Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty
FATYMYLARYŇ GARŞYLYKLAÝYN
Download 0.72 Mb. Pdf ko'rish
|
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI
FATYMYLARYŇ GARŞYLYKLAÝYN
HEREKETE GEÇMEGI WE ATSYZYŇ SOŇY Wezir Bedr Jemalyň hyzmaty bilen kyn günlerini yzda galdyran fatymy döwleti, öňki ülkeleri Palestinany we Siriýany gaýtaryp almak üçin 63 synanyşdy. Fatymy goşun serkerdesi Nasyreddöwle 1077-1078-nji ýyllarda ýöriş edip, Damasky gabamaga synanyşan hem bolsa üstünlik gazanyp bilmedi. Aradan iki ýyl geçenden soň (1079-njy ýylyň Garaşsyzlyk aýy) ýene-de Nasyreddöwläniň serkerdebaşylygynda arap, türkmen we berberi taýpalaryndan düzülen uly bir fatymy goşuny, Palestinany basyp alansoňlar paýtagt Damasky gazaply gabadylar. Emir Atsyz san taýdan agdyk fatymy goşunyndan şäheri goramakda kynçylyk çekýärdi. Şol sebäpli ol Halaby gabap ýören Tutuşa habar iberip gyssagly kömek sorady we oňa «Şäheri bermäge söz berdi». Bu habary alan Tutuş goşuny bilen bile gyssagly Damaska ugrady. Tutuşyň kömege gelýändigini eşiden fatymy goşuny gabawy terk edip, Müsüre çekilmäge mejbur boldular. Tutuş hä diýmän ýetip geldi we şäheriň alkymyndaky otlukda özüni garşylan Atsyz bilen bile Damaska geldi. Ýöne Tutuşy kömege çagyranyna puşman eden Atsyz, şäheri oňa bermejek bolup dildüwşik gurady. Muny aňan Tutuş Atsyzy we onuň doganyny tussag etdirdi, aradan köp wagt geçmänkä-de ony ýaýynyň kirşi bilen bogup öldürtdi. Siriýanyň we Palestinanyň köp bölegini zabt eden we bu ýeňişleri üçin Şöhratly patyşa lakamyny alan Atsyz Seljuk şadöwletiniň beýik, meşhur we tejribeli emirlerinden biridi. Ol Seljuk maşgalasyndan gelip çykan oguzlaryň kynyk taýpasyndandy we şol 64 sebäpli nesilşalygyň agzalary jezalandyrylyp öldürilende ulanylýan, öz ýaýynyň kirşi bilen bogup öl- dürmek arkaly jezalandyrylýar. Mälik Atsyz golastyndaky ýurtlaryň halkyny elmydama adyllyk bilen dolandyrypdyr, agyr salgytlary azaldypdyr ýa-da bütinleý diýen ýaly ýatyrypdyr, halkyň parahat we bol- elinlikde ýaşamagy üçin örän köp güýç-gaýrat sarp edipdir. Ölenden soň hazynasyndan gymmatbahaly daşlar, lagl-jöwherler, 10 müň altyn we ýüzüne 200 altyn çaýylan eýer çykypdyr. Download 0.72 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling