Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty


ATSYZ – ŞÖKLI ÇAKNYŞYKLARY


Download 0.72 Mb.
Pdf ko'rish
bet12/72
Sana01.03.2023
Hajmi0.72 Mb.
#1240202
1   ...   8   9   10   11   12   13   14   15   ...   72
Bog'liq
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI

ATSYZ – ŞÖKLI ÇAKNYŞYKLARY 
Emir 
Atsyz 
Iýerusalimi 
alnandan 
soň, 
demirgazyga ýörişini dowam etdirýärkä, oňa tabyn 
emirlerden Şökli hem kenarýaka etraplarda söweşýärdi. 
Şol wagtlar emir Şökli Akkany gabap, aldym-berdime 
salýardy. Şäheriň walysy Bedr Jemalyň, Müsürde 
fatymy döwletiniň weziri wezipesine geçendigi üçin 
onuň ýerine Ibn Sukha atly biri şäheri dolandyrýardy. 
Ýöne aradan köp wagt geçmänkä, Bedr Jemaly bilen 
jetleşen Ibn Sukha şäheriň tanymal adamlary bilen 
ylalaşyp, şäheri emir Şöklä tabşyrýar. Şeýle ýagdaýda 
şäheri eýeläp Şökli diňe bir şäher hazynasyny almak 
bilen çäklenmän Bedr Jemalyň maşgala agzalaryny 
hem tussag edýär (1074-nji ýylyň Garaşsyzlyk-Sanjar 
aýlary). Akkanyň eýelenendigi habaryny alan emir 
Atsyz, Şöklä çapar iberip «Bedr Jemalyň maşgala 
agzalaryna we hazynanyň ýarysyny özüne ibermegini 
hem-de onuň özüne bolsa Akka şäherine Seljuk walysy 
belleýändigini» habar berdi. Ýöne Akkada özbaşdak 
beglik gurma niýetinde bolan Şökli, Atsyza garşy 
çykdy we onuň talaplaryny ret etdi. Bu ýagdaýda 
Atsyzyň özüni ýok etmek üçin herekete geçjekdigine 


53 
gözi ýetip duran Şökli Atsyz bilen söweş ýagdaýynda 
bolan 
Damask 
fatymy 
walysy 
Mugalla 
we 
Kilabogullary taýpasy bilen aýry-aýrylykda şertnama 
baglaşyp güýjüni deňleşdirdim öýdýärdi. Şökliniň 
özüni alyp barşyny synlaýan Atsyz, oňa entek 
ýaranlaryndan kömek gelip ýetişmänkä, onuň üstüne 
çozup ýeňiş gazandy. Ýöne bu söweş aýgytly ýeňiş 
getirmedi (1075-nji ýylyň Gurbansoltan-Magtymguly 
aýlary). 
TABARYÝa SÖWEŞI 
Bu ýeňlişden soň Şökli Atsyza garşy alyp barýan 
göreşini kanunlaşdyrmak üçin Günorta-Gündogar 
Anadolyda söweşip ýören Gutalmyşogullaryndan 
birine (Gutalmyşyň bize mälim ogullary: Mansur, 
Süleýman, Alp Ilek we Döwlet) hat iberip, ony özi 
bilen bile täze ýörişlere goşulmak üçin Palestina 
çagyrdy. Şökli hatynda «Sen Seljuk maşgalasyna 
degişli asylzadasyň. Saňa tabyn bolmak we hyzmat 
etmek biziň üçin uly hormatdyr we meni buýsandyrar. 
Atsyzyň asly seljuk maşgalasyndan däl, şol sebäpli, 
men oňa tabyn bolmak we hyzmat etmek isleýärin. 
Eger biz birleşip Atsyzy ýeňip, bu ülkeden kowmakçy 
bolsak, onda bize Müsür fatymy döwleti hem kömek 
bermäge söz berdi» diýýär. Şunlukda, Gutalmyşogly 
bir doganyny we doganoglanynyň (Resultegin) ogluny 
ýanyna alyp Tabyryýa geldi we söweşe taýýarlyk 


54 
görüp ýören emir Şöklä goşuldylar. Aradan köp wagt 
geçmänkä-de Müsür fatymy halypalygyny ykrar 
edýändiklerini resmi taýdan mälim etdiler. Şeýlelikde, 
Siriýada we Palestinada sünni Bagdat Apbasyly 
halypalygyna we Seljuk soltanlygyna garşy fatymy 
halypalygyny ykrar edýänleriň arasynda seljuk 
nesilşalygynyň asylzadalary hem orun aldy. Bu 
wakalary ýakyndan synlaýan Atsyz ähli kuwwatyny 
jemläp Şökliniň we onuň ýaranlarynyň üstüne ýöredi. 
Tabaryýada 1075-nji ýylda bolup geçen aýylganç 
söweşde Şökli we onuň ýaranlary çym-pytrak edildi. 
Şökli, bir ogly, kakasy we Gutalmyşogullary ýesir 
alyndy. Şökli we ogly derrew jezalandyrylyp öldürildi, 
garran kakasy bolsa erkinlige goýberildi. Şökliniň 
kakasy we beýleki ogly Müsüre gidip fatymylardan 
gaçybatalga tapdylar. Atsyz tussaglaryň arasyndaky 
Gutalmyşogullarynyň ýagdaýyny soltan Mälik şa habar 
berdi. Şol wagtlar doganlarynyň we agasynyň oglunyň 
tussag 
edilendigi 
barada 
habary 
alan 
badyna 
Süleýmanşa, Anadolyda söweşip ýören ýerinden 
günorta Siriýadaky Humusa çenli gelýär. Ol şol ýerden 
Atsyza 
bir 
çapar iberip «tussagda saklanýan 
doganlaryny 
we 
doganoglanyny 
öz 
ýanyna 
goýbermegini talap etdi. Atsyz oňa iberen jogabynda 
«Ýagdaýy soltan Mälik şa mälim etdim we ondan 
geljek buýruga garaşýaryn» diýip Süleýmanşanyň 
talabyndan boýun gaçyrdy. Aradan köp wagt 
geçmänkä, soltanyň buýrugyny alan Atsyz, tussag 


55 
edilen Gutalmyşogularyny Bagdat seljuk harby walysy 
(şihne) Aýtegine iberdi, ol bolsa paýtagt Yspyhana 
iberip soltana tabşyrdy.
Tabaryýa söweşinden soň emir Atsyz dogany 
Çawly bilen bile Halabyň töweregine birnäçe gezek 
çozdy, soň fatymylaryň elindäki Trablusşamy eýeledi, 
Sur şäherini hem gabady. Ol Fatymy walysynyň 
«Türkmenler şähere girip ýanlary bilen alyp gelen 
harytlaryny satyp, zerur zatlaryny almak, gijäni şäherde 
geçirmezlik we Fatymylaryň adyna okalýan hutbany 
üýtgetmezlik» hakdaşy şertlerine laýyklykda şäheri 
aldy. Emir Atsyzyň sünni bolup Bagdadyň Apbasyly 
halypasyny ykrar edýän-de bolsa «şaýy hutbasyny 
ýatyrmazlyk» şertini kabul etmegi ünsi çekýän 
wakadyr. Onuň bu şertnamany baglaşmak bilen Siriýa 
we Palestina seljuk döwletiniň serhetlerini giňeltmegi 
göz öňünde tutandygy, aýratyn hem ülkedäki 
ykdysadyýetiň ösmegine, kämilleşmegine ähmiýet 
berendigi ýüze çykýar. 

Download 0.72 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   8   9   10   11   12   13   14   15   ...   72




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling