56
munuň
sebäbi
aýdylmaýar.
Ýöne
ýokardaky
aýdylanlardan belli bolşy ýaly, emir Şökli
bilen
birleşen Gutalmyşogullarynyň, Atsyzdan ýeňlip tussag
edilip Yspyhana iberilenlerinde, ol ýerde Atsyza garşy
soltan Mälik şany täsirlerine alandyklary, şol sebäpli
soltanyň, Atsyzyň bu hereketlerini özbaşdak döwlet
gurmak üçin edilen synanyşyk hökmünde görmegine
alyp barýar we ony wezipesinden boşatmaly diýen
netijä gelýär diýmek mümkin. Soltanyň bu habaryny
alan Atsyz gijikdirmän oňa ýazan hatynda «Meniň
ýeke özümiň söweşip ýören ülkämde, soltana tabyn
naýybydyryn we hyzmatkäridirin. Bu söweşler üçin
henize çenli soltandan jinnek ýaly kömek soramadym.
Basyp alan ülkelerimde soltanyň adyna hutba okatdym,
bermeli ähli
salgydymy berdim, şeýle hem mümkin
boldugyça hazyna üçin haryt we pul iberýärin.
Soltanyň, meniň ýerime Tutuşy bellänligini eşitdim.
Häzire çenli duşmanlaryň ählisinden ýeňiş gazandym,
meni wezipämden boşatmak bilen näme gazanýarka?»
Örän baý we kuwwatly goşunly Müsür fatymy
halypalygynyň öňünde durmak üçin, elmydama taýýar
bolunmalydyr» diýmek bilen döwlete tabyndygyny,
şeýle hem wezipesinden sebäpsiz ýere boşadylandygy-
ny bildirýär. Soltan Mälik şa Atsyzyň ýazan jogabyny
alyp,
onuň
wezipesinden
boşadylmagy
bilen
baglanyşykly aýdanlaryny dogry tapýar, muňa
Nyzamylmülküň täsiri ýeten bolmagy ähtimal.
Şunlukda, ony öňki wezipesinde galdyrýar. Şeýle hem
57
onuň göwnüni awlamak üçin Soltana degişli aýratyn
egin-eşik, sopbaş, at, gylyç, galkan iberýär.
Do'stlaringiz bilan baham: