Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty


IV BÖLÜM  SÜLEÝMANŞANYŇ DEMIRGAZYK SIRIŸÝaDAKY


Download 0.72 Mb.
Pdf ko'rish
bet22/72
Sana01.03.2023
Hajmi0.72 Mb.
#1240202
1   ...   18   19   20   21   22   23   24   25   ...   72
Bog'liq
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI

IV BÖLÜM 
SÜLEÝMANŞANYŇ DEMIRGAZYK SIRIŸÝaDAKY 
 BASYBALYŞLARY 
 
Siriýa we Palestina häkim bolan Tutuş bilen 
Demirgazyk Yragy, Demirgazyk Siriýany öz içine 
alan, paýtagty Mosul emirliginiň hökümdary Müslimiň 
arasynda syýasy we harby dartgynlygyň has-da artan 
döwründe, 1084-nji ýylda Türkiýe Seljuk döwletiniň 
hökümdary Süleýmanşa Antakyýa gidýär. Seljuk-
Wizantiýa göreşiniň çür depesi hasap edilýän Malazgirt 
söweşinden soňky döwürde Wizantiýa bilen gatnaşygy 
doly kesilen Antakyýa şäheri, asly ermeni Wizantiýa 
generaly Filaretosyň golastyndady. Ýöne ol türkmen 
çozuşlary 
netijesinde 
Anadolyda 
Wizantiýa 
häkimiýetiniň çökmesinden peýdalanyp Urfa-Maraş 
arasyndaky ýerleri eýeläp özbaşdak şalyk gurmaga 
synanyşýardy. Bu maksadyny amala aşyrmak üçin hem 
Seljuk 
döwletine hem-de Wizantiýa döwletine 
tabynlyk syýasatyny alyp barýardy. Filaretos ilki 
Antakyýa bolmak bilen, golastyndaky şäherlerdäki 
halka we harbylary örän ýowuz daraýardy, olara zulum 


81 
edýärdi, hatda özüne garşy çykan ogly Barsamany hem 
zyndana taşlatmakdan gaýtmady. Filaretosyň Urfa 
gitmeginden peýdalanan, Antakyýanyň harby walysy 
Ysmaýyl (şihne) (asly türkmen bolmagy gaty ähtimal) 
Barsamy derrew tussaglykdan boşadyp, onuň bilen 
kakasyna garşy birleşip, şäheri Türkiýe Seljuk 
hökümdary Süleýmanşa bermek üçin ony Antakyýa 
çagyrdylar. Süleýmanşa ýerine emir Abulkasymy 
goýup 300 atlyny ýanyna alyp howlukmaç paýtagt 
Iznikden Antakyýa gitdi. Ol şähere häkim bolmak 
isleýän Siriýa we Palestina Seljuk hökümdary Tutuş 
bilen şäherden her ýyl Beýik Seljuk döwletiniň adyna 
salgyt alýan Mosul emiri Müslimiň bu ýagdaýy eşidip, 
öňürder öýdüp, gijesine ýol ýöräp, gündizleri bolsa 
derelerde düşläp demirgazyk-günbatardan günorta-
gündogara tutuş Anadolyny on iki gijede geçip 
Antakyýa ýakynlaryna gelýär. Antakyýa alkymlap 
gelen Süleýmanşa waly Ysmaýyl we Barsama bilen 
gepleşik geçirip, şol döwürde öz atlylary bilen gelip 
goşulan Menjekogly diýen türkmen begi bilen bile 
şäheriň Faris derwezesinden girdi, 1084-nji ýylyň 
Bitaraplyk aýynyň 12-sine şäheri, 1085-nji ýylyň 
Türkmenbaşy aýynyň 12-sine bolsa az-kem garşylyk 
görkezen içki galany aldy. Şeýlelikde, şäheri eýelän 
Süleýmanşa, halka örän gowy çemeleşdi, hiç kimi 
jezalandyrmady we ýesirleri boşatdy. Türkmen 
esgerlerine «Hristian halka örän adalatly çemeleşmek, 
olardan hakyny bermän zatlaryny almagy, öýlerine 


82 
girmeklerini we olaryň gyzlaryny almagy» gadagan 
etdi. Ondan soň ol şäherdäki Kawasyýana kilisesini 
metjide öwürtdi we 1084-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 
17-sine, anna güni 170 azançynyň gatnaşmagynda 
okalan azandan soň köpçülik bolup Juma namazyny 
okady. Süleýmanşa alnan oljalaryň ählisini «Daşary 
çykarman, arzan bahadan bolsa-da şäherde satmagy» 
buýurdy. 
Aýratynam 
hristian 
halkyň 
islegini 
kanagatlandyryp Merýem ene we Azizjerjiýe diýlen iki 
sany kilise gurmaga rugsat berdi. Şäherde birnäçe 
gurluşyk işlerini hem geçirden Süleýmanşa orta 
asyrlarda 
Hristian 
dünýäsiniň 
iň 
mukaddes 
şäherlerinden biri hasaplanýan Antakyýanyň alnyşy 
barada ýörite ilçi tarapyndan hökümdary soltan Mälik 
şa habar iberdi. Muňa örän begenen soltan paýtagt 
Yspyhanda ýeňşi gutlap, baýramçylyk dabarasyny 
geçirdi we buşluk-söýünji dowullaryny çaldyrdy. Şol 
döwrüň meşhur şahyry Muhammet Abywerdi (aradan 
çykan senesi: 1113-nji ýyl) bu ýeňiş bilen 
baglanyşykly 
kasyda 
ýazypdy. 
Süleýmanşa 
Antakyýany alandan soň bu merkeze degişli Bagras, 
Süweýdiýe (Samandagy), Isgenderun, Derbesak, Artas, 
Harym, Telbaşyr, Gazyantep ýaly şäherlerdir galalary 
ýeke-ýekeden basyp aldy. 1085-nji ýylda Süleýmanşa 
tabyn emirlerden Buldajy Elbistan, Göksün, Maraş, 
Behisni, Raban ýaly şäherlerdir galalary eýeläp 
Türkiýe Seljuk döwletiniň araçäklerine goşdy.


83 

Download 0.72 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   18   19   20   21   22   23   24   25   ...   72




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling