15
3. Okuwçy depderiniň sany we maksady
Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde türk-
men dili we edebiýat dersi boýunça depderleriň
doly we dogry
ýöredilmeginiň okuwçylaryň sowatlylygyny ýokarlandyrmakda,
olaryň medeniýetliligini ösdürmekde uly hyzmaty bar.
Okuwçylaryň depderlerini yzygiderli barlamak türkmen dili-
ni we edebiýaty okatmagyň netijeliliginiň ýokarlanmagyna ýardam
edýär we okuwçylaryň geçirilýän sapaklara jogapkärli garamagy-
na ugrukdyrýar. Şonuň üçin mugallym okuwçylaryň depderlerini
başdansowma barlamaly däldir.
Ýazuw işlerini arassa ýerine ýetirmegi öwretmek we okuwçylaryň
öwrediji ýazuw işleri üçin her synpda 3 depderi we barlag ýazuw işi
üçin her synpda 1 depderi bolmaly. Olar şulardyr:
1-2.Türkmen dilinden iş depderi (1-nji, 2-nji).
3.Türkmen dilinden we edebiýatdan öwrediji iş depderi.
4.Türkmen dilinden we edebiýatdan barlag iş depderi.
BELLIK:
1-2.Türkmen dilinden iş depderlerine (1-nji, 2-nji iş ýa-da aýlaw
depderi) okuwçylaryň gündelik ýerine ýetirýän synp we öý işleri
(gönükmeler, ýumuşlar, dürli ýumuşly göçürip ýazmalar) ýazdyryl-
ýar.
3.Türkmen dilinden we edebiýatdan öwrediji iş depderine
(«Umumy depder») okuwçylaryň ýazuw dilini ösdürmek üçin öwre-
diji häsiýetde bolan ähli ýazuw işleri (diktantlaryň dürli görnüşleri:
duýduryş, düşündiriş, sözlük, saýlama, erkin, döredijilikli diktantlar,
soraglara ýazuw üsti bilen berilýän jogaplar, sitatalar, söz düzümleri,
adalgalar, sözlükler, surat, gözegçilik, okalan eserler, edebi hem erkin
temalar boýunça synp düzmeleri, düzme temalary, doklad, gysgaça
ýazgy, okuw kitabynda bolmadyk maglumatlar, teoretik maglumat-
lar, meýilnamalar, beýannamalar, okuwçylaryň şahsy ýazgylary,..)
ýazdyrylýar.
4.Türkmen dilinden we edebiýatdan barlag iş depderine barlag
häsiýetli ähli ýazuw işleri (diktant, beýannama we düzme ) ýazdyryl-
ýar.
Türkmen dili we edebiýat boýunça barlag işleri üçin ýörite tutu-
lan depderler okuw ýylynyň dowamynda mekdepde saklanyl ýar, olar