Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty
Download 0.72 Mb. Pdf ko'rish
|
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI
29 I BÖLÜM SIRIÝa WE PALESTINA TOPRAKLARYNA ILKINJI TÜRKMEN GADAMLARY Hanogly Harun Demirgazyk Siriýada Siriýa topraklaryna türkmenlerden ilkinji bolup aýak basan Garahanly döwletiniň günbatar golunyň hökümdary Tamgaç hanyň ogludygy çaklanylýan Hanogly Harun hasap edilýär. Harun ýanyndaky bir müňden gowrak oguz atlysy bilen beýleki ýörişe gatnaşyjylara goşulyp, Oguzkendiň günorta-gün- batarynda ýerleşýän Uç (Oş) şäherinden ýola çykyp, Azerbaýjanyň üsti bilen Anadola gelýär. Köp wagt geçmänkä, seljuk hyzmatynda Anadola ýörişlere başlan Harun Beýik seljuk döwletiniň baknasy Merwanogullary tarapyndan dolandyrylýan Diýarbekirde düşledi. Merwanogullary maşgalasynyň Amyt (öňki Diýarbekir) häkimi emir Seýit bilen aralarynda düşnüşmezlik çykan agasy Nasyra garşy Haruny kömege çagyrýar we emir Seýit harby taýdan 30 kuwwatlanýar. Emma aradan köp wagt geçmänkä, Harun emir Seýidiň aldawyna uçrady we ol ýerden uzaklaşdy. Şol wagtlar Harun arap temmimogullary taýpasynyň duýdansyz hüjüm etmekleri netijesinde olara ýesir düşdi. Şeýle-de bolsa, aradan salym geçmänkä, tussaglykdan gaçmagy başardy we garamagyndaky oguz atlylary bilen Anadoly topraklaryna çozdy. Şonuň netijesinde Günorta- Gündogar Anadolyda Wizantiýanyň ençeme welaýatyny eýeledi. Wizantiýa imperatory Konstantin Dukas H oňa hak tölemek şerti bilen Wizantiýa gulluk etmäge çagyrdy. Edil şol döwürde Harun ýegeni Mahmyt bilen göreşýän Halapdaky Mirdasogullary emiri Atyýe tarapyndan kömege çagyryldy. Harun ähli atlylaryny alyp Halaba geldi we Hazyr etrapçasynda düşledi (1064-1065-nji ýyllar). Emir Atyýe Haruna we onuň atlylaryna çykdajylary üçin on bir müň altyn pul bermegi borçlanýar. Şeýlelikde, Atyýe tagt üçin göreşde ýegeninden has güýçlenýär. Şonuň ýaly-da Atyýäniň Harun bilen birleşmegi, esasan, Demirgazyk Siriýadaky syýasy wakalara güýçli täsir ýetirýän arap kilabogullary taýpasynyň täsirini gowşatdy. Pursatdan peýdalanan Mahmyt kilabogullarynyň hertaraplaýyn goldawyny alyp, doganlaryna garşy söweşe başlan hem bolsa, Harundan güýçli garşylyk görüp, üstünlik gazanyp bilmedi (1064-nji ýylyň Türkmenbaşy aýy). Doganoglan inisi Mahmytdan has güýçlenen emir Atyýe Harun we oguz atlylary bilen bile Wizantiýanyň 31 Antakyýa topraklaryna çozdy we Kemnun galasyny eýeledi. Wizantiýa garşy edilen ilkinji ýörişde gazanylan ýeňiş netijesinde Halabyň daşynda ýerleşen Harun we onuň ýanyndakylar Atyýäniň rugsat bermegi bilen oňaýly ýaşaýyş şertleri bolan şähere girip ýerleşdiler. Şunlukda, Harunyň Halaby eýelemeginden howatyr eden emir Atyýe şäher halkynyň hem zor salmagy netijesinde bir gije Halap şäheriniň goraýjylaryny ýanyna alyp (Ahdas), oguzlaryň üstüne duýdansyz çozdy we at ýaraglaryny talady, özlerini öldürdiler (1065-nji ýylyň Baýdak aýy). Öz ýarany emir Atyýäniň ähtiýalanlygyna uçran Harun atlylary bilen derrew şäheri taşlap demirgazyga, Eljezirä tarap gitdi. Şol döwürde üstüne hüjüm eden käbir arap taýpalary bilen bolan çaknyşyklarda ýeňiş gazandy. Download 0.72 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling