Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty
Download 0.72 Mb. Pdf ko'rish
|
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI
HARUN-MAHMYT BIRLEŞIGI
Demirgazyk Siriýada bolup geçýän syýasy wakalary ölçerip döken Harun indi Atyýä garşy Halap Mirdasogullary emirligine hökümdar bolmagy ýüreginde besleýän Mahmyt bilen gatnaşyk açyp, onuň bilen şertnama baglaşdy, köp wagt geçmänkä-de oňa goşuldy. Bu ýagdaýdan göwnühoş Mahmyt Harun bilen bile Halaby almak üçin taýýarlyk görmäge başlady. Mahmyt bilen Harun kilabogullary taýpasyndan hem gelip goşulan goşuna baş bolup, Atyýä garşy söweş hereketlerine başladylar we Atyýä 32 Halabyň demirgazygyndaky Merjidabygyň töwereklerinde ýeňdiler (1065-nji ýylyň Magtymguly aýy). Bu ýeňişden soň Mahmyt bilen Harun Halaba gaçan Atyýäniň yzyndan kowdular we şäheri gabadylar. 102 günläp dowam eden gabawdan soň, Atyýe Mahmyda çapar ýollap, «Harun we oguzlar şähere girmese, şäheri bermäge razydygyny» habar berdi. Mahmyt hem doganoglanynyň şertini kabul etdi we şähere girip, häkimiýetini yglan etdi (1065-nji ýylyň Alp Arslan aýy). Haruna we türkmenlere şähere girmäge rugsat bermedi, ýöne olara Halabyň günortasyndaky Magarratun-Nugmany mülk ýer berdi. Şeýlelikde, atlylary bilen Magarratun-Nugmana gelen Harun ol ýeri adyllyk bilen dolandyrmaga başlady (1065-nji ýylyň Ruhnama aýy). Şol döwre degişli çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, türkmenler ol ýerde birjik-de talaňçylyk etmändirler, gerek bolan ähli azyk-owkatlaryny satyn alypdyrlar, hatda ol ýerde suw ýetmezçiligi edendigi üçin mallaryny pul berip suwa ýakypdyrlar. Harun emir Mahmyda bu ýeriň ýaşaýşa amatly däldigi üçin başga bir boş ýer bermegini haýyş edipdir. Ol bolsa türkmenlere, bize näbelli bolup galýan ýaşaýşa amatly bir ýeri mülk beripdir. Harun goşulandan soň örän güýçlenen Mahmyt doganoglany Atyýäniň Halabyň üstüne eden ähli hüjümlerini aňsatlyk bilen yzyna serpikdiripdir. Şeýlelikde, ol Halap Mirdasogullary emirliginiň iň güýçli häkimine öwrüldi. Özüne tabyn emir 33 Mahmydyň Harun bilen birleşmegini üns bilen synlaýan Müsür-Fatymy halypasy Mustansyr oňa bir hat iberip, Wizantiýa topraklaryna gazawata gitmegini, aýratynam Harun we oguzlar bilen bolan gatnaşygyny kesmegini, olary Halabyň töwereginden uzaklaşdyrmagy tabşyrýar (1066-gjy ýylyň Bitaraplyk aýy). Emir Mahmyt halypanyň iberen hatyna ýazan jogabynda «Harunyň we oguzlaryň özünden has güýçlüdiklerini, şol sebäpli olary Halabyň töwe- reginden kowup çykaryp bilmejekdigini, ýöne olary bu ýerden uzaklaşdyrmak barada gutarnykly buýruk berilýän bolsa, onda özüne uly goşun bölümi ibermekleriniň» gerekdigini mälim edýär. Emir Mahmydyň bu jogabyny pitne hökmünde kabul eden Mustansyr halypalygyň goşun serkerdebaşysy Bedr Jemala perman iberip, «Atyýe bilen bile herekete geçip Halaby emir Mahmydyň elinden almaklaryny» tabşyrýar. Bu buýruga laýyklykda, ähli goşunyny jemläp, Halabyň üstüne ýörişe başlan Bedr Jemaly we Atyýe bu gezek hem üstünlik gazanyp bilmediler. Şeýlelikde, emir Mahmyt Haruna we oguzlara daýanyp, Halap emirligini özünde saklap bildi. Download 0.72 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling