21
meklige indiwidual çemeleşmelidir. Ol goýberilen ýalňyşlaryň diňe bir
sanyna däl-de, onuň aýratynlygyna, oňat we ýaramaz tarapyny nazara
almak bilen, onuň tutuşlygyna ýerine ýetirilişine üns bermelidir.
Beýannama we düzmä baha goýlanda, ýazuw işleriniň ýerine
ýetirilişiniň hili aýratyn hasaba alynýar, sebäbi bu ýazuw işleriniň
kemçilikleri dürli-dürli bolýar. «Baha ölçeglerinde» olaryň hemmesi-
ni hasaba almak mümkin däl.
«Baha ölçegleri» mugallyma okuwçylaryň dilden berýän jogap-
laryna hem ýazuw işlerine baha goýmagyň has köp duş gelýän halat-
lary barada görkezme berýär. Mugallym şol görkezmelere esaslanyp,
okuwçylaryň bilimlerine, başarnyklaryna we endiklerine dogry baha
berip biler.
Okuwçylaryň dilden berýän jogaplary we ýazuw işleri özara
berk baglanyşykly bolmalydyr, şeýle bolsa-da okuwçylaryň bilimleri-
ni hasaba almak işini biri-birinden parhlandyrmak üçin olaryň ýazuw
işlerine-de, dilden berýän jogaplaryna-da aýry-aýry baha goýulýar.
Okuwçylara türkmen dilinden we edebiýatdan çärýeklik, ýyllyk baha
goýlanda, olaryň ýazuw işleriniň hem-de dilden berýän jogaplarynyň
bahalary jemlenilip, şol dersleriň hersi boýunça bir baha goýulýar.
Do'stlaringiz bilan baham: