Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti


Download 2.8 Kb.
Pdf ko'rish
bet22/83
Sana11.11.2023
Hajmi2.8 Kb.
#1767143
1   ...   18   19   20   21   22   23   24   25   ...   83
Bog'liq
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU

Soraglar we ýumuşlar: 
1.Pidžin näme?Ol nähili şertlerde emele gelýär? 


45 
2.Ilkinji pidžinler haçan we nirede emele gelipdir?. 
3.Kýahtin pidžininiň nähili aýratynlyklary bar? 
4.Kreol dilleri näme? Oňa haýsy diller degişli hem-de olar 
nirelerde ulanylýar? 
 
Milletara gatnaşyk dilleri 
Ylym, 
medeniýet, 
diplomatik 
gatnaşyklar 
ugurlarynda 
milletleriň 
arasyndaky 
baglanyşygyň 
zerurlygy, gadymy döwürlerden başlap araçy dilleriň ýüze 
çykmagyna ýardam beripdir. Araçy diller diýlip birnäçe 
halklaryň we ýurtlaryň (hakykatda, Ýer şaryndaky bar 
bolan hemme halklaryň hem-de ýurtlaryň dilleri ) milletara 
düşünişmeginiň esasy serişdesine düşünilýär. 
Orta asyrlar döwründe Ýewropada araçy dil 
hökmünde latyn dili hyzmat edipdir. Latyn dilinde umumy 
ýewropa medeni goruny düzen çeper eserler döredilipdir, 
ylmy işler ýazylypdyr, dürli döwletleriň arasayndaky 
şertnamalar baglanyşylypdyr, uniwersitetlerde okuwlar 
alnyp barylypdyr. Orta asyrlarda, şeýle-de Täzeden 
döreýiş döwründe ýokary bilim ugurlarynda latyn diliniň 
esasy orny eýelemegi şol döwürlerde talyplaryň dürli 
milletlerden bolmagy bilen baglydyr, bir uniwersitetde şol 
bir wagtda dürli ýurtlardan bolan talyplar okapdyrlar, şol 
bir wagtda mugallymlar hem bir milletden bolmandyr. 
Mundan başga-da latyn dili häzire çenli katolik 
buthananyň dili bolmagynda galýar.
XVIII asyrdan başlap fransuz dili latyn dilini 
halkara dil bolmaklygyndan gysyp çykaryp başlaýar. Bu 
şol wagtdaky fransuz monarhlarynyň agalyk edijilik
ýagdaýy bilen baglanyşyklydyr, olar öz dilini esasy 
milletara gatnaşyk serişdesi hökmünde bütin Ýewropa 
ýaýratmagy başarypdyr.


46 
Faransuz dili tä XX asyryň birinji çärýeginiň 
ahyryna çenli araçy dil bolmak hyzmatyny ýerine 
ýetiripdir hem-de soňlugy bilen öz ornuny iňlis diline 
beripdir. 
Iňlis dili biziň günlerimizde hem milletara 
aragatnaşyk dili bolmak hyzmatyny ýerine ýetirýär. 
Musulman gündogary ýurtlarynda araçy dil bolmak 
hukugy köp asyrlardan bäri Gurhanyň dili bolan arap 
diline degişlidir. Ol bu hyzmaty häzirki döwürde hem 
ýerine ýetirýär. 
 
Orta asyrlaryň dowamynda Uzak Gündogar we 
Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary üçin milletara 
aragatnaşyk dili bolmaklyk hyzmaty köne hytaý edebi dili 
bolan-wenýan diline degişlidir. Ol ýapon, koreý, wýetnam 
dilleri ýaly birtopar dilleriň ösmeginde möhüm ähmiýete 
eýe bolupdyr. 
XX asyrda bu sebitlerde hytaý diliniň halkara dil 
bolmak ähmiýeti düýpli aşak düşüpdir. Şonda-da häzirki 
zaman hytaý dili Birleşen Milletler Guramasynyň işinde 
ulanylýan dilleriň biridir (iňlis, fransuz, rus, ispan, arap 
dilleri bilen bilelikde).
 
Araçy dil hökmünde haýsydyr bir milli diliň 
ulanylmagy, şol dil ene dili bolan halka hemişe 
artykmaçlyk beripdir. Bu ýagdaý halkara emeli dillleriň 
döredilmegi üçin köpsanly synanşyklaryň edilmegine 
sebäp bolupdyr. Emeli diliň döredilmegi, bir tarapdan 
hemmeler üçin ortalyk bolup, hiç bir halka dil babatdan 
artykmaçlyk berjek däldi, ikinji tarapdan, ähli adamzada 
degişli boljakdy. 
 
Emeli dili döretmäge ilkinji synanşyk biziň 
eýýamymyzyň II asyrynda ýunan (grek) lukmany Galen 
tarapyndan edilýär. Ol halkara ýazuw dilini döredýär. 


47 
T.Mor özüniň “Altyn kitabynda” (1516 ý) Utopiýa 
adasynyň ilaty üçin aýratyn dil oýlap tapýar. 
Adamzat taryhynda halkara emeli dilleriň müňlerçe 
taslamasy döredilýär. Fransuz pelsepeçisi R.Dekart 1629-
njy ýylda umumyadamzat uniwersal diliniň shemasyny 
düzýär, nemes pelsepeçisi G.Leýbins düşünjeleri toparlara 
bölmegiň algebra düzgünlerini hödürleýär.Ýöne, olaryň 
diňe örän az sanlysy tejribede ulanylmak hukugyna eýe 
bolýar. 
Adamlaryň 
arasynda 
aragatnaşyk 
serişdesi 
hökmünde ulanylan ilkinji emeli dil 1879-njy ýylda 
Ý.M.Şleýer 
tarapyndan 
döredilen 

Download 2.8 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   18   19   20   21   22   23   24   25   ...   83




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling