Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty


Download 0.72 Mb.
Pdf ko'rish
bet5/72
Sana01.03.2023
Hajmi0.72 Mb.
#1240202
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   72
Bog'liq
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI

 


29 
I BÖLÜM 
 
SIRIÝa WE PALESTINA TOPRAKLARYNA 
ILKINJI TÜRKMEN GADAMLARY 
Hanogly Harun Demirgazyk Siriýada 
Siriýa topraklaryna türkmenlerden ilkinji bolup 
aýak basan Garahanly döwletiniň günbatar golunyň 
hökümdary Tamgaç hanyň ogludygy çaklanylýan 
Hanogly Harun hasap edilýär. Harun ýanyndaky bir 
müňden gowrak oguz atlysy bilen beýleki ýörişe 
gatnaşyjylara goşulyp, Oguzkendiň günorta-gün-
batarynda ýerleşýän Uç (Oş) şäherinden ýola çykyp, 
Azerbaýjanyň üsti bilen Anadola gelýär. Köp wagt 
geçmänkä, seljuk hyzmatynda Anadola ýörişlere başlan 
Harun 
Beýik 
seljuk 
döwletiniň 
baknasy 
Merwanogullary 
tarapyndan 
dolandyrylýan 
Diýarbekirde düşledi. Merwanogullary maşgalasynyň 
Amyt (öňki Diýarbekir) häkimi emir Seýit bilen 
aralarynda düşnüşmezlik çykan agasy Nasyra garşy 
Haruny kömege çagyrýar we emir Seýit harby taýdan 


30 
kuwwatlanýar. Emma aradan köp wagt geçmänkä, 
Harun emir Seýidiň aldawyna uçrady we ol ýerden 
uzaklaşdy. Şol wagtlar Harun arap temmimogullary 
taýpasynyň duýdansyz hüjüm etmekleri netijesinde 
olara ýesir düşdi. Şeýle-de bolsa, aradan salym 
geçmänkä, tussaglykdan gaçmagy başardy we 
garamagyndaky 
oguz 
atlylary 
bilen 
Anadoly 
topraklaryna çozdy. Şonuň netijesinde Günorta-
Gündogar 
Anadolyda 
Wizantiýanyň 
ençeme 
welaýatyny eýeledi. Wizantiýa imperatory Konstantin 
Dukas H oňa hak tölemek şerti bilen Wizantiýa gulluk 
etmäge çagyrdy. Edil şol döwürde Harun ýegeni 
Mahmyt bilen göreşýän Halapdaky Mirdasogullary 
emiri Atyýe tarapyndan kömege çagyryldy. Harun ähli 
atlylaryny alyp Halaba geldi we Hazyr etrapçasynda 
düşledi (1064-1065-nji ýyllar). Emir Atyýe Haruna we 
onuň atlylaryna çykdajylary üçin on bir müň altyn pul 
bermegi borçlanýar. Şeýlelikde, Atyýe tagt üçin 
göreşde ýegeninden has güýçlenýär. Şonuň ýaly-da 
Atyýäniň Harun bilen birleşmegi, esasan, Demirgazyk 
Siriýadaky syýasy wakalara güýçli täsir ýetirýän arap 
kilabogullary taýpasynyň täsirini gowşatdy. Pursatdan 
peýdalanan Mahmyt kilabogullarynyň hertaraplaýyn 
goldawyny alyp, doganlaryna garşy söweşe başlan hem 
bolsa, Harundan güýçli garşylyk görüp, üstünlik 
gazanyp bilmedi (1064-nji ýylyň Türkmenbaşy aýy).
Doganoglan inisi Mahmytdan has güýçlenen emir 
Atyýe Harun we oguz atlylary bilen bile Wizantiýanyň 


31 
Antakyýa topraklaryna çozdy we Kemnun galasyny 
eýeledi. Wizantiýa garşy edilen ilkinji ýörişde 
gazanylan ýeňiş netijesinde Halabyň daşynda ýerleşen 
Harun we onuň ýanyndakylar Atyýäniň rugsat bermegi 
bilen oňaýly ýaşaýyş şertleri bolan şähere girip 
ýerleşdiler. Şunlukda, Harunyň Halaby eýelemeginden 
howatyr eden emir Atyýe şäher halkynyň hem zor 
salmagy 
netijesinde 
bir 
gije 
Halap 
şäheriniň 
goraýjylaryny ýanyna alyp (Ahdas), oguzlaryň üstüne 
duýdansyz çozdy we at ýaraglaryny talady, özlerini 
öldürdiler (1065-nji ýylyň Baýdak aýy). Öz ýarany 
emir Atyýäniň ähtiýalanlygyna uçran Harun atlylary 
bilen derrew şäheri taşlap demirgazyga, Eljezirä tarap 
gitdi. Şol döwürde üstüne hüjüm eden käbir arap 
taýpalary bilen bolan çaknyşyklarda ýeňiş gazandy. 

Download 0.72 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   72




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling