Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty
SOLTAN MÄLIK ŞANYŇ DEMIRGAZYK
Download 0.72 Mb. Pdf ko'rish
|
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI
SOLTAN MÄLIK ŞANYŇ DEMIRGAZYK
SIRIÝa ÝÖRIŞI WE SOŇKY WAKALAR Demirgazyk Siriýada höküm sürmek ugrunda döwletiň dikmeleriniň arasynda ýüze çykan dartgynlylygy gowşatmak üçin soltan Mälik şa, bu sebite ýörişe taýýarlanmaga başlady. Hususanda Süleýmanşanyň ölümine sebäpkär Tutuşa hat ýollap, gazaply käýedi. Aradan köp wagt geçmänkä, soltan 1086-njy ýylyň Garaşsyzlyk aýynda ýanyna Beýik Seljuk döwletiniň meşhur serkerdebaşylaryndan Porsugy, Bozany, Kasymeddöwle Akşuňkary we Ýagysyýany alyp uly goşun bilen Yspyhandan Halaba tarap ýola düşdi. Şol wagtlar Filaretosyň ogly Seljuk dikmesi Barsama degişli Urfa emirlerden Bozany waly belledi. Şol wagtlar Halap galasyny gaban Tutuş, soltanyň şähere ýakynlap gelýändigini eşidip derrew gabawdan çekilip Damaska gitdi. Onuň ýanyndaky Artyk beg Beýik soltan Mälik şa bilen jet bolandygy üçin onuň bilen söweşmekde gaýduwsyzlyk görkezip 89 Tutuşa «Soltan Halaba gelen badyna yzymyza öwrülip duýdansyz hüjüme geçeliň, olar örän alys ýerden gelýändikleri üçin ýadawdyrlar, şeýlelikde ýeňiş gürrüňsiz biziňki bolar» diýip, ony dogany Mälik şanyň garşysyna öjükdirdi. Emma Tutuş söweş usullarynyň ussady Artyk begiň bu maslahatyny ýerlikli gören-de bolsa almady we «Men tabyn bolan doganyma, Soltanyň abraýyna we güýç-kuwwatyna hiç hili şek ýetirmek islemeýärin. Egerde men şeýle işe baş goşsam, ilkibada meniň özüm iliň gözünden düşerin, günäkär we biabraý bolaryn» diýip, Damaska tarap gitdi. Şol wagtlar Halap galasynyň serkerdebaşysy Selim we şäheriň beýleki emeldarlary, şähere alkymlap gelen soltan Mälik şany garşylap, tabyndyklaryny bildirdiler. Ondan soň soltan, 1086-njy ýylyň Bitaraplyk aýynda Halaba girdi we galany kabul edip, ol ýere ýanyndaky emir Kasymeddöwle Akşuňkary harby waly (şihne), Nuh Türkmeni gala serkerdebaşy, Ibnül Hallany hem depderdarlyk (amyllyk) wezipesine belledi. Dürli pirim bilen iki türkmen goşunynyň söweşmegine sebäpkär şerip Hasany ölüm jezasyna höküm eden hem bolsa, Tutuşyň töwella etmegi bilen ony Diýarbekr galasyna sürgüne iberdi. Soltan Mälik şa Halapdaka ilkibaşda dogany Tutuş bolmak bilen, ähli ýerli arap emirleri oňa ýa özleri gelip, ýa-da ýörite wekiller iberip tabyndyklaryny bildirdiler. Hususanda soltanyň gahar- gazabyny özüne çeken Tutuş oňa iberen ýörite 90 ilçileriniň üsti bilen tabyndygyny bildirip «Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň başynda bolaýynmy ýa-da başga ýere gideýinmi!?» diýen ýaly habar ýollady. Soltan Tutuşy bagyşlady we «Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň hökümdarlygyny dowam etdirmegini» buýurdy. Şeýlelikde, Süleýmanşanyň ölümi sebäpli iki doganyň arasynda emele gelen dartgynlylyk aýryldy. Download 0.72 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling