Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty


TUTUŞ BILEN BOLAN SÖWEŞ WE ONUŇ


Download 0.72 Mb.
Pdf ko'rish
bet24/72
Sana01.03.2023
Hajmi0.72 Mb.
#1240202
1   ...   20   21   22   23   24   25   26   27   ...   72
Bog'liq
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI

TUTUŞ BILEN BOLAN SÖWEŞ WE ONUŇ 
ARADAN ÇYKMAGY 
Süleýmanşa Müslimiň ölen Kurzahyl söweşinden 
soň, harby walysy Hasanyň elindäki Halap şäherini 
gabady (1085-nji ýylyň Oguz aýy). Şol sebitdäki 
Magarratun-Nugman, Kefertap Kynnesrin, Latmin 
şäherleridir galalaryny zabt edip, ol ýerlere walylar, 
serkerdebaşylar belledi. Ýöne Süleýmanşa bilen Şerip 
Hasanyň baglaşan şertnamasynda «Şäheri soltan Mälik 
şanyň tassyknamasyny alandan soň» bermeklik şert 
hökmnde edilip görkezilendi. Tutuşa degişli topraklara 
girmezlik üçin mundan artyk günorta gitmegi 
goýbolsun eden hem bolsa Süleýmanşa, Antakyýa ýaly 
Demirgazyk Siriýanyň iň ähmiýetli şäheri we 
demirgazykdan günorta gidýän söwda ýolunda 
ýerleşýän Halaba häkim bolmak niýetinden dänmendi. 
Şol sebäpli ol şäheri täzeden gabady (1086-nji ýylyň 
Gurbansoltan-Magtymguly aýlary) we şäheriň walysy 
Hasandan şäheri derrew bermegi talap etdi. Ýöne 
şäheri Süleýmanşanyň häkimiýetine bermek islemeýän 
Hasan, Süleýmanşa bermek baradaky ýüzlenmesine 
soltan Mälik şadan hiç hili jogap almandy. Şol sebäpli 
ol şol wagtlar Damaskda ýören Siriýa we Palestina 


86 
Seljuk hökümdary Tutuşa çapar iberip, «Gelip Halaby 
almagy» haýyş etdi. Öňden bäri şäheri almak 
ýüreginde besläp ençeme synanyşygy şowsuz 
tamamlanan Tutuş, Süleýmanşa bilen jet bolan Artyk 
begi ýanyna alyp Halaba gitdi. Şol wagtlar Süleýmanşa 
Halabyň walysy Hasanyň Tutuşa çakylyk iberendigini, 
onuň hem goşun çekip gelýändigini eşidip derrew onuň 
öňüni 
kesmek 
üçin 
hereket 
etdi. 
Söweşiň 
ikiuçsyzdygyny aňan Tutuş Süleýmanşanyň ýanyndaky 
käbir türkmen begleri bilen gatnaşygy ýola goýup, 
olary tarapyna çekmek üçin köp iş geçirdi. Ahyrsoňy 
biri-birine garşy okdurylan iki türkmen goşuny 
Aýnuseýlem ýaýlasynda ýüzbe-ýüz boldy. Bu wakany 
gürrüň berýän çeşmelerde «Iki tarapdan türkmen 
esgerleri biri-birini rehimsizlik bilen gyrýardy» 
diýilýär. Çaknyşyk gidip durka käbir türkmen 
begleriniň Tutuşyň geçiren gepleşikleri netijesinde 
Süleýmanşanyň goşun saplaryny terk edip, Tutuşyň 
tarapyna geçmekleri, aýratynam söweş usullarynyň 
ussady Artyk begiň ýolbaşçylyk etmegi netijesinde 
Süleýmanşa ömründe ilkinji gezek ýeňildi. Wizantiýa 
çeşmeleriniň biriniň ýazmagyna görä (Anna Kömnena: 
Aleksiade) «Süleýmanşa, dargan goşunyny bir ýere 
toplamak üçin elinde baryny eden hem bolsa netije 
bolmady we söweş meýdanyndan yns-jyns ýok ýere 
çekildi. Köp wagt geçmänkä, Tutuş onuň yzyndan 
adam iberip, onuň bilen gujaklaşyp, ýaraşjakdygyny, 
ony derejesine laýyk garşylajakdygyny habar berýär. 


87 
Süleýmanşa Tutuşyň içgin teklibine, ruhy dünýäsi 
agdar-düňder bolandygy üçin gam-gussa basyp
sussypeslige düşüp 
bilinde göterýän 
hanjaryny 
ýüregine sokup ýagty jahan bilen hoşlaşdy (1086-njy 
ýylyň Oguz aýy)». Halap sebitlerinde bolup geçen 
wakalar hakynda ynamly maglumat berýän Yslam 
çeşmeleriniň birinde bolsa (Ibnül Adim: Bugýetüt-
Taleb) «Süleýmanşa gabat gelen Tutuşyň atlylarynyň 
biriniň atan oky bilen öldürilendigi» aýdylýar, şeýle 
hem ýenede şol çeşmede bu babatda ünsi çekýän bir 
rowaýat bar:
«Tutuşyň esgerleri söweş tamamlanandan soň jeň 
meýdanynda aýlanyp ýörkäler ýakut bilen bezelen, 
altyn çaýylan demirdonly bir jesede gabat geldiler we 
derrew Tutuşa habar berdiler. Tutuş demirdonlyny 
ýanyna getirdýär we «bu hökümdaryň demirdonuna 
meňzeýär» diýýär. Tutuş ýanyndakylar bilen derrew 
jesediň ýatan ýerine gidýär we olara «Jesetleriň 
arasyndan men ol jesedi görkezýänçäm, siz maňa ony 
görkezmäň» diýýär. Köp wagt geçmänkä, Tutuş gara 
gana bulaşyp ýatan jesedi görkezip «Bu Süleýmanşa 
meňzeýär» diýýär. Ondan «Muny nädip tanadyňyz?» 
diýip soranlarynda Tutuş «Onuň aýagy meniň 
aýagyma, 
ýagny 
Seljukogullarynyň 
aýaklaryna 
meňzeýär» diýýär. Ondan soň bu jesediň hakykatdan 
hem Süleýmanşadygy subut edildi. Tutuş jesediň 
başynda türkmençe dileg-doga edip, «Biz size zulum 
etdik, siz bizden uzaklaşdyňyz, wah, ynha şeýdip biri-


88 
birimizi öldürýäris» diýip özüniň we Süleýmanşanyň 
atalary bolan Mikaýyl we Ysraýyl (Arslan Ýabgu) 
maşgalasynyň arasyndaky köne öýkäni ýatlaýar. 
Süleýmanşanyň ölümine örän gynanan Tutuş, ony iň 
gowy kepenler bilen kepenledip, Halaba iberip, 
Müslimiň mazarynyň ýanynda Halap Gapysy diýen 
ýerde jaýladýar».

Download 0.72 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   20   21   22   23   24   25   26   27   ...   72




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling