Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty
Download 0.72 Mb. Pdf ko'rish
|
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI
TUTUŞ-MÜSLIM GÖREŞI
Tutuşyň gabawdan çekilip Damaska — Atsyza kömege gitmeginden peýdalanan Halabyň meşhur adamlary Mosul walysy Müslime ýörite çapar iberip «Şäheri oňa tabşyrmak isleýändiklerini» habar berdiler. Şeýle hem şäheriň Tutuş tarapyndan alynmak mümkinçiliginiň bardygyny aňýan emir Sabyk hem Müslime bir hat iberip «Tutuşa garşy birleşmäge» çagyrýar we oňa Hama, Magarratun-Nugman we Kefertap şäherdir galalary bermegi boýun alýar. Şeýle- de bolsa, özüniň tabyn bolany Soltan Mälik şadan bidin Halaby golastyna almaga gaýraty çatmady. Müslimiň aýaly Soltanyň dogany Safyýa Hatyndy. Ol ogluny Yspyhana iberip «Seljuk döwletiniň hazynasyna ýylda 300 müň altyn tölemäge» boýun bolup Halaby golastyna almagy başardy. Müslim wagt ýitirmän goşuny bilen bile Halabyň öňüne geldi (1080-nji ýylyň Oguz aýy) we «şäheri tabşyrmaklyklaryny» talap etdi. Şäheriň kethudalarydyr ýaşulularynyň goldamagyna 76 garamazdan emir Sabyk Halaby bermekden gaça durdy. Şeýle-de bolsa Halabyň kethudasy aradan köp wagt geçmänkä, Müslim bilen ylalaşyk baglaşyp onuň şähere girmegine mümkinçilik döretdi. Emma emir Sabyk şäheriň içindäki galada gizlenip garşylyk görkezmäge başlady. Ýöne aradan salym geçmänkä, Sabyk bilen geçirilen gepleşiklerden soňra içki gala hem boýun egdi (1080-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýy). Şeýlelikde, 1060-njy ýyldan bäri Halaba we onuň töweregine häkimlik eden Mirdasogullarynyň dolandyryşy tamamlandy. Halaby we etrabyndaky örän möhüm galalardyr goranyş ýerlerini eýelän Müslim geçirilen çäreler barada syýasy we harby taýdan özüniň tabyn bolan hökümdary Mälik şa maglumat berdi. Şol wagtlar, Müslim Demirgazyk Yrakdan başga-da Demirgazyk Siriýany hem golastyna alyp, özüne degişli topraklaryň çäklerini has-da giňelden bolsa, Orta Siriýa we Palestina häkim bolan Tutuş özüniň tabyn bolan Beýik Seljuk döwleti bilen gatnaşygyny keseňkirläpdi. Şeýlelikde, Müslimiň, Tutuşyň Siriýa- daky we Palestinadaky türkmen hökümetiniň ýerine arap hökümetini gurmak hyýalyny durmuşa geçirmäge başlandygy belli bolýar. Download 0.72 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling