Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty
MÜSÜR ÝÖRIŞINDEN SOŇRA DÖWLETIŇ
Download 0.72 Mb. Pdf ko'rish
|
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI
MÜSÜR ÝÖRIŞINDEN SOŇRA DÖWLETIŇ
SARSMAGY Söweşde derbi-dagyn bolup gaçyp gaýdan Atsyz we serkerdebaşylary özlerine garşy pitne çykarma ýagdaýyna geçen Gazza we Remle şäherleriniň üsti bilen paýtagt Damaska geldiler (1077-nji ýylyň Baýdak aýy). Şäheriň halky we tanymal adamlary olary uly dabara bilen garşyladylar hem-de gynanç bildirdiler. Kair ýeňlişinden soň Palestinanyň we Siriýanyň ençeme şäherleridir galalaryny dolandyran asly arap ýokary harby derejeli serkerdebaşylar we mülk dolandyryjylary Atsyza garşy aýaga galdylar, metjitlerde şaýy hutbasyny okatmaga başlap ýene «Müsür fatymy halypalygynyň agalygyna girendiklerini» resmi taýdan yglan etdiler. Şeýlelikde, Atsyzyň bu welaýatlary basyp almak üçin bitiren ähli syýasy we harby işleri biderek ýalydy. Siriýa we Palestina Seljuk döwletini düýpli sarsdyran bu söweş gysga wagtda az sanly esger bilen basylyp alnan Siriýada we Palestinada sözüň doly manysynda Seljuk häkimiýetiniň gurulmandygyny ýüze çykardy. Indi, emir Atsyzyň öň basyp alan topraklary, oňa täzeden garaşýan ýalydy. Emir Atsyz Soltan Mälik şanyň buýrugyna laýyklykda özüne kömege gelen 3 müňlük 62 türkmen atlysy bilen gyssanmaç herekete geçip Iýerusalimi pitneçileriň elinden aldy we olary aýylganç jezalandyrdy. Soň Remle, Ariş, Ryf, Ýafa we beýleki şäherlerdäki pitneçileri hem boýun egmäge mejbur edip, bu topraklary täzeden golastyna aldy. Aradan esli salym geçenden soň Atsyz halypa Muktedi Biýemrilla we Soltan Mälik şa ýörite ilçi iberip «Müsüre täzeden ýöriş etjekdigini» habar berdi. Ýöne Atsyz Kairde şehit bolandyr öýden Soltan Mälik şa, şol wagtlar Genje walysy bolan dogany Tutuşy Siriýa we Palestina Seljuk hökümdary edip belledi. Bu habary eşiden emir Atsyz Soltana iberen ýörite hatynda «Äden haýsy ýalňyş ädimim, eden haýsy ýalňyş hereketim üçin Tutuş meniň ýerime Siriýa hökümdar bellendi? Men soltanyň sadyk guludyryn we naýybydyryn; şadöwletiň hazynasy üçin her ýyl yzygiderli 30 müň altyn iberýärin» diýýär. Bu haty okap gören Soltan Siriýa ugran Tutuşa ikinji bir perman ýollap «Atsyzyň golastyndaky Siriýa we Palestina topraklaryna girmezligi, ýöne Halap we onuň töwereklerinde hereket etmegini» tabşyrýar. Download 0.72 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling