Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty


Download 0.72 Mb.
Pdf ko'rish
bet6/72
Sana01.03.2023
Hajmi0.72 Mb.
#1240202
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   72
Bog'liq
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI

HARUN-MAHMYT BIRLEŞIGI 
Demirgazyk Siriýada bolup geçýän syýasy 
wakalary ölçerip döken Harun indi Atyýä garşy Halap 
Mirdasogullary 
emirligine 
hökümdar 
bolmagy 
ýüreginde besleýän Mahmyt bilen gatnaşyk açyp, onuň 
bilen şertnama baglaşdy, köp wagt geçmänkä-de oňa 
goşuldy. Bu ýagdaýdan göwnühoş Mahmyt Harun 
bilen bile Halaby almak üçin taýýarlyk görmäge 
başlady. 
Mahmyt 
bilen 
Harun 
kilabogullary 
taýpasyndan hem gelip goşulan goşuna baş bolup, 
Atyýä garşy söweş hereketlerine başladylar we Atyýä 


32 
Halabyň 
demirgazygyndaky 
Merjidabygyň 
töwereklerinde ýeňdiler (1065-nji ýylyň Magtymguly 
aýy). Bu ýeňişden soň Mahmyt bilen Harun Halaba 
gaçan Atyýäniň yzyndan kowdular we şäheri 
gabadylar. 102 günläp dowam eden gabawdan soň, 
Atyýe Mahmyda çapar ýollap, «Harun we oguzlar 
şähere girmese, şäheri bermäge razydygyny» habar 
berdi. Mahmyt hem doganoglanynyň şertini kabul etdi 
we şähere girip, häkimiýetini yglan etdi (1065-nji 
ýylyň Alp Arslan aýy). Haruna we türkmenlere şähere 
girmäge rugsat bermedi, ýöne olara Halabyň 
günortasyndaky Magarratun-Nugmany mülk ýer berdi. 
Şeýlelikde, atlylary bilen Magarratun-Nugmana gelen 
Harun ol ýeri adyllyk bilen dolandyrmaga başlady 
(1065-nji ýylyň Ruhnama aýy). Şol döwre degişli 
çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, türkmenler ol 
ýerde birjik-de talaňçylyk etmändirler, gerek bolan ähli 
azyk-owkatlaryny satyn alypdyrlar, hatda ol ýerde suw 
ýetmezçiligi edendigi üçin mallaryny pul berip suwa 
ýakypdyrlar. Harun emir Mahmyda bu ýeriň ýaşaýşa 
amatly däldigi üçin başga bir boş ýer bermegini haýyş 
edipdir. Ol bolsa türkmenlere, bize näbelli bolup 
galýan ýaşaýşa amatly bir ýeri mülk beripdir. 
Harun goşulandan soň örän güýçlenen Mahmyt 
doganoglany Atyýäniň Halabyň üstüne eden ähli 
hüjümlerini aňsatlyk bilen yzyna serpikdiripdir. 
Şeýlelikde, ol Halap Mirdasogullary emirliginiň iň 
güýçli häkimine öwrüldi. Özüne tabyn emir 


33 
Mahmydyň Harun bilen birleşmegini üns bilen 
synlaýan Müsür-Fatymy halypasy Mustansyr oňa bir 
hat iberip, Wizantiýa topraklaryna gazawata gitmegini, 
aýratynam Harun we oguzlar bilen bolan gatnaşygyny 
kesmegini, 
olary 
Halabyň 
töwereginden 
uzaklaşdyrmagy tabşyrýar (1066-gjy ýylyň Bitaraplyk 
aýy). Emir Mahmyt halypanyň iberen hatyna ýazan 
jogabynda «Harunyň we oguzlaryň özünden has 
güýçlüdiklerini, şol sebäpli olary Halabyň töwe-
reginden kowup çykaryp bilmejekdigini, ýöne olary bu 
ýerden uzaklaşdyrmak barada gutarnykly buýruk 
berilýän bolsa, onda özüne uly goşun bölümi 
ibermekleriniň» gerekdigini mälim edýär. Emir 
Mahmydyň bu jogabyny pitne hökmünde kabul eden 
Mustansyr halypalygyň goşun serkerdebaşysy Bedr 
Jemala perman iberip, «Atyýe bilen bile herekete geçip 
Halaby emir Mahmydyň elinden almaklaryny» 
tabşyrýar. Bu buýruga laýyklykda, ähli goşunyny 
jemläp, Halabyň üstüne ýörişe başlan Bedr Jemaly we 
Atyýe bu gezek hem üstünlik gazanyp bilmediler. 
Şeýlelikde, emir Mahmyt Haruna we oguzlara 
daýanyp, Halap emirligini özünde saklap bildi. 

Download 0.72 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   72




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling