Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty


EMIR AFŞIN WE SANDAK DEMIRGAZYK


Download 0.72 Mb.
Pdf ko'rish
bet8/72
Sana01.03.2023
Hajmi0.72 Mb.
#1240202
1   ...   4   5   6   7   8   9   10   11   ...   72
Bog'liq
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI

 
EMIR AFŞIN WE SANDAK DEMIRGAZYK 
SIRIÝaDA 
Beýik Seljuk döwletiniň meşhur serkerdebaşylary 
emir Afşin, Kümüştegin, Ahmetşa we beýleki seljuk 
emirleri Myrat we Tigr derýalarynyň kenarlaryndan 
Eljezire 
sebitlerine 
gelip, 
Ergany 
we 
Nizip 
töweregindäki käbir Wizantiýa galalaryny eýelediler, 
Nusaýbini bolsa gabadylar. Afşin ýörişini dowam edip, 
Ýewfrat derýasyndan geçip Adyýamana we onuň 
töweregine 
çozdy. 
Wizantiýanyň 
serhetdäki 
serkerdebaşysy Aruandanosa örän güýçli zarba urdy 
we ep-esli ýesir aldy. Emir Afşin we beýleki seljuk 
emirleri ýörişden örän köp oljadyr ýesir alyp, ýeňiş 
bilen Ahlata dolanyp geldiler (1066-1067-nji ýyllar). 
Afşin bu ýerde Kümüştegini bir zadyň üstünde 
dawalaşyp öldürdi. Ol Alp Arslanyň meşhur 
goşunbaşysyny öldürendigi üçin onuň gazabyndan 
gorkup, golastyndaky türkmen atlylaryny ýanyna alyp 
Ahlatdan çykyp, günbatara tarap çozuş etdi. Orta 
asyrlarda Garadag diýlip atlandyrylan häzirki Amanos 
daglarynda karargähini guran emir Afşin bir bölek 
goşun iberip, Gazyantebiň demirgazyk-günbataryndaky 
Dülügi basyp aldy, ýene bir bölek goşuna bolsa 
Antakyýa töwereklerini çapawullatdy (1067-nji ýylyň 


37 
Alp Arslan aýy). Ondan soň Afşin demirgazykda 
Malatyýa töwereklerinde bir bölek Wizantiýa harby 
güýjüni derbi-dagyn etdi, günbatara tarap hereketini 
dowam etdirip, Kaýsaryýany az wagtlyk eýeläp talady 
we 
Toros 
hem-de 
Amanos 
daglaryny 
aşyp, 
Demirgazyk Siriýa geldi. Ol Anadolydan alan 
oljalaryny uly söwda merkezi — Halabyň bazarlarynda 
satdy (1067-nji ýylyň ahyrlary). Ep-esli wagtdan soň 
Halapdan çykyp giden Afşin 1068-nji ýylda täzeden 
Antakyýa we Halap sebitlerine çozdy, hatda bir gezek 
Antakyýanyň Wizantiýa walysyndan 100 müň altyn 
salgyt we söweş enjamlaryny aldy. Şol döwürde soltan 
Alp Arslan oňa ýörite hat iberip, «Anadolyda gazanan 
ýeňişleri üçin günäsiniň geçilendigini» mälim etdi. 
Haty alan Afşin soltana goşulmak üçin ähli goşunyny 
ýanyna alyp, Demirgazyk Siriýadan çykdy (1068-ni 
ýylyň Gurbansoltan aýy). 
Soltan Alp Arslanyň tabşyrygy we Emir Sandak 
(Sunduk) we beýleki seljuk emirleri Anadolyda 
söweşýärdi. Sandak türkmenlerden ybarat atly goşuny 
bilen 1063-nji ýylyň ahyrlarynda demirgazyk Siriýa 
gelip, Halap, Magarratun-Nugman, Hama we Humus 
sebitlerine çozdular. Halap Mirdasogullary emiri 
Mahmytdan salgyt we beýleki gymmat bahaly 
sowgatlar alan Sandak gyşy ol ýerde geçirip, 
çozuşlaryny dowam etdirmek üçin Anadola gitdi 
(1070-nji ýylyň ortalary). Şeýlelikde, Demirgazyk 
Siriýanyň geljekde Seljuk hökümdarlygyna girmegine 


38 
oňaýly täsir etjek harby hereketi üstünlikli 
tamamlandy.

Download 0.72 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   4   5   6   7   8   9   10   11   ...   72




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling