Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty


Download 0.72 Mb.
Pdf ko'rish
bet23/72
Sana01.03.2023
Hajmi0.72 Mb.
#1240202
1   ...   19   20   21   22   23   24   25   26   ...   72
Bog'liq
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI

MÜSLIM BILEN GÖREŞ 
 
Süleýmanşanyň Antakyýany zabt edip Halabyň 
serhedine gelmegi tutuş Mesopotamiýany, Halaby 
golastyna alyp demirgazyk Siriýada we demirgazyk 
Yrakda häkimiýeti guran, Beýik Seljuk döwletiniň 
adyna Antakyýadan ýyllyk paç alýan we ony golastyna 
almagy ýüreginde besleýän Mosulyň emiri Müslim 
herekete geçirdi. Müslim Süleýmanşadan Antakyýanyň 
öňki häkimi Filaretosdan alýan ýyllyk pajyny 
bermegini talap etdi we «boýun gaçyran ýagdaýynda 
soltana garşy pitne hökmünde kabul etjekdigini» mälim 
edýär. Süleýmanşa Müslime «Soltana tabyn bolup, öz 
golastyndaky ülkelerde onuň adyna hutba okatdyryp 
pul çykartmak meniň ýeke-täk şygarymdyr. Men 
Antakyýany we beýleki kapyr ülkeleri, diňe onuň 
barlygyndan Taňrynyň meniň elim bilen basyp 
alandygyny soltana habar berdim. Menden paç almak 
islegiň barada aýdylanda bolsa, öň Antakyýanyň 
häkimi kapyrdy, şol sebäpli özi we adamlary üçin 
başsalgyt (jizýe) berip özlerini yslam jyhadyndan 
goraýardylar. Ýöne häzir şäheriň häkimi bolan men
hudaýa şükür musulmandyryn we Taňrynyň gazawat 
buýrugyny 
ýerine 
ýetirýärin. 
Antakyýa 
indi 
musulmanlaryň elinde. Men bir musulman hökmünde 
saňa näme üçin başsalgydy töläýin» diýen jogaby 
iberdi. 
Şunlukda, Süleýmanşa bilen Müslimiň 
arasyndaky dartgynlylyk örän ýitileşdi. Esasanam 


84 
Müslimiň berk tutumy we gödek hereketleri sebäpli, 
oňa degişli esgerleriň bir bölegi we arap Kilabogullary 
taýpasynyň 
esgerleri 
Süleýmanşa 
goşuldylar. 
Şunlukda, Müslim harby taýdan gowşady. Şol sebäpli 
Müslim her ýyl özüne 30 müň altyn paç berýän 
Antakyýany basyp alan Süleýmanşany ýeke özüniň 
ýeňip bilmejegine gözi ýetensoň, şol wagtlarda Mälik 
şa bilen Süleýmanşanyň arasyna tow düşendiginden 
peýdalanyp, Siriýa we Palestina Seljuk hökümdary 
Tutuşa goşulan (1085-nji ýylyň başlary) meşhur seljuk 
emiri Artyk bege ýüz tutdy. Ýokardaky aýdylanlardan 
belli bolşy ýaly onuň bu synanyşygy başa barmady. 
Şunlukda, ol Süleýmanşadan Halaby goramak üçin 
çäreleri geçirdi. Müslim Antakyýany gabamak üçin 
atlylary bilen gelip goşulan Çubuk beg türkmeni 
ýanyna alyp 6 müň atlysy bilen Halapdan çykdy. 
Müslimiň hereketlerini assyrynlyk bilen synlap oturan 
Süleýmanşa 4 müň atly bilen onuň öňünden çykdy. 
Söweş Amik sährasyndaky Kurzahyl töwereginde 
(1085-nji ýylyň Oguz aýynyň 20-si) boldy, hususanda 
Çubuk begiň atlylary bilen Süleýmanşanyň tarapyna 
geçmegi netijesinde Müslim ýeňildi we çaknyşyklaryň 
birinde wepat boldy. Bu ýeňiş netijesinde Süleýmanşa 
Mesopatamiýa we Demirgazyk Siriýany alyp Yrakda
Siriýada we Palestinada hökümetini ýöretmek islän 
Müslimiň hökümetini ýok etdi. Hususanda, Antakyýa 
we onuň töweregine türkmenleriň ýerleşmeklerine we 
ol ýerleri dolandyrmaklaryna mümkinçilik döretdi. 


85 
Şeýle hem Beýik Seljuk döwletine tabyn Müslimiň ýok 
edilmegi Süleýmanşa soltan Mälik şa gatnaşyklaryny 
örän ýitileşdirdi.

Download 0.72 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   19   20   21   22   23   24   25   26   ...   72




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling