Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty
Download 0.72 Mb. Pdf ko'rish
|
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI
DAMASKYŇ ZABT EDILMEGI
Emir Atsyz Iýerusalim, Tabaryýa, Trablus, Şam, Sur, Akka ýaly Palestinada we Siriýada ýerleşýän uly şäherleri basyp alyp Siriýa we Palestina Seljuk döwle- tiniň araçäklerini giňeltdi. Emma Siriýanyň ähmiýetli şäheri Damaskda (Şam) gowşak hem bolsa fatymy häkimiýeti höküm sürýärdi. Ilkibaşdan şäheri döwletine goşmagy maksat eden emir Atsyz 1070- 1071-nji ýyldan bäri Damasky yzygiderli gabap töwereklerini täsirinde saklaýardy. Şol sebäpli fatymy kömegini almaýan şäheriň goranyş güýji gowşady, ykdysady düzgüni bozulyp, ýaşaýyş şertleri örän agyrlaşdy. Emir Atsyz bu ýagdaýlardan peýdalanyp 1075-nji ýylda şäheri çynlakaý gaban hem bolsa, ýene- de üstünlik gazanyp bilmedi. Ýöne aradan köp wagt geçmänkä, halkyň we esgerleriň bir bölegi herekete geçip, waly Mugallany wezipesinden agdardylar we onuň ýerine Razyýeddöwle Intisar waly edilip bellenil- di; şäherde Atsyza garşy giň möçberde aýgytly goranyş çäreleri geçirildi. Şeýle-de bolsa täze waly, şähere garşy Atsyzyň geçiren çärelerini aýryp bilmedi. Damaskyň ýagdaýy ýene öňküligine galdy. Şäherde açlyk ýüze çykdy. Şäheriň ýagdaýy bilen habarly Atsyz wagt ýitirmän, herekete geçip şäheri gabady (1075- 58 1076-njy ýylyň Nowruz-Gurbansoltan aýlary). Atsyz şäherde nähak ýere gan dökülmegini islemedi we waly Intisara habar iberip «Şäheri uruşsyz, parahatçylykly ýol bilen tabşyrmaklaryny» maslahat berdi. Garşylyk görkezmegiň netijesizdigine göz ýetiren waly şäheri we galany Atsyza bermäge mejbur boldy (1076-njy ýylyň Oguz-Gorkut aýlary). Şäheriň baş metjidinde anna güni Apbasyly halypasy Muktady Biýemrilla we Soltan Mälik şanyň atlaryna hutba okaldy. Şeýlelikde, Siriýanyň bu ähmiýetli şäheri hem Siriýa we Palestina Seljuk döwletine goşuldy. Döwletiň paýtagty Iýerusalimden Damaska geçirildi. Emir Atsyz, ençeme ýyl bäri gabawda saklan şäherini açlyk-horlukdan alyp çykmak üçin birnäçe çäreler geçirdi. Ol wagt ýitirmän goňşy etraplardan şähere köp mukdarda azyk önümlerini getirtdi we daýhanlara tohum paýlap « Derrew ekişe başlaň» diýip buýurdy. Bulardan başga- da şäheri we onuň töweregini, aýratynam düşelge ýerlerini abatlatdy. Şeýlelikde, geçirilen çäreler netijesinde, şäheriň bazarlarynda harytlaryň bahalary arzanlady, halk rahat dem alyp, öň şäherden göçüp gidenler gaýdyp gelmäge başladylar. Download 0.72 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling