Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty


Download 0.72 Mb.
Pdf ko'rish
bet11/72
Sana01.03.2023
Hajmi0.72 Mb.
#1240202
1   ...   7   8   9   10   11   12   13   14   ...   72
Bog'liq
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI

II BÖLÜM 
 
EMIR ATSYZYŇ DÖWRI 
Müsür fatymy döwletiniň golastyndaky Siriýanyň 
we Palestinanyň üstüne edilen ýörişler emir Atsyzyň 
döwründen başlaýar. Atsyz esgerlerini ruhy taýdan 
besläp, harby hereketine başlady hem-de Siriýadaky, 
Palestinadaky fatymy häkimiýetini ýykdy. Ol Seljuklar 
tarapyndan basylyp alnan we Palestinada gurlan 
kiçeňräk Türkmen begliginiň serhetlerini giňeldip uly 
döwleti esaslandyrdy. Onuň bu uly möçberli harby 
ýörişlere başlamagynyň sebäpleri şeýleräkdir: 
1) Beýik seljuk döwletiniň Siriýa, Müsür we 
Atlantik ummanyna çenli bütin Demirgazyk Afrikany 
basyp almagy göz öňünde tutmagy;
2) Palestina topraklaryndaky ýaşaýyş üçin agyr 
şertler sebäpli ol ýere ýerleşen köpsanly türkmen 
taýpalarynyň ykdysady taýdan kynçylyk çekmekleri; 
3) Syýasy, ykdysady durmuş taýdan çöküp barýan 
Müsür-fatymy döwletiniň Siriýa we Palestinadaky 
häkimiýetleriniň örän gowşamagy; 


51 
4) Emir Atsyzyň öň Gurly beg bilen bile söweş 
hereketlerini alyp baran mahallarynda harby kuwwatyň 
fatymylarda däl-de özlerindedigine göz ýetirmegi. 
IÝERUSALIMIŇ ZABT EDILMEGI 
Gurly beg aradan çykandan soň Palestinadaky 
türkmen begliginiň başyna geçen Atsyz fatymylara 
tabyn Palestinanyň merkezi hasap edilýän Iýerusalim 
şäherini gabady. Şäherde ady bize näbelli bolup galýan 
asly türkmen fatymy walysy bar eken. Bu şäheriň 
mukaddesdigi, aýratynam walynyň öz milletinden 
bolandygy, ony şäheri zabt etmeden öň şäheriň 
walysyna hat ýazyp «Bu mukaddes şähere garşy 
söweşmegimi Taňry oňlamaz, şol sebäpli şäheri maňa 
tabşyr» diýdi. Örän kyn ýagdaýda galan waly Atsyza 
«Men hem siziň ýaly türkmen, sizden şäheri hiç wagt 
goramaryn. Ýöne maňa, maşgalama, baýlygyma 
degmejekdigiňize kepil geçseňiz şäheri häziriň özünde 
size tabşyryp hyzmatyňyza duraryn» diýýär. Şunlukda, 
Atsyz walynyň isleýşi ýaly oňa kepillendirme we käbir 
ýerleriň dolandyrylyşyny hem ykta (dirilik) hökmünde 
berdi. Aradan köp wagt geçmänkä, şähere giren emir 
Atsyz «Halka degmejekdigi» barada jar çekdirdi, 
şäheriň metjitlerinde Apbasy halypasynyň we seljuk 
soltanynyň adyna hutba okatdyrdy (1071-nji ýylyň 
ahyrlary). Atsyz şäherdäki hiç bir zada el degirtmedi, 
ýüze çykaýjak bidüzgünçilikleriň öňüni almak üçin 


52 
sakçylar goýdy. Şäheriň halky Atsyzyň adyllygyndan 
razydylar. Atsyz kiçiräk türkmen begliginden Beýik 
Seljuk döwletine tabyn mäliklik derejesine ýetiren 
döwletiniň paýtagtyny Remleden Iýerusalime geçirdi.

Download 0.72 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   7   8   9   10   11   12   13   14   ...   72




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling