Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty


PALESTINA TÜRKMEN BEGLIGI


Download 0.72 Mb.
Pdf ko'rish
bet9/72
Sana01.03.2023
Hajmi0.72 Mb.
#1240202
1   ...   5   6   7   8   9   10   11   12   ...   72
Bog'liq
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI

PALESTINA TÜRKMEN BEGLIGI 
Soltan Alp Arslanyň körekeni Ärbasan oňa garşy 
topalaň turzup, Wizantiýa gaçyp gidensoň, onuň 
ýanyndaky Gurly, Atsyz we onuň doganlary, Şökli 
ýaly begler Anadolydaky söweş hereketlerini bes edip, 
türkmenlerden ybarat goşuny bilen Müsür fatymylaryň 
tabynlygyndaky Palestina geldiler (1070-nji ýyl). Bular 
çeşmelerde «Palestina giren ilkinji türkler» hökmünde 
häsiýetlendirilýän üç-dört müň öýlüden ybarat türkmen 
maşgalasynyň serdary Gurly begdi. Gurly beg 
ýanyndaky atlary agzalan begler we türkmenler bilen 
Tabaryýe kölüniň gündogaryndaky Balkany, onuň 
töweregini we Numan galasyny zabt edip, ol ýerlere 
ýerleşdiler. Ondan soň häzirki Ysraýyl döwletinde 
ýerleşýän Iýerusalimiň 50 km günbataryndaky Remläni 
we onuň töweregini basyp aldylar. Göçüp-gonup ýören 
çarwa araplaryň talaňçylykly çozuşlary netijesinde 
haraba öwrülen Remle galasyny abatlan Gurly beg bu 
şäheri paýtagt yglan edip, Beýik Seljuk döwletine 
tabyn Türkmen begliligini esaslandyrdy. Ol ýerde oba 
hojalyga üns beren Gurly beg ýakyn töwereklerden 
daýhanlary getirip, ekin ekdirýär, aýratyn hem örän 
pese düşen zeýtun ýetişdirme işini ýola goýdy. Onuň 


39 
eden aladalary öz miwesini berdi we şol ýyl 360 müň 
altynlyk hasyl toplanyldy.
Gurly begiň Palestinada Türkmen begligini guran 
döwürlerinde Müsür fatymy döwletiniň Akka walasy 
Bedr Jemaly çarwa araplaryň çozuşlary sebäpli 
çykgynsyz ýagdaýa düşen eken. Şol sebäpli ol Gurly 
begden kömek sorapdyr. Gurly begiň atlylarynyň 
herekete geçmegi netijesinde çarwa araplar yza 
çekilmäge we tabynlyklaryny bildirmäge mejbur 
boldular. Emma, olaryň çozuşlaryndan we talaň-
laryndan halas bolan Bedr Jemaly Gurly bege wada 
beren altynlaryny bermedi. Gurly beg bolsa türkmen 
atlylary bilen Tabara çenli ýöriş edip, ep-esli ýer basyp 
aldy we bu topraklara türkmen maşgalalaryny topar-
topar edip ýerleşdirdi. Onuň hereketleriniň öňüni alyp 
bilmedik Bedr Jemaly köp sanly çarwa araplary Gurly 
begiň üstüne süren hem bolsa, türkmenler tarapyndan 
çym-pytrak edildi we Türkmen begliginiň araçäkleri 
giňeldildi. 
Bu üstünlikli ýörişlerden soň Gurly beg fatymy 
döwletine garşy topalaň turuzyp erkinlik alan Sur 
şäheriniň häkimi Aýneddöwläniň çakylygyna atlylary 
bilen kömege gitdi. Şol wagtlar Bedr Jemaly 
Aýneddöwläni gabaýardy. Gurly beg gönüden-göni 
Bedr Jemaly bilen söweşe girmedi we onuň 
tabynlygyndaky Saýda şäherini gabady. Şunlukda, 
Bedr Jemal Sur gabawyndan çekilmäge mejbur boldy. 


40 
Aýneddöwle fatymy boýuntyragyndan halas bolup
welaýaty özbaşdak dolandyrmaga başlady. 
Öň ýatlap geçişimiz ýaly, Hanogly Harunyň 
kömegi bilen Halap Mirdasogullary emirliginiň häkimi 
emir Mahmyt Wizantiýanyň Antakyýa walasyndan 
goldaw alan bäsdeş doganoglany Atyýäniň hüjümine 
duçar boldy. Örän agyr ýagdaýda galan emir Mahmyt 
Gurly bege yzly-yzyna çapar ýollap kömek sorady. 
Gurly beg derrew müň türkmen atlysynyň öňüne düşüp 
Halaba Mahmyda kömege gitdi. Mahmyt Gurly begiň 
ýardamy bilen Atyýäni we onuň ýaranlaryny ýeňip, 
Halabyň häkimiýetini elinde saklamagy başardy. Emir 
Mahmyt eden kömegi üçin Gurly bege atdyr altyn 
peşgeş berdi. Şondan soň Gurly beg paýtagty Remlä 
gaýtdy (1071-nji ýyl). 
Gurly beg Halap Mirdasogulary emirligine eden 
bu kömeginden soň Fatymy walysy Ibn Münzew 
tarapyndan dolandyrylýan Damasky gabap, onuň 
töweregindäki obalary basyp aldy. Türkmen harby 
güýjüne bäs gelip bilmejegine gözi ýeten fatymy 
walysy 50 müň altyn töläninden soň, gabaw aýryldy 
(1071-nji ýyl). Mundan soň Gurly beg fatymy 
tabynlygyndaky başga bir şäheri – Akka şäherini 
gabady. Şol wagtlar şäheriň walysy Bedr Jemaly eken. 
Gurly begiň bu harby hereketine Bedr Jemala 
duşmançylyk edýän çarwa araplar hem goşuldylar. 
Ýöne aradan köp wagt geçmänkä, Gurly beg aradan 
çykýar we Palestina türkmen begliginiň başyna bize 


41 
ady näbelli bolup galýan Türkmen begi geçip, (belki 
soň begligiň başyna geçen Atsyz begdir) ol Akka gelip 
gabawy dowam etdirdi. Şäheriň güýçli gaýtawul 
bermegi bilen gabaw uzaga çekdi we türkmen 
goşunlarynyň serdary gabawdan çekilip Remlä gaýdyp 
geldi. 
Palestinadaky 
Beýik 
Seljuk 
döwletiniň 
tabynlygynda gurlan bu Türkmen begliginiň soňky 
ykbaly hakda degişli çeşmelerde maglumatlara duş 
gelmedik. 

Download 0.72 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   5   6   7   8   9   10   11   12   ...   72




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling