Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty
WIZANTIÝaDAKY ÇAKNYŞYKLAR
Download 0.72 Mb. Pdf ko'rish
|
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI
- Bu sahifa navigatsiya:
- HARUNYŇ WEPATY
WIZANTIÝaDAKY ÇAKNYŞYKLAR
Emir Mahmydyň Halapdaky ýagdaýyny kuwwatlandyryp, Harun ýanyndaky türkmen atlylaryny we özüne goşulan kilabogullary güýçlerini alyp 34 wizantiýalylaryň elindäki örän möhüm ähmiýetli Artah galasyny gabady. Bu ýerde ýönekeý hristian halkdan başga-da ýokary wezipeli wizantiýaly asylzadalar hem bardy. Gabaw sebäpli örän kyn ýagdaýa düşen Artah 1068-nji ýylyň Gorkut aýynda zabt edilip alyndy. Aktakyýanyň goragynyň möhüm galasynyň zabt edilmegi Halabyň we onuň töweregindäki topraklary Wizantiýa çozuşlaryndan ep-esli derejede halas etdi. Aradan köp wagt geçmänkä, Harun şol töwerekde ýerleşýän ýene bir galany, ýagny Imm galasyny eýeledi. Wizantiýa imperatory Roman Diogen Anadolydaky seljuk çozuşlarynyň öňüni almak maksady bilen 1068-nji ýylda dürli milletlerden düzülen uly bir goşuna baş bolup ýörişe ugrady. Imperator Kaýsaryýa, Maraş taraplarynda käbir harby hereketleri amala aşyryp, Demirgazyk Siriýa gelip, talaň we ýykgynçylyk etdi. Ondan soň Ömürtegin diýen bir türkmeniň goragyndaky şol töweregiň ähmiýetli galasy Menbiji eýeledi. Wizantiýa goşunlarynyň garşysyna Harun we emir Mahmyt türkmen we arap goşunlaryna daýanyp, garşylyklaýyn hüjüme geçip, köp sanly Wizantiýa esgerini gylyçdan geçirdi. Şol wakalary beýan edýän çeşmelerde Harunyň bu ýeňişde uly orun alandygy aýdylýar. Goşunyndan galan-gaçanlary jemlän imperator Halabyň golaýyna gelip, karargähini dikdi. Ony kowalap gelýän Harun bilen Mahmyt imperatoryň karargähini şapak wagty duýdansyz hüjüm edip 35 gabadylar. Ir ertirden başlan gandöküşikli çaknyşyk uzak gün dowam etdi, iki tarap hem örän agyr ýitgi çekdi, kimiň ýeňendigini, kimiň ýeňilendigini saýgarar ýaly däldi. Şunlukda, Harun bilen Mahmyt goşunlary bilen Halaba gaýtdylar. Örän uly ýitgi çeken Roman Diogeniň olaryň yzyndan kowmaga gurby çatmady, köp wagt geçmänkä, Harun Artah we Imm galalaryny eýeledi (1068-nji ýyl). HARUNYŇ WEPATY Harunyň harby güýjüne daýanyp, Halap Mirdasogullary emirligine häkim bolan Mahmyt emirligiň içeri we daşary meselelerini hem onuň ýakyndan goldawy bilen çözdi. Şeýlelikde, Demirgazyk Siriýada uly güýje öwrülen emir Mahmyt Haruna we onuň ýanyndaky türkmenlere bolan garaýşyny üýtgedip, olaryň garşysyna çykdy. Şol sebäpli Harun özüniň we atlylarynyň janyna howp abanýandygyny syzyp, şol wagtlar Mahmyda bäsdeşlik etmäge başlan Sur şäheriniň Fatymy walysy Aýneddöwläniň ýanyna gidip, oňa goşuldy. Emma aradan köp wagt geçmänkä, Fatymy halypasynyň buýrugy bilen Aýneddöwläni Şurda gabamaga başlan Akka Fatymy walysy Bedr Jemaly Haruny öz tarapyna çekmegi başardy. Ahyrsoňunda Aýneddöwle iki sany türkmene, gizlinlik bilen Haruny öldürtmegi başardy. 36 Şeýlelikde, serdarsyz galan türkmenler Bedr Jemala goşuldylar (1070-1071-nji ýyllar). Download 0.72 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling