Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty


MÜSLIM SERHETLERINI GIŇELDÝÄR


Download 0.72 Mb.
Pdf ko'rish
bet21/72
Sana01.03.2023
Hajmi0.72 Mb.
#1240202
1   ...   17   18   19   20   21   22   23   24   ...   72
Bog'liq
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI

MÜSLIM SERHETLERINI GIŇELDÝÄR 
Şunlukda, Halaba we onuň töweregine eýe bolan 
Müslimiň bütin Siriýany we Palestinany eýelemek üçin 


77 
niýetläp iberen goşuny, Munkyzogullarynyň elindäki 
Şeýzary gabamakdan başga-da bu maşgala degişli 
Esfuna galasyny hem basyp aldy (1082-nji ýyl). Ýöne 
aradan esli wagt geçenden soň Munkyzogullary 
Müslime salgyt berip gabawy aýyrtdylar. Ondan soň 
Müslim, Halef bin Mulagybyň golastyndaky Humusy 
gabap eýeledi. Ýöne içki galada gizlenip garşylyk 
görkezýän Halefiň kömek soramagy netijesinde Tutuş 
oňa goldaw bermek üçin Müslime garşy herekete 
geçdi. Tutuş bilen çaknyşmaga gaýraty çatmadyk 
Müslim Humusdan çekilmäge mejbur boldy. Humus 
hereketinden soňra Müslim Halabyň ýakynlaryndaky 
käbir galalarda oturan türkmenlere garşy harby 
herekete başlatdy we olary özüne degişli galalarda 
zyndana taşlatdy. Bulardan başga-da ol şol döwürlerde 
Mirdas, Kilap, Nümeýreogullary taýpalaryna degişli 
bolýan Suruç, Azaz, Esaryp we ş.m. galalary basyp 
aldy hem-de ol ýerlere öz goşunlaryny ýerleşdirdi.
TUTUŞYŇ GARŞYLYKLAÝYN HEREKETI 
 
Müslimiň şäherlerdir galalary basyp almagy ýa-da 
olary gysmagy sebäpli ol ýerleriň emirleri Wassaf, 
Sebip, Halef, Munkyz we Mansur Tutuşa ýüzlenip 
«Müslime garşy onuň bile hereket etmäge 
taýýardyklaryny» bildirip ony Halabyň üstüne ýöriş 
etmäge gižželeýärler. Esasan, Halaby we töweregini 
almak isleýän Tutuş, olaryň çakylygyny alan dessine 


78 
goşuny bilen bile herekete geçip ilki Antakyýa, soňra 
Halabyň töwereklerine gazaply hüjüm etdi. Bu ýörişde 
onuň ýanyndaky meşhur Seljuk emiri Artyk begiň 
sebiti doly basyp almakda aýratyn orny bardyr, çünki 
ol Müslimiň iberen goşunyny çym-pytrak etdi. Tutuşyň 
Müslimiň golastyndaky Demirgazyk Siriýada edýän 
söweş hereketlerini üns bilen synlaýan Mälik şa, oňa 
«Hereketini bes edip Damaska çekil» Artyk bege bolsa 
«Dogry Yspyhana huzuryma gel» diýip buýruk berýär. 
Buýrugy alan emir Tutuş, derrew Damaska, Artyk beg 
hem Yspyhana soltanyň huzuryna gidýär. Pursatdan 
peýdalanan Müslim Tutuşyň golastyndaky Siriýa we 
Palestina Seljuk döwletiniň paýtagty Damaska uly 
goşun toplap ýöriş etdi. Şol wagtlar ol Beýik Seljuk 
döwletine tabynlygyna garamazdan, Müsür fatymy 
döwletinden kömek sorady. Tutuş şol döwürde 
Antakyýa sebitlerinde söweşýärdi we bu habary alan 
dessine, Müslimden öň Damaska gaýdyp gelip goranyş 
çärelerini geçirdi. Müslim 1083-nji ýylyň Oguz aýynda 
Damasky gabady. Bolup geçen çaknyşyklarda Müslim 
üstünlik gazanyp bilmedi, söweş gidip durka Tutuşyň 
esgerleri şäherden çykyp onuň üstüne garşylyklaýyn 
hüjüm edýärdiler. Şunlukda, üstünlik gazanyp bilmedik 
we garaşan fatymy kömegini almadyk Müslim 
çaknyşyklarda örän uly ýitgi çekdi. Şol döwürde 
golastyndaky Harranda özüne garşy tolgunyşyk 
başlandygynyň habary gelen dessine gabawy taşlap 
Siriýa çölüniň üsti bilen örän agyr şertlerde göni 


79 
Harrana bardy. Şeýlelikde, Müslimiň tutuş Siriýa we 
Palestina häkim bolmak arzuwy hasyl bolmady. 


80 

Download 0.72 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   17   18   19   20   21   22   23   24   ...   72




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling