Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty
ATSYZ – ŞÖKLI ÇAKNYŞYKLARY
Download 0.72 Mb. Pdf ko'rish
|
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI
- Bu sahifa navigatsiya:
- TABARYÝa SÖWEŞI
ATSYZ – ŞÖKLI ÇAKNYŞYKLARY
Emir Atsyz Iýerusalimi alnandan soň, demirgazyga ýörişini dowam etdirýärkä, oňa tabyn emirlerden Şökli hem kenarýaka etraplarda söweşýärdi. Şol wagtlar emir Şökli Akkany gabap, aldym-berdime salýardy. Şäheriň walysy Bedr Jemalyň, Müsürde fatymy döwletiniň weziri wezipesine geçendigi üçin onuň ýerine Ibn Sukha atly biri şäheri dolandyrýardy. Ýöne aradan köp wagt geçmänkä, Bedr Jemaly bilen jetleşen Ibn Sukha şäheriň tanymal adamlary bilen ylalaşyp, şäheri emir Şöklä tabşyrýar. Şeýle ýagdaýda şäheri eýeläp Şökli diňe bir şäher hazynasyny almak bilen çäklenmän Bedr Jemalyň maşgala agzalaryny hem tussag edýär (1074-nji ýylyň Garaşsyzlyk-Sanjar aýlary). Akkanyň eýelenendigi habaryny alan emir Atsyz, Şöklä çapar iberip «Bedr Jemalyň maşgala agzalaryna we hazynanyň ýarysyny özüne ibermegini hem-de onuň özüne bolsa Akka şäherine Seljuk walysy belleýändigini» habar berdi. Ýöne Akkada özbaşdak beglik gurma niýetinde bolan Şökli, Atsyza garşy çykdy we onuň talaplaryny ret etdi. Bu ýagdaýda Atsyzyň özüni ýok etmek üçin herekete geçjekdigine 53 gözi ýetip duran Şökli Atsyz bilen söweş ýagdaýynda bolan Damask fatymy walysy Mugalla we Kilabogullary taýpasy bilen aýry-aýrylykda şertnama baglaşyp güýjüni deňleşdirdim öýdýärdi. Şökliniň özüni alyp barşyny synlaýan Atsyz, oňa entek ýaranlaryndan kömek gelip ýetişmänkä, onuň üstüne çozup ýeňiş gazandy. Ýöne bu söweş aýgytly ýeňiş getirmedi (1075-nji ýylyň Gurbansoltan-Magtymguly aýlary). TABARYÝa SÖWEŞI Bu ýeňlişden soň Şökli Atsyza garşy alyp barýan göreşini kanunlaşdyrmak üçin Günorta-Gündogar Anadolyda söweşip ýören Gutalmyşogullaryndan birine (Gutalmyşyň bize mälim ogullary: Mansur, Süleýman, Alp Ilek we Döwlet) hat iberip, ony özi bilen bile täze ýörişlere goşulmak üçin Palestina çagyrdy. Şökli hatynda «Sen Seljuk maşgalasyna degişli asylzadasyň. Saňa tabyn bolmak we hyzmat etmek biziň üçin uly hormatdyr we meni buýsandyrar. Atsyzyň asly seljuk maşgalasyndan däl, şol sebäpli, men oňa tabyn bolmak we hyzmat etmek isleýärin. Eger biz birleşip Atsyzy ýeňip, bu ülkeden kowmakçy bolsak, onda bize Müsür fatymy döwleti hem kömek bermäge söz berdi» diýýär. Şunlukda, Gutalmyşogly bir doganyny we doganoglanynyň (Resultegin) ogluny ýanyna alyp Tabyryýa geldi we söweşe taýýarlyk 54 görüp ýören emir Şöklä goşuldylar. Aradan köp wagt geçmänkä-de Müsür fatymy halypalygyny ykrar edýändiklerini resmi taýdan mälim etdiler. Şeýlelikde, Siriýada we Palestinada sünni Bagdat Apbasyly halypalygyna we Seljuk soltanlygyna garşy fatymy halypalygyny ykrar edýänleriň arasynda seljuk nesilşalygynyň asylzadalary hem orun aldy. Bu wakalary ýakyndan synlaýan Atsyz ähli kuwwatyny jemläp Şökliniň we onuň ýaranlarynyň üstüne ýöredi. Tabaryýada 1075-nji ýylda bolup geçen aýylganç söweşde Şökli we onuň ýaranlary çym-pytrak edildi. Şökli, bir ogly, kakasy we Gutalmyşogullary ýesir alyndy. Şökli we ogly derrew jezalandyrylyp öldürildi, garran kakasy bolsa erkinlige goýberildi. Şökliniň kakasy we beýleki ogly Müsüre gidip fatymylardan gaçybatalga tapdylar. Atsyz tussaglaryň arasyndaky Gutalmyşogullarynyň ýagdaýyny soltan Mälik şa habar berdi. Şol wagtlar doganlarynyň we agasynyň oglunyň tussag edilendigi barada habary alan badyna Süleýmanşa, Anadolyda söweşip ýören ýerinden günorta Siriýadaky Humusa çenli gelýär. Ol şol ýerden Atsyza bir çapar iberip «tussagda saklanýan doganlaryny we doganoglanyny öz ýanyna goýbermegini talap etdi. Atsyz oňa iberen jogabynda «Ýagdaýy soltan Mälik şa mälim etdim we ondan geljek buýruga garaşýaryn» diýip Süleýmanşanyň talabyndan boýun gaçyrdy. Aradan köp wagt geçmänkä, soltanyň buýrugyny alan Atsyz, tussag 55 edilen Gutalmyşogularyny Bagdat seljuk harby walysy (şihne) Aýtegine iberdi, ol bolsa paýtagt Yspyhana iberip soltana tabşyrdy. Tabaryýa söweşinden soň emir Atsyz dogany Çawly bilen bile Halabyň töweregine birnäçe gezek çozdy, soň fatymylaryň elindäki Trablusşamy eýeledi, Sur şäherini hem gabady. Ol Fatymy walysynyň «Türkmenler şähere girip ýanlary bilen alyp gelen harytlaryny satyp, zerur zatlaryny almak, gijäni şäherde geçirmezlik we Fatymylaryň adyna okalýan hutbany üýtgetmezlik» hakdaşy şertlerine laýyklykda şäheri aldy. Emir Atsyzyň sünni bolup Bagdadyň Apbasyly halypasyny ykrar edýän-de bolsa «şaýy hutbasyny ýatyrmazlyk» şertini kabul etmegi ünsi çekýän wakadyr. Onuň bu şertnamany baglaşmak bilen Siriýa we Palestina seljuk döwletiniň serhetlerini giňeltmegi göz öňünde tutandygy, aýratyn hem ülkedäki ykdysadyýetiň ösmegine, kämilleşmegine ähmiýet berendigi ýüze çykýar. Download 0.72 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling