň we Palestinanyň şäherleridir obalaryny 
«yzyna gaýtaryp almak» hereketi amala aşmaýar.


95 

Download 0.72 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   23   24   25   26   27   28   29   30   ...   72




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling