Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty
Download 0.72 Mb. Pdf ko'rish
|
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI
III BÖLÜM
TUTUŞYŇ DÖWRI Wezipä bellenmegi, alyp baran işleri we döwlete häkim bolmagy Öň belläp geçişimiz ýaly soltan Mälik şa Atsyz Kair söweşinde ölendir öýdüp, Genje Seljuk walysy Täjeddöwle Tutuşy «dolandyryşy ele alyp, basyp alyşlary tamamlamak» üçin Siriýa häkim belläpdi. Mälik şa oňa öňden bäri taslanylýan «Müsüri we Magryby hem basyp almak» wezipesini ýükleýär (1077-1078-nji ýyllar). Şeýle hem Soltan Tutuşyň tabynlygyna tanymal Seljuk emirlerinden Afşin, Sandak, Demleç ogly Mehmet, Totyogly, Serheňogly, Türkmenogly we Aýtegin ýaly türkmen emirlerini, Seljuk dikmesi Mosul emiri Şerefeddöwle Müslimi berip «Goşunlary bilen bile Tutuşyň golastyna girmeklerini» buýurýar. Soltanyň «Siriýa häkim bellenendigi» buýrugyny alan Tutuş derrew Genjeden çykyp Siriýa ugrady. Ýöne ol Diýarbekir sebitlerine 72 gelende Atsyzyň Kair söweşinde wepat bolmandygyny eşiden dessine ýagdaýy Mälik şa habar berdi. Şol sebäpli soltan ýene bir perman çykaryp Demirgazyk Siriýanyň dolandyrylyşyny türkmenleriň eline bermek üçin Tutuşy bu sebitiň häkimi wezipesine belledi. Soltanyň ikinji permanyny alan dessine Tutuş Demirgazyk Siriýa gelip şol töweregiň ähmiýetli galalaryndan Menbiji eýeledi. Şondan soň özüne goşulan Müslim bilen Mirdasogullary emiri Sabygyň golastyndaky Halabyň «özüne tabşyrylmagyny» talap etdi. Ol talabynyň ret edilendigi üçin şäheri gabady (1078-nji ýyl). Ýöne ýanyndaky Müslimiň öz milletinden bolan Sabyga garşy çynlakaý söweş alyp barmazlygy, hatda onuň bilen Tutuşyň garşysyna gatnaşyk etmegi netijesinde Halap üç aýlap gabawda saklansa-da alnyp bilinmedi. Ahyrsoňunda, Müslimiň ikiýüzlülügini ýüze çykaran Tutuş ony ýanyndan kowdy. Şeýlelikde, Müslim, goşunyny alyp Mosula gitmek üçin Seljuk goşunyndan aýryldy. Hatda ol ýanyndaky azyk-owkatlary we ýarag enjamlaryny Halaba Sabyga ibermekden hem çekinmedi. Şeýle hem Müslim Tutuşyň goşunyndaky beýleki araplary Sabygyň tarapyna geçmäge yrdy. Bulardan başga-da Tutuşa ýarag we azyk kömegini alyp gelýän Türkmen begini talatdy. Müslimiň ikiýüzliligi üçin goşuny azalandan soň Tutuş Halabyň gabawyndan çekilip Diýarbekir töweregine geldi. Şol wagtlar Müslim Tutuşa garşy Diýarbekir Merwanogullary emiri bilen 73 dil birikdirdi. Tutuş bu hadysalary Mälik şa ýetirýär. Köp wagt geçmänkä, Tutuşyň ýanyndaky emir Aýtegini ýanyna çagyryp, «bolup geçen wakalar we Müslimiň özüni alyp barşy» hakynda maglumat aldy (1078-1079-njy ýyllar). Şeýlelikde, Tutuşyň ilkinji synanyşygy başa barmady. Ol Diýarbekir töwereklerinde gyşlap, ýaz çykan dessine Demirgazyk Siriýa ýöredi. Ýöne bu gezek ol öňki edişi ýaly etmän, sebitdäki galalara hüjüm etdi; aradan köp wagt geçmänkä, Menbiji täzeden eýeledi we Faýa, Deýr, Buzaga, Azat, Jibrin, Kurastaýa galalaryny alyp ol ýerlerde öz esgerlerini goýdy. Özüne garşy çykan Kilabogullary taýpasynyň goşuny bilen hem çaknyşdy. Onuň yzyndan bolsa Tutuş, ikinji gezek Halaby gabady. Ýöne şol wagtlar Fatymylaryň gysajyna düşen Atsyzyň çagyrmagy bilen, gabawy aýryp ýanyna meşhur türkmen emiri Afşin begi alyp Damaska hereket etdi. Gysga wagtyň içinde, öň beýan edişimiz ýaly, Atsyzy ýok eden soň, Damaska şeýle hem Siriýanyň we Palestinanyň ähli şäherlerdir galalaryna aňsatlyk bilen eýe boldy (1079-njy ýyl). Damaskdaky döwlet hazynasyny haýryna geçiren Tutuş, galalardaky we diňlerdäki esgerleriň ýerine öz esgerlerini goýdy. Ondan soň ol ser-sepil güne düşen Damask halkyny adyllyk bilen dolandyrmaga başlady, diwarlaryň ýykylan ýerlerinde abatlaýyş işlerini geçirdi, täze-täze ymaratlar gurmaga başlady, ýollaryň we düşelgeleriň howpsuzlygyny gorady, söwda kerwenleri hereket 74 edip, ekinler ekdirdi. Şeýlelikde, asuda durmuşyna gowşan şähere göçüp gidenler gaýdyp geldi. Aradan köp wagt geçmänkä, bir bölek goşun iberip Palestinanyň paýtagty Iýerusalimi Atsyzyň naýyplaryndan aldy, şeýle hem Palestinanyň beýleki şäherleridir galalary Tutuşa tabyn boldular. Şunlukda, öň Gurly beg tarapyndan Palestinada esaslandyrylan kiçeňräk türkmen begligi, Atsyz tarapyndan Siriýadaky we Palestinadaky şäherlerdir galalaryň basylyp alynmagy bilen Siriýa we Palestina Seljuk döwletine öwrüldi, bu döwletiň başyna bolsa Seljuk asylzadasy Tutuş geçdi. Siriýa we Palestina Seljuk döwleti, Beýik seljukly döwletine tabyndy we döwleti esaslandyran Atsyz döwründe bu ugurda hiç hili mesele ýüze çykarmady. Ýöne soltan Mälik şa aradan çykýança (1092-nji ýyl) Mälik derejesini göteren Tutuşyň 1085-nji ýyldan bäri özüne tabyn — Artyk we Mosulyň emiri Müslim bilen gizlin gatnaşyk edendigi bellidir. Bular ylalaşyk baglaşyp, sünni Bagdat halypalygy bilen gatnaşygy bes edip, şaýy Müsür fatymy halypalygyna birleşmegi karar edýärler. Bu ylalaşyk durmuşa geçmedik hem bolsa ol döwürdäki Türkmen-Yslam älemi üçin hakykatdan-da üýtgeşik bir ýagdaýdy. Bu ylalaşyga laýyklykda, Tutuş özüniň tabyn bolan Beýik seljukly döwletiniň däl, eýsem şaýy Müsür fatymy halypalygyna bagly ýaňy esaslandyrylan syýasy gurluşyň Beýik Soltany bolmaklyga razy boldy. Ýöne 75 bu ylalaşyklar kagyz ýüzünde galdy, Tutuş hiç wagt özüniň tabyn bolan Beýik Seljuk döwletine garşy haýsydyr bir harby hereketi gurnamady we soltan Mälik şa bolan tabynlyk derejesini bozmady. Bu bileleşik, ony esaslandyranlardan biri bolan Müslimiň Süleýmanşa tarapyndan çym-pytrak edilmegi we öldürilmegi bilen öz-özünden dargap gitdi. Download 0.72 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling