Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty


TUTUŞYŇ SIRIÝa BELLENILMEGI MESELESI


Download 0.72 Mb.
Pdf ko'rish
bet13/72
Sana01.03.2023
Hajmi0.72 Mb.
#1240202
1   ...   9   10   11   12   13   14   15   16   ...   72
Bog'liq
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI

 
TUTUŞYŇ SIRIÝa BELLENILMEGI MESELESI 
Beýik seljuk şadöwletiniň soltany Mälik şa 
Siriýada we Palestinada şadöwlete tabyn döwlet gurup 
uly ýörişlere başlan emir Atsyzy wezir Nyzamylmülk 
oňlamasa hem bu wezipeden aýryp, ýerine dogany 
Täjeddöwle Tutuşy belledi. Bu barada maglumat 
berýän ýeke-täk çeşme «Miratuz-zaman» eserinde, 


56 
munuň 
sebäbi 
aýdylmaýar. 
Ýöne 
ýokardaky 
aýdylanlardan belli bolşy ýaly, emir Şökli bilen 
birleşen Gutalmyşogullarynyň, Atsyzdan ýeňlip tussag 
edilip Yspyhana iberilenlerinde, ol ýerde Atsyza garşy 
soltan Mälik şany täsirlerine alandyklary, şol sebäpli 
soltanyň, Atsyzyň bu hereketlerini özbaşdak döwlet 
gurmak üçin edilen synanyşyk hökmünde görmegine 
alyp barýar we ony wezipesinden boşatmaly diýen 
netijä gelýär diýmek mümkin. Soltanyň bu habaryny 
alan Atsyz gijikdirmän oňa ýazan hatynda «Meniň 
ýeke özümiň söweşip ýören ülkämde, soltana tabyn 
naýybydyryn we hyzmatkäridirin. Bu söweşler üçin 
henize çenli soltandan jinnek ýaly kömek soramadym. 
Basyp alan ülkelerimde soltanyň adyna hutba okatdym, 
bermeli ähli salgydymy berdim, şeýle hem mümkin 
boldugyça hazyna üçin haryt we pul iberýärin. 
Soltanyň, meniň ýerime Tutuşy bellänligini eşitdim. 
Häzire çenli duşmanlaryň ählisinden ýeňiş gazandym, 
meni wezipämden boşatmak bilen näme gazanýarka?» 
Örän baý we kuwwatly goşunly Müsür fatymy 
halypalygynyň öňünde durmak üçin, elmydama taýýar 
bolunmalydyr» diýmek bilen döwlete tabyndygyny, 
şeýle hem wezipesinden sebäpsiz ýere boşadylandygy-
ny bildirýär. Soltan Mälik şa Atsyzyň ýazan jogabyny 
alyp, 
onuň 
wezipesinden 
boşadylmagy 
bilen 
baglanyşykly aýdanlaryny dogry tapýar, muňa 
Nyzamylmülküň täsiri ýeten bolmagy ähtimal. 
Şunlukda, ony öňki wezipesinde galdyrýar. Şeýle hem 


57 
onuň göwnüni awlamak üçin Soltana degişli aýratyn 
egin-eşik, sopbaş, at, gylyç, galkan iberýär.

Download 0.72 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   9   10   11   12   13   14   15   16   ...   72




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling