Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty
Download 0.72 Mb. Pdf ko'rish
|
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI
MÜSÜR ÝÖRIŞI
Emir Atsyz 1071-1076-njy ýyllarda Askalandan we Ýafadan beýleki Siriýanyň we Palestinanyň ähli şäherdir galalaryny alyp ol ýerdäki fatymy 59 häkimiýetini ýykdy. Indi ol özüniň gulluk edýän Beýik Seljuk döwletiniň Müsüri basyp almak we fatymy döwletini ýykmak niýetini amala aşyrmak üçin harby ýörişe taýýarlyk görüp başlady. Şol wagtlar Ildeňizogly diýlen türkmen emiri esgerleri we hazynasy bilen wezir Bedr Jemalynyň yzarlamalaryndan gaçyp, Atsyza goşuldy. Atsyz harby taýýarlyk geçen 5-6 müňlük goşuny bilen 1076-njy ýylda Müsüre ýörişe çykdy. Ol Ildeňizoglunyň maslahatyna görä, Müsüriň serhetdäki Ryf şäherini 50 günläp gabawda saklap, ahyrsoňy zabt edip aldy. Şol döwürde wezir Bedr Jemal goranyş çärelerini geçirip ýetişdi. Şol wagtlar Atsyzyň goşunyndan atlylary bilen bölünip aýrylan Kelbogullary taýpasynyň serdary Bedr Jemala goşuldy. Bulardan başga-da Şökliniň kakasy agtygy bilen Tabaryýa söweşinden soň Müsürde gizlenipdiler. Emir Atsyz 1077-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynda Müsür serhedini geçip Kairiň ýakynlarynda karargähini gurdy. Şol döwürde Bedr Jemal müň atlyny seljuk goşunlarynyň üstüne duýdansyz hüjüm etmek üçin iberen hem bolsa, Müsürliler ýeňlip gaçdylar. Bu ýagdaýdan örän gorkan we aljyran Kairiň halky halypanyň saraýynyň öňünde toplanyp halypadan «Gyssagly çäreler geçirmegini» talap etdiler. Şol bir wagtyň özünde halypa Mustansyr, wezir Bedr Jemaly we beýleki döwlet adamlary, fatymy goşuny ýeňilse Isgenderiýä gaçmak üçin taýýarlyk görüp başladylar. Bu ýagdaýy duýan halk köpçüligi köşgüň öňünde 60 bidüzgünçilik etdiler. Tolgunyşygy ýatyrmak üçin halypanyň adyndan köşkden berlen beýannamalarda «Halypanyň hiç wagt Kairden gitmejegi, mukaddes kitaplarda, gündogardan gelen hiç bir kowmuň Müsüri almajagy ýazylandygy, şol sebäpli ýeňşiň elmydam fatymylaryň tarapynda boljakdygy» aýdylýardy. Şeýle etmek bilen halk köpçüligi az-kem köşeşdirildi. Bedr Jemaly bolsa sudanly esgerler hem goşulan uly goşuna baş bolup Atsyzyň goşunynyň garşysyna söweşe taýýar bolup durdy. Atsyz söweş mejlisini geçirip ýagdaýy serkerdeleri bilen maslahatlaşdy. Tejribeli serkerdeler «goşun sanynyň azlygy sebäpli söweşden gaça durmaly» pikirini öňe sürdiler, ýöne ýaş serkerdebaşylar muňa garşy çykyp «söweşe hökmany suratda girmeli» diýen pikiri goldadylar. Ahyrsoňunda söweş etmek karar edildi. Aradan köp wagt geçmänkä, san taýdan agdyk fatymy goşuny bilen Kairiň ýakynlarynda söweş başlady. Aldym-berdimli söweş gidip durka, Şökliniň kakasynyň we oglunyň geçiren gepleşikleri netijesinde Seljuk goşunyndan 700 sany türkmen atlysy fatymylaryň tarapyna geçdi. Sanlary azalan Atsyzyň goşunlary yza çekildiler. Şol pursatda Kelbogullary tiresiniň serdary Bedr hüjüme geçip Seljuk goşunynyň karargähini otlady. Şunlukda, Atsyzyň goşun hatarlary bozuldy we aljyraňňylyk ýüze çykdy. Çaknyşykda köp sanly seljuk esgeri gyryldy, goşun karargähinde galan baýlyklar fatymylar tarapyndan talandy. Emir Atsyz we käbir 61 serkerdebaşylar az sanly esger bilen kynlyk bilen söweş meýdanyndan çykyp gitdiler. Download 0.72 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling