Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty
Download 0.72 Mb. Pdf ko'rish
|
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI
APBASY HALYPALYGY
Atlary Muhammet pygamberiň doganoglany Apbasdan gaýdýan Apbasylar Beýik Zap Suwy söweşinde (750-nji ýylyň Türkmenbaşy aýy) Emewi häkimiýetini ýykyp, Apbasy Halypalygyny gurdular. Ilkinji halypa Abylapbas Saffahdan soň onuň ýerine geçen dogany Mansur (754-775-nji ýyllar) döwletiň paýtagtyny Bagdada geçirdi we halypalygyň gündogara giňelmegine mümkinçilik döretdi. Mansur halypalygy sarsdyran bidüzgünçilikleri, tolgunyşyklary eýranly Bermekogullarynyň kömegi bilen basyp ýatyryp, ülkede asudalygy we parahatçylygy ýola goýdy. Onuň yzyndan halypalyk kürsüsine oturan Mäti döwründe (775-785-nji ýyllar), esasan, Horasanda birnäçe messep çaknyşyklary ýüze çykdy. Şol döwürde wizantiýalylar bilen çaknyşyklarda üstünlikler gazanyldy. Meşhur halypa Harun Reşit döwründe Aziýada arap häkimiýeti has giňeldi. Öň ýatlanyp geçilen Bermekogullarynyň tejribesine daýanylyp, döwleti dolandyrmak işi oňat ýola goýuldy. Ýöne Harun Reşidiň halypalygynyň soňky ýyllarynda we aýratynam ondan soňky tagta çykan Halypalar döwründe (IX asyrda) halypalygyň syýasy birligi 27 gowşapdy. Taryh sahypalaryna siňip giden Emewileriň bir goly Ispaniýada özbaşdak halypalyk boldy, Müsürde bolsa Tulunogullary özbaşdak bir döwlet gurdular. Şeýle hem Horasanda we Mawerannahrda tahyrylar, samanylar we saffarylar Apbasy halypalygyndan bölünip, aýry-aýry özbaşdak döwlet gurdular. Şeýlelikde, Apbasylar Yrakdan başga ýerde häkimiýetlerini ýitirdiler. FATYMYLAR Müsürde we Demirgazyk Afrikada gurlan şaýy Fatymy halypalygy Gyzyl deňzinden Atlantik okeanyna we Demirgazyk Siriýa çenli ýaýlyp ýatan ülkeleri golastyna alyp, sünni Apbasy halypalygyna howp salýardy. Şeýle hem Eýranda we Yrakda döräp aýaga galýan başga bir şaýy döwleti — Büweýhogullary Bagdady basyp alyp, dolandyryşy ellerine aldylar. Şol wagtlarda, ýagny 1040-njy ýylda gurlup kämilleşýän Seljuk döwletiniň yslam äleminiň maddy güýjüne we gudratyna wekilçilik etmegi netijesinde Apbasy halypalygy şaýylaryň zor salmala- ryndan halas boldy. XI asyrda Siriýany we Palestinany doly diýen ýaly golastynda saklaýan Fatymy halypalygynyň gowşamagy sebäpli bu ülkeleriň ýuwaş-ýuwaşdan çöküşini, şeýle hem Halap we onuň töwereklerinde Mirdasogullary emirliginiň gurlandygyny, Antakyýany 28 hem öz içine alýan Akdeňziň (Ortaýer deňzi) gündogar kenarlaryndan Antartusyň günortasyna çenli uzalyp, Trablusşamyň demirgazygyndan geçýän darajyk zolakda Wizantiýa hökümdarlygynyň dowam edýändi- gini görýäris. Ýöne seljuk ýörişleri sebäpli zolakdaky Wizantiýa hökmirowanlygy aradan köp wagt geçmänkä, taryhyň sahypalaryna siňip gitdi. Download 0.72 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling