Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty
PALESTINA TÜRKMEN BEGLIGI
Download 0.72 Mb. Pdf ko'rish
|
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI
PALESTINA TÜRKMEN BEGLIGI
Soltan Alp Arslanyň körekeni Ärbasan oňa garşy topalaň turzup, Wizantiýa gaçyp gidensoň, onuň ýanyndaky Gurly, Atsyz we onuň doganlary, Şökli ýaly begler Anadolydaky söweş hereketlerini bes edip, türkmenlerden ybarat goşuny bilen Müsür fatymylaryň tabynlygyndaky Palestina geldiler (1070-nji ýyl). Bular çeşmelerde «Palestina giren ilkinji türkler» hökmünde häsiýetlendirilýän üç-dört müň öýlüden ybarat türkmen maşgalasynyň serdary Gurly begdi. Gurly beg ýanyndaky atlary agzalan begler we türkmenler bilen Tabaryýe kölüniň gündogaryndaky Balkany, onuň töweregini we Numan galasyny zabt edip, ol ýerlere ýerleşdiler. Ondan soň häzirki Ysraýyl döwletinde ýerleşýän Iýerusalimiň 50 km günbataryndaky Remläni we onuň töweregini basyp aldylar. Göçüp-gonup ýören çarwa araplaryň talaňçylykly çozuşlary netijesinde haraba öwrülen Remle galasyny abatlan Gurly beg bu şäheri paýtagt yglan edip, Beýik Seljuk döwletine tabyn Türkmen begliligini esaslandyrdy. Ol ýerde oba hojalyga üns beren Gurly beg ýakyn töwereklerden daýhanlary getirip, ekin ekdirýär, aýratyn hem örän pese düşen zeýtun ýetişdirme işini ýola goýdy. Onuň 39 eden aladalary öz miwesini berdi we şol ýyl 360 müň altynlyk hasyl toplanyldy. Gurly begiň Palestinada Türkmen begligini guran döwürlerinde Müsür fatymy döwletiniň Akka walasy Bedr Jemaly çarwa araplaryň çozuşlary sebäpli çykgynsyz ýagdaýa düşen eken. Şol sebäpli ol Gurly begden kömek sorapdyr. Gurly begiň atlylarynyň herekete geçmegi netijesinde çarwa araplar yza çekilmäge we tabynlyklaryny bildirmäge mejbur boldular. Emma, olaryň çozuşlaryndan we talaň- laryndan halas bolan Bedr Jemaly Gurly bege wada beren altynlaryny bermedi. Gurly beg bolsa türkmen atlylary bilen Tabara çenli ýöriş edip, ep-esli ýer basyp aldy we bu topraklara türkmen maşgalalaryny topar- topar edip ýerleşdirdi. Onuň hereketleriniň öňüni alyp bilmedik Bedr Jemaly köp sanly çarwa araplary Gurly begiň üstüne süren hem bolsa, türkmenler tarapyndan çym-pytrak edildi we Türkmen begliginiň araçäkleri giňeldildi. Bu üstünlikli ýörişlerden soň Gurly beg fatymy döwletine garşy topalaň turuzyp erkinlik alan Sur şäheriniň häkimi Aýneddöwläniň çakylygyna atlylary bilen kömege gitdi. Şol wagtlar Bedr Jemaly Aýneddöwläni gabaýardy. Gurly beg gönüden-göni Bedr Jemaly bilen söweşe girmedi we onuň tabynlygyndaky Saýda şäherini gabady. Şunlukda, Bedr Jemal Sur gabawyndan çekilmäge mejbur boldy. 40 Aýneddöwle fatymy boýuntyragyndan halas bolup, welaýaty özbaşdak dolandyrmaga başlady. Öň ýatlap geçişimiz ýaly, Hanogly Harunyň kömegi bilen Halap Mirdasogullary emirliginiň häkimi emir Mahmyt Wizantiýanyň Antakyýa walasyndan goldaw alan bäsdeş doganoglany Atyýäniň hüjümine duçar boldy. Örän agyr ýagdaýda galan emir Mahmyt Gurly bege yzly-yzyna çapar ýollap kömek sorady. Gurly beg derrew müň türkmen atlysynyň öňüne düşüp Halaba Mahmyda kömege gitdi. Mahmyt Gurly begiň ýardamy bilen Atyýäni we onuň ýaranlaryny ýeňip, Halabyň häkimiýetini elinde saklamagy başardy. Emir Mahmyt eden kömegi üçin Gurly bege atdyr altyn peşgeş berdi. Şondan soň Gurly beg paýtagty Remlä gaýtdy (1071-nji ýyl). Gurly beg Halap Mirdasogulary emirligine eden bu kömeginden soň Fatymy walysy Ibn Münzew tarapyndan dolandyrylýan Damasky gabap, onuň töweregindäki obalary basyp aldy. Türkmen harby güýjüne bäs gelip bilmejegine gözi ýeten fatymy walysy 50 müň altyn töläninden soň, gabaw aýryldy (1071-nji ýyl). Mundan soň Gurly beg fatymy tabynlygyndaky başga bir şäheri – Akka şäherini gabady. Şol wagtlar şäheriň walysy Bedr Jemaly eken. Gurly begiň bu harby hereketine Bedr Jemala duşmançylyk edýän çarwa araplar hem goşuldylar. Ýöne aradan köp wagt geçmänkä, Gurly beg aradan çykýar we Palestina türkmen begliginiň başyna bize 41 ady näbelli bolup galýan Türkmen begi geçip, (belki soň begligiň başyna geçen Atsyz begdir) ol Akka gelip gabawy dowam etdirdi. Şäheriň güýçli gaýtawul bermegi bilen gabaw uzaga çekdi we türkmen goşunlarynyň serdary gabawdan çekilip Remlä gaýdyp geldi. Palestinadaky Beýik Seljuk döwletiniň tabynlygynda gurlan bu Türkmen begliginiň soňky ykbaly hakda degişli çeşmelerde maglumatlara duş gelmedik. Download 0.72 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling