Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty
EMIR AFŞIN WE SANDAK DEMIRGAZYK
Download 0.72 Mb. Pdf ko'rish
|
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI
EMIR AFŞIN WE SANDAK DEMIRGAZYK SIRIÝaDA Beýik Seljuk döwletiniň meşhur serkerdebaşylary emir Afşin, Kümüştegin, Ahmetşa we beýleki seljuk emirleri Myrat we Tigr derýalarynyň kenarlaryndan Eljezire sebitlerine gelip, Ergany we Nizip töweregindäki käbir Wizantiýa galalaryny eýelediler, Nusaýbini bolsa gabadylar. Afşin ýörişini dowam edip, Ýewfrat derýasyndan geçip Adyýamana we onuň töweregine çozdy. Wizantiýanyň serhetdäki serkerdebaşysy Aruandanosa örän güýçli zarba urdy we ep-esli ýesir aldy. Emir Afşin we beýleki seljuk emirleri ýörişden örän köp oljadyr ýesir alyp, ýeňiş bilen Ahlata dolanyp geldiler (1066-1067-nji ýyllar). Afşin bu ýerde Kümüştegini bir zadyň üstünde dawalaşyp öldürdi. Ol Alp Arslanyň meşhur goşunbaşysyny öldürendigi üçin onuň gazabyndan gorkup, golastyndaky türkmen atlylaryny ýanyna alyp Ahlatdan çykyp, günbatara tarap çozuş etdi. Orta asyrlarda Garadag diýlip atlandyrylan häzirki Amanos daglarynda karargähini guran emir Afşin bir bölek goşun iberip, Gazyantebiň demirgazyk-günbataryndaky Dülügi basyp aldy, ýene bir bölek goşuna bolsa Antakyýa töwereklerini çapawullatdy (1067-nji ýylyň 37 Alp Arslan aýy). Ondan soň Afşin demirgazykda Malatyýa töwereklerinde bir bölek Wizantiýa harby güýjüni derbi-dagyn etdi, günbatara tarap hereketini dowam etdirip, Kaýsaryýany az wagtlyk eýeläp talady we Toros hem-de Amanos daglaryny aşyp, Demirgazyk Siriýa geldi. Ol Anadolydan alan oljalaryny uly söwda merkezi — Halabyň bazarlarynda satdy (1067-nji ýylyň ahyrlary). Ep-esli wagtdan soň Halapdan çykyp giden Afşin 1068-nji ýylda täzeden Antakyýa we Halap sebitlerine çozdy, hatda bir gezek Antakyýanyň Wizantiýa walysyndan 100 müň altyn salgyt we söweş enjamlaryny aldy. Şol döwürde soltan Alp Arslan oňa ýörite hat iberip, «Anadolyda gazanan ýeňişleri üçin günäsiniň geçilendigini» mälim etdi. Haty alan Afşin soltana goşulmak üçin ähli goşunyny ýanyna alyp, Demirgazyk Siriýadan çykdy (1068-ni ýylyň Gurbansoltan aýy). Soltan Alp Arslanyň tabşyrygy we Emir Sandak (Sunduk) we beýleki seljuk emirleri Anadolyda söweşýärdi. Sandak türkmenlerden ybarat atly goşuny bilen 1063-nji ýylyň ahyrlarynda demirgazyk Siriýa gelip, Halap, Magarratun-Nugman, Hama we Humus sebitlerine çozdular. Halap Mirdasogullary emiri Mahmytdan salgyt we beýleki gymmat bahaly sowgatlar alan Sandak gyşy ol ýerde geçirip, çozuşlaryny dowam etdirmek üçin Anadola gitdi (1070-nji ýylyň ortalary). Şeýlelikde, Demirgazyk Siriýanyň geljekde Seljuk hökümdarlygyna girmegine 38 oňaýly täsir etjek harby hereketi üstünlikli tamamlandy. Download 0.72 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling