Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty
Download 0.72 Mb. Pdf ko'rish
|
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI
- Bu sahifa navigatsiya:
- IÝERUSALIMIŇ ZABT EDILMEGI
II BÖLÜM
EMIR ATSYZYŇ DÖWRI Müsür fatymy döwletiniň golastyndaky Siriýanyň we Palestinanyň üstüne edilen ýörişler emir Atsyzyň döwründen başlaýar. Atsyz esgerlerini ruhy taýdan besläp, harby hereketine başlady hem-de Siriýadaky, Palestinadaky fatymy häkimiýetini ýykdy. Ol Seljuklar tarapyndan basylyp alnan we Palestinada gurlan kiçeňräk Türkmen begliginiň serhetlerini giňeldip uly döwleti esaslandyrdy. Onuň bu uly möçberli harby ýörişlere başlamagynyň sebäpleri şeýleräkdir: 1) Beýik seljuk döwletiniň Siriýa, Müsür we Atlantik ummanyna çenli bütin Demirgazyk Afrikany basyp almagy göz öňünde tutmagy; 2) Palestina topraklaryndaky ýaşaýyş üçin agyr şertler sebäpli ol ýere ýerleşen köpsanly türkmen taýpalarynyň ykdysady taýdan kynçylyk çekmekleri; 3) Syýasy, ykdysady durmuş taýdan çöküp barýan Müsür-fatymy döwletiniň Siriýa we Palestinadaky häkimiýetleriniň örän gowşamagy; 51 4) Emir Atsyzyň öň Gurly beg bilen bile söweş hereketlerini alyp baran mahallarynda harby kuwwatyň fatymylarda däl-de özlerindedigine göz ýetirmegi. IÝERUSALIMIŇ ZABT EDILMEGI Gurly beg aradan çykandan soň Palestinadaky türkmen begliginiň başyna geçen Atsyz fatymylara tabyn Palestinanyň merkezi hasap edilýän Iýerusalim şäherini gabady. Şäherde ady bize näbelli bolup galýan asly türkmen fatymy walysy bar eken. Bu şäheriň mukaddesdigi, aýratynam walynyň öz milletinden bolandygy, ony şäheri zabt etmeden öň şäheriň walysyna hat ýazyp «Bu mukaddes şähere garşy söweşmegimi Taňry oňlamaz, şol sebäpli şäheri maňa tabşyr» diýdi. Örän kyn ýagdaýda galan waly Atsyza «Men hem siziň ýaly türkmen, sizden şäheri hiç wagt goramaryn. Ýöne maňa, maşgalama, baýlygyma degmejekdigiňize kepil geçseňiz şäheri häziriň özünde size tabşyryp hyzmatyňyza duraryn» diýýär. Şunlukda, Atsyz walynyň isleýşi ýaly oňa kepillendirme we käbir ýerleriň dolandyrylyşyny hem ykta (dirilik) hökmünde berdi. Aradan köp wagt geçmänkä, şähere giren emir Atsyz «Halka degmejekdigi» barada jar çekdirdi, şäheriň metjitlerinde Apbasy halypasynyň we seljuk soltanynyň adyna hutba okatdyrdy (1071-nji ýylyň ahyrlary). Atsyz şäherdäki hiç bir zada el degirtmedi, ýüze çykaýjak bidüzgünçilikleriň öňüni almak üçin 52 sakçylar goýdy. Şäheriň halky Atsyzyň adyllygyndan razydylar. Atsyz kiçiräk türkmen begliginden Beýik Seljuk döwletine tabyn mäliklik derejesine ýetiren döwletiniň paýtagtyny Remleden Iýerusalime geçirdi. Download 0.72 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling