Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty


Download 0.72 Mb.
Pdf ko'rish
bet4/72
Sana01.03.2023
Hajmi0.72 Mb.
#1240202
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   72
Bog'liq
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI

APBASY HALYPALYGY 
Atlary Muhammet pygamberiň doganoglany 
Apbasdan gaýdýan Apbasylar Beýik Zap Suwy 
söweşinde (750-nji ýylyň Türkmenbaşy aýy) Emewi 
häkimiýetini ýykyp, Apbasy Halypalygyny gurdular. 
Ilkinji halypa Abylapbas Saffahdan soň onuň ýerine 
geçen dogany Mansur (754-775-nji ýyllar) döwletiň 
paýtagtyny 
Bagdada 
geçirdi 
we 
halypalygyň 
gündogara giňelmegine mümkinçilik döretdi. Mansur 
halypalygy sarsdyran bidüzgünçilikleri, tolgunyşyklary 
eýranly Bermekogullarynyň kömegi bilen basyp 
ýatyryp, ülkede asudalygy we parahatçylygy ýola 
goýdy. Onuň yzyndan halypalyk kürsüsine oturan Mäti 
döwründe (775-785-nji ýyllar), esasan, Horasanda 
birnäçe messep çaknyşyklary ýüze çykdy. Şol döwürde 
wizantiýalylar 
bilen 
çaknyşyklarda 
üstünlikler 
gazanyldy. Meşhur halypa Harun Reşit döwründe 
Aziýada arap häkimiýeti has giňeldi. Öň ýatlanyp 
geçilen Bermekogullarynyň tejribesine daýanylyp, 
döwleti dolandyrmak işi oňat ýola goýuldy. Ýöne 
Harun Reşidiň halypalygynyň soňky ýyllarynda we 
aýratynam ondan soňky tagta çykan Halypalar 
döwründe (IX asyrda) halypalygyň syýasy birligi 


27 
gowşapdy. Taryh sahypalaryna siňip giden Emewileriň 
bir goly Ispaniýada özbaşdak halypalyk boldy, 
Müsürde bolsa Tulunogullary özbaşdak bir döwlet 
gurdular. Şeýle hem Horasanda we Mawerannahrda 
tahyrylar, 
samanylar 
we 
saffarylar 
Apbasy 
halypalygyndan bölünip, aýry-aýry özbaşdak döwlet 
gurdular. Şeýlelikde, Apbasylar Yrakdan başga ýerde 
häkimiýetlerini ýitirdiler. 
FATYMYLAR 
Müsürde we Demirgazyk Afrikada gurlan şaýy 
Fatymy 
halypalygy 
Gyzyl 
deňzinden Atlantik 
okeanyna we Demirgazyk Siriýa çenli ýaýlyp ýatan 
ülkeleri golastyna alyp, sünni Apbasy halypalygyna 
howp salýardy. Şeýle hem Eýranda we Yrakda döräp 
aýaga galýan başga bir şaýy döwleti — 
Büweýhogullary Bagdady basyp alyp, dolandyryşy 
ellerine aldylar. Şol wagtlarda, ýagny 1040-njy ýylda 
gurlup kämilleşýän Seljuk döwletiniň yslam äleminiň 
maddy güýjüne we gudratyna wekilçilik etmegi 
netijesinde Apbasy halypalygy şaýylaryň zor salmala-
ryndan halas boldy. 
XI asyrda Siriýany we Palestinany doly diýen 
ýaly golastynda saklaýan Fatymy halypalygynyň 
gowşamagy sebäpli bu ülkeleriň ýuwaş-ýuwaşdan 
çöküşini, şeýle hem Halap we onuň töwereklerinde 
Mirdasogullary emirliginiň gurlandygyny, Antakyýany 


28 
hem öz içine alýan Akdeňziň (Ortaýer deňzi) gündogar 
kenarlaryndan Antartusyň günortasyna çenli uzalyp, 
Trablusşamyň demirgazygyndan geçýän darajyk 
zolakda Wizantiýa hökümdarlygynyň dowam edýändi-
gini görýäris. Ýöne seljuk ýörişleri sebäpli zolakdaky 
Wizantiýa hökmirowanlygy aradan köp wagt 
geçmänkä, taryhyň sahypalaryna siňip gitdi.

Download 0.72 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   72




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling