Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty


Download 0.72 Mb.
Pdf ko'rish
bet3/72
Sana01.03.2023
Hajmi0.72 Mb.
#1240202
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   72
Bog'liq
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI

WIZANTIÝa IMPERIÝaSY 
Orta Gündogaryň beýik döwletlerinden biri hem 
Wizantiýa 
imperiýasydyr. 
Ýustinianusdan 
soň 
Wizantiýa iň şöhratly döwrüni ýaşadan Wasil II aradan 
çykmagy (1025-nji ýyl) döwletiň durmuşynda 
öwrülişik pursady boldy. Ondan soň tagta çykan 
hökümdarlaryň döwründe Wizantiýada eden-etdilik 
höküm sürýärdi. Bu ýagdaý Aleksos Komnenos tagta 
geçýänçä dowam etdi. Wasil II döwründe Balkanlardan 
Günorta Kawkaza, Adriatikden, Gündogar Italiýa çenli 
ýaýlyp ýatan Wizantiýa serhetleri çöküş döwründe, bir 
tarapdan normanlaryň, peçenekleriň we uzlaryň, 
beýleki bir tarapdan, aýratyn hem Anadolyda
seljuklylaryň çozuşlary sebäpli daraldy. Esasan, 
Gündogar araçäkde birnäçe welaýat elden giderildi. 
Imperiýanyň gowşamagyna täsir eden esasy sebäpler 
hökmünde imperatorlykda uly toprak eýeleriniň 
mülklerini orta daýhanlaryň hasabyna köpeltmekleri, 
raýatlaryň harbylardan täsirli bolmagy, goşuna zerur 
bolan ähmiýetiň berilmezligi Wizantiýa pul birliginiň 
gymmatyny 
ýitirmegi, halka agyr salgytlaryň 


23 
salynmagy, şeýle hem hyzmat üçin topraklaryň 
şahslara berilmegi görkezilýär. Şeýlelikde, 1025-nji 
ýyldan başlap, Konstantin VII, onuň gyzlary Zoýanyň 
we Çeodoranyň Roman III Argyranyň birnäçe 
salgytlary ýatyrmagy orta daýhanlaryň gowşamagyna, 
tozmagyna sebäp boldy. 1041-nji ýylda tagta çykan 
Mihail V bir ýyl geçip-geçmänkä, ýurtdaky dildüwşik 
netijesinde tagtdan düşürildi we onuň ýerine Çeodora 
melike (şa hatyn) yglan edildi. Şeýlelikde, ol aýal 
dogany Zoýa bilen bile döwleti dolandyrmagy ellerine 
aldylar. Bu ýagdaý Zoýanyň Konstantin Monamaha IX 
durmuşa çykmagy bilen tamamlandy, indi imperatorlyk 
tagtynda Monamah oturýardy. Monamah döwründe 
raýat dolandyryşy harby dolandyryşdan ýokarda 
goýuldy, şol sebäpli goşunyň sany azaldyldy, 
Wizantiýa goşunynyň esasy bölegi dürli ýurtlardan 
hakyna tutulan esgerlerden düzüldi, şeýle hem esasy 
döwlet wezipelerine Fellos, Hiphilin we Mawropus 
ýaly ylymly şahslar bellenildi. Bu syýasatyň erbet 
netijeleriniň biri hem generallaryň wezipelerinden 
boşadylmagydy. Işden boşan harbylar ülkede pitne 
turuzmaklyga synanyşdylar (1042-1047-nji ýyllaryň 
arasynda), bu topalaňlar örän kynlyk bilen basylyp 
ýatyryldy. Goňşy döwletlerde bolup geçýän wakalar 
hakynda aýdylanda Dunaý derýasynyň kenarynda 
tolgunyşyk döreden peçenekler boýun egdirildi. Ýöne 
Günorta Italiýada ýerleşen normanlar Wizantiýa 
topraklaryny eýelemäge başladylar. Olary saklamak 


24 
üçin edilen ähli synanyşyklar netije bermedi, şeýle-
likde, imperiýanyň günorta serhedine çynlakaý howp 
abandy. Emma imperatorlygyň gündogar araçägi 
günbatar bilen deňeşdirilende asudady. Müsürdäki 
Fatymylar bilen dostlukly gatnaşyk dowam edýärdi, 
ýöne Anadola çozýan seljuklar bilen çaknyşyklar 
bolýardy. Aýratynam, Konstantin IX serhedi goramak 
üçin salgyt tölemegi Wizantiýanyň goranyş ulgamyna 
düýpli sarsdyrdy we seljuklaryň Anadolyny basyp 
almagyny aňsatlaşdyrdy. Imperatoryň aradan çykmagy 
bilen Çeodora Wizantiýa tagtyna çykdy (1055-nji ýyl). 
Onuň bir ýyllyk döwleti dolandyran döwründe içeri we 
daşary ýagdaý öwerlikli bolmady. Ondan soň tagta 
Mihail VI çykdy. Ol özüni goldaýan raýatlara uly 
derejeler we sowgatlar berdi. Munuň tersine, goşun 
serkerdeleri topalaň turuzdylar we ahyrynda Isaokios 
imperator diýlip yglan edildi. Şeýlelikde, goşun ýene-
de häkimiýeti ele aldy. Ýöne ol sapara gidende aradan 
çykýar we Konstantin Dukas H Wizantiýa tagtyna 
geçdi (1058-nji ýylyň Sanjar aýy). Aradan bir ýyl 
geçenden soň, (1059-njy ýyl) peçeneklerden ýardam 
alyp, çozuş eden majarlar bilen parahatçylykly ylalaşyk 
baglaşylan hem bolsa 1064-nji ýylda olaryň Belgrady 
basyp almaklaryna böwet bolup bilmedi. 1065-nji 
ýylda kumanlaryň zor salmagy netijesinde Hazar 
deňziniň ýakalaryndan gaýdan oguzlar Dunaý 
derýasyny 
geçip, 
Makedoniýa 
we 
Tesaliýa 
topraklaryna çozdular. Beýleki bir tarapdan normanlar 


25 
hem Wizantiýanyň golastyndaky ülkelere çozuşlaryny 
dowam etdirýärdiler. Dukas aradan çykandan soň 
(1067-nji ýylyň Magtymguly aýy), aýaly Ewdokiýa 
onuň ýerine hökümdar boldy. Şeýle hem köşkdäki 
şazadalar, dürli meýilli toparlar döwletiň syýasy 
işlerine goşulyp, olara täsirini ýetirdiler. Şol sebäpli 
serhetdäki welaýatlaryň we goşunyň ýagdaýy ünsden 
düşdi. Şeýlelikde, imperiýanyň beýleki ýerlerinde 
bolşy ýaly, Anadolyda hem seljuklaryň çozuşlaryny 
saklap biljek düzgün-nyzamly goşun bölümleri ýokdy. 
Döwletiň daşary we içeri ýagdaýlary şunuň ýaly örän 
çynlakaý kynçylyklardan doluka tagta geçen Ewdokiýa 
döwletiň ýokary wezipeli adamlaryň elinde oýunjaga 
öwrülendigine, onuň çagşap barýandygyna göz ýetirdi. 
Şol sebäpli ol, köşkdäki harbylaryň täsiri bilen tejribeli 
serkerdebaşi Roman Diogene durmuşa çykdy (1068-nji 
ýyl). Özünden imperatorlygyň çöküşiniň öňüni almak 
garaşylýan täze hökümdar boşap galan hazyna, ençeme 
ýyl bäri tozdurylýan ülke we başsyz-baratsyz goşun 
bilen ýüzbe-ýüz boldy. Şeýle ýagdaýda ol döwleti 
dolandyrmaklyga käbir üýtgeşmeler girizmek isledi, 
ýöne häkimiýeti elinden sypdyrmak islemeýän 
Ewdokiýa oňa mümkinçilik bermeýärdi. Şol sebäpli ol 
köşgi taşlap, Anadola çekildi we ol ýerdäki seljuk 
çozuşlaryny serpikdirmek üçin goşuny düzgün-nyzama 
saldy. Öň hem belläp geçişimiz ýaly, 1071-nji ýylyň 
Alp Arslan aýynyň 26-syna Malazgirtdäki söweşde 
soltan Alp Arslandan ýeňildi we ýesir düşdi. Mundan 


26 
soňky döwürlerde hem seljuk çozuşlary netijesinde 
Wizantiýanyň 
Anadolydaky 
häkimiýeti 
çöküp 
barýardy.

Download 0.72 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   72




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling