Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty


WIZANTIÝaDAKY ÇAKNYŞYKLAR


Download 0.72 Mb.
Pdf ko'rish
bet7/72
Sana01.03.2023
Hajmi0.72 Mb.
#1240202
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10   ...   72
Bog'liq
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI

WIZANTIÝaDAKY ÇAKNYŞYKLAR 
Emir 
Mahmydyň 
Halapdaky 
ýagdaýyny 
kuwwatlandyryp, Harun ýanyndaky türkmen atlylaryny 
we özüne goşulan kilabogullary güýçlerini alyp 


34 
wizantiýalylaryň elindäki örän möhüm ähmiýetli Artah 
galasyny gabady. Bu ýerde ýönekeý hristian halkdan 
başga-da ýokary wezipeli wizantiýaly asylzadalar hem 
bardy. Gabaw sebäpli örän kyn ýagdaýa düşen Artah 
1068-nji ýylyň Gorkut aýynda zabt edilip alyndy. 
Aktakyýanyň goragynyň möhüm galasynyň zabt 
edilmegi Halabyň we onuň töweregindäki topraklary 
Wizantiýa çozuşlaryndan ep-esli derejede halas etdi. 
Aradan köp wagt geçmänkä, Harun şol töwerekde 
ýerleşýän ýene bir galany, ýagny Imm galasyny 
eýeledi. Wizantiýa imperatory Roman Diogen 
Anadolydaky seljuk çozuşlarynyň öňüni almak 
maksady bilen 1068-nji ýylda dürli milletlerden 
düzülen uly bir goşuna baş bolup ýörişe ugrady. 
Imperator Kaýsaryýa, Maraş taraplarynda käbir harby 
hereketleri amala aşyryp, Demirgazyk Siriýa gelip, 
talaň we ýykgynçylyk etdi. Ondan soň Ömürtegin 
diýen bir türkmeniň goragyndaky şol töweregiň 
ähmiýetli 
galasy 
Menbiji 
eýeledi. 
Wizantiýa 
goşunlarynyň garşysyna Harun we emir Mahmyt 
türkmen we arap goşunlaryna daýanyp, garşylyklaýyn 
hüjüme geçip, köp sanly Wizantiýa esgerini gylyçdan 
geçirdi. Şol wakalary beýan edýän çeşmelerde 
Harunyň bu ýeňişde uly orun alandygy aýdylýar. 
Goşunyndan 
galan-gaçanlary 
jemlän 
imperator 
Halabyň golaýyna gelip, karargähini dikdi. Ony 
kowalap gelýän Harun bilen Mahmyt imperatoryň 
karargähini şapak wagty duýdansyz hüjüm edip 


35 
gabadylar. Ir ertirden başlan gandöküşikli çaknyşyk 
uzak gün dowam etdi, iki tarap hem örän agyr ýitgi 
çekdi, kimiň ýeňendigini, kimiň ýeňilendigini saýgarar 
ýaly däldi. Şunlukda, Harun bilen Mahmyt goşunlary 
bilen Halaba gaýtdylar. Örän uly ýitgi çeken Roman 
Diogeniň olaryň yzyndan kowmaga gurby çatmady, 
köp wagt geçmänkä, Harun Artah we Imm galalaryny 
eýeledi (1068-nji ýyl). 
HARUNYŇ WEPATY 
Harunyň harby güýjüne daýanyp, Halap 
Mirdasogullary emirligine häkim bolan Mahmyt 
emirligiň içeri we daşary meselelerini hem onuň 
ýakyndan 
goldawy 
bilen 
çözdi. 
Şeýlelikde, 
Demirgazyk Siriýada uly güýje öwrülen emir Mahmyt 
Haruna we onuň ýanyndaky türkmenlere bolan 
garaýşyny üýtgedip, olaryň garşysyna çykdy. Şol 
sebäpli Harun özüniň we atlylarynyň janyna howp 
abanýandygyny syzyp, şol wagtlar Mahmyda bäsdeşlik 
etmäge başlan Sur şäheriniň Fatymy walysy 
Aýneddöwläniň ýanyna gidip, oňa goşuldy. Emma 
aradan köp wagt geçmänkä, Fatymy halypasynyň 
buýrugy bilen Aýneddöwläni Şurda gabamaga başlan 
Akka Fatymy walysy Bedr Jemaly Haruny öz tarapyna 
çekmegi başardy. Ahyrsoňunda Aýneddöwle iki sany 
türkmene, gizlinlik bilen Haruny öldürtmegi başardy. 


36 
Şeýlelikde, serdarsyz galan türkmenler Bedr Jemala 
goşuldylar (1070-1071-nji ýyllar). 

Download 0.72 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10   ...   72




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling