Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty
Download 0.72 Mb. Pdf ko'rish
|
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI
WIZANTIÝa IMPERIÝaSY
Orta Gündogaryň beýik döwletlerinden biri hem Wizantiýa imperiýasydyr. Ýustinianusdan soň Wizantiýa iň şöhratly döwrüni ýaşadan Wasil II aradan çykmagy (1025-nji ýyl) döwletiň durmuşynda öwrülişik pursady boldy. Ondan soň tagta çykan hökümdarlaryň döwründe Wizantiýada eden-etdilik höküm sürýärdi. Bu ýagdaý Aleksos Komnenos tagta geçýänçä dowam etdi. Wasil II döwründe Balkanlardan Günorta Kawkaza, Adriatikden, Gündogar Italiýa çenli ýaýlyp ýatan Wizantiýa serhetleri çöküş döwründe, bir tarapdan normanlaryň, peçenekleriň we uzlaryň, beýleki bir tarapdan, aýratyn hem Anadolyda, seljuklylaryň çozuşlary sebäpli daraldy. Esasan, Gündogar araçäkde birnäçe welaýat elden giderildi. Imperiýanyň gowşamagyna täsir eden esasy sebäpler hökmünde imperatorlykda uly toprak eýeleriniň mülklerini orta daýhanlaryň hasabyna köpeltmekleri, raýatlaryň harbylardan täsirli bolmagy, goşuna zerur bolan ähmiýetiň berilmezligi Wizantiýa pul birliginiň gymmatyny ýitirmegi, halka agyr salgytlaryň 23 salynmagy, şeýle hem hyzmat üçin topraklaryň şahslara berilmegi görkezilýär. Şeýlelikde, 1025-nji ýyldan başlap, Konstantin VII, onuň gyzlary Zoýanyň we Çeodoranyň Roman III Argyranyň birnäçe salgytlary ýatyrmagy orta daýhanlaryň gowşamagyna, tozmagyna sebäp boldy. 1041-nji ýylda tagta çykan Mihail V bir ýyl geçip-geçmänkä, ýurtdaky dildüwşik netijesinde tagtdan düşürildi we onuň ýerine Çeodora melike (şa hatyn) yglan edildi. Şeýlelikde, ol aýal dogany Zoýa bilen bile döwleti dolandyrmagy ellerine aldylar. Bu ýagdaý Zoýanyň Konstantin Monamaha IX durmuşa çykmagy bilen tamamlandy, indi imperatorlyk tagtynda Monamah oturýardy. Monamah döwründe raýat dolandyryşy harby dolandyryşdan ýokarda goýuldy, şol sebäpli goşunyň sany azaldyldy, Wizantiýa goşunynyň esasy bölegi dürli ýurtlardan hakyna tutulan esgerlerden düzüldi, şeýle hem esasy döwlet wezipelerine Fellos, Hiphilin we Mawropus ýaly ylymly şahslar bellenildi. Bu syýasatyň erbet netijeleriniň biri hem generallaryň wezipelerinden boşadylmagydy. Işden boşan harbylar ülkede pitne turuzmaklyga synanyşdylar (1042-1047-nji ýyllaryň arasynda), bu topalaňlar örän kynlyk bilen basylyp ýatyryldy. Goňşy döwletlerde bolup geçýän wakalar hakynda aýdylanda Dunaý derýasynyň kenarynda tolgunyşyk döreden peçenekler boýun egdirildi. Ýöne Günorta Italiýada ýerleşen normanlar Wizantiýa topraklaryny eýelemäge başladylar. Olary saklamak 24 üçin edilen ähli synanyşyklar netije bermedi, şeýle- likde, imperiýanyň günorta serhedine çynlakaý howp abandy. Emma imperatorlygyň gündogar araçägi günbatar bilen deňeşdirilende asudady. Müsürdäki Fatymylar bilen dostlukly gatnaşyk dowam edýärdi, ýöne Anadola çozýan seljuklar bilen çaknyşyklar bolýardy. Aýratynam, Konstantin IX serhedi goramak üçin salgyt tölemegi Wizantiýanyň goranyş ulgamyna düýpli sarsdyrdy we seljuklaryň Anadolyny basyp almagyny aňsatlaşdyrdy. Imperatoryň aradan çykmagy bilen Çeodora Wizantiýa tagtyna çykdy (1055-nji ýyl). Onuň bir ýyllyk döwleti dolandyran döwründe içeri we daşary ýagdaý öwerlikli bolmady. Ondan soň tagta Mihail VI çykdy. Ol özüni goldaýan raýatlara uly derejeler we sowgatlar berdi. Munuň tersine, goşun serkerdeleri topalaň turuzdylar we ahyrynda Isaokios imperator diýlip yglan edildi. Şeýlelikde, goşun ýene- de häkimiýeti ele aldy. Ýöne ol sapara gidende aradan çykýar we Konstantin Dukas H Wizantiýa tagtyna geçdi (1058-nji ýylyň Sanjar aýy). Aradan bir ýyl geçenden soň, (1059-njy ýyl) peçeneklerden ýardam alyp, çozuş eden majarlar bilen parahatçylykly ylalaşyk baglaşylan hem bolsa 1064-nji ýylda olaryň Belgrady basyp almaklaryna böwet bolup bilmedi. 1065-nji ýylda kumanlaryň zor salmagy netijesinde Hazar deňziniň ýakalaryndan gaýdan oguzlar Dunaý derýasyny geçip, Makedoniýa we Tesaliýa topraklaryna çozdular. Beýleki bir tarapdan normanlar 25 hem Wizantiýanyň golastyndaky ülkelere çozuşlaryny dowam etdirýärdiler. Dukas aradan çykandan soň (1067-nji ýylyň Magtymguly aýy), aýaly Ewdokiýa onuň ýerine hökümdar boldy. Şeýle hem köşkdäki şazadalar, dürli meýilli toparlar döwletiň syýasy işlerine goşulyp, olara täsirini ýetirdiler. Şol sebäpli serhetdäki welaýatlaryň we goşunyň ýagdaýy ünsden düşdi. Şeýlelikde, imperiýanyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Anadolyda hem seljuklaryň çozuşlaryny saklap biljek düzgün-nyzamly goşun bölümleri ýokdy. Döwletiň daşary we içeri ýagdaýlary şunuň ýaly örän çynlakaý kynçylyklardan doluka tagta geçen Ewdokiýa döwletiň ýokary wezipeli adamlaryň elinde oýunjaga öwrülendigine, onuň çagşap barýandygyna göz ýetirdi. Şol sebäpli ol, köşkdäki harbylaryň täsiri bilen tejribeli serkerdebaşi Roman Diogene durmuşa çykdy (1068-nji ýyl). Özünden imperatorlygyň çöküşiniň öňüni almak garaşylýan täze hökümdar boşap galan hazyna, ençeme ýyl bäri tozdurylýan ülke we başsyz-baratsyz goşun bilen ýüzbe-ýüz boldy. Şeýle ýagdaýda ol döwleti dolandyrmaklyga käbir üýtgeşmeler girizmek isledi, ýöne häkimiýeti elinden sypdyrmak islemeýän Ewdokiýa oňa mümkinçilik bermeýärdi. Şol sebäpli ol köşgi taşlap, Anadola çekildi we ol ýerdäki seljuk çozuşlaryny serpikdirmek üçin goşuny düzgün-nyzama saldy. Öň hem belläp geçişimiz ýaly, 1071-nji ýylyň Alp Arslan aýynyň 26-syna Malazgirtdäki söweşde soltan Alp Arslandan ýeňildi we ýesir düşdi. Mundan 26 soňky döwürlerde hem seljuk çozuşlary netijesinde Wizantiýanyň Anadolydaky häkimiýeti çöküp barýardy. Download 0.72 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling