2. Türkmenleriň erkinlik ugrundaky göreşi.
Türkmenleriň XVII asyrdan XIX asyryň ortalaryna çenli bolan taryhy Eýran, Hywa,
Buhara hem-de Russiýa ýaly goňşy döwletler bilen ýakyndan baglanyşyklydyr. Sebäbi şol
döwürde Türkmenistanyň kä bir ýerleri goňşy döwletleriň düzümine girip, iň bolmanda
kem-käsleýin raýat bolupdy. Türkmeniň özbaşdaklygyny saklan ýerleri-de goňşy döwletler
tarapyndan yzygiderli talaňçylyklara sezewar edilýärdi. Olar ýerli-ýerden türkmen
topraklaryna göz gyzdyrýardy. Şeýlelikde, 350ýyl çemesi wagtlap türkmen ýerleri
türkmenlere bagly bolmadyk sebäplere görä, jeň meýdanyna öwrülipdi. Şeýle
hem bolsa,
keseki ýurtly basybalyjylara türkmen halkyny doly boýun egdirmek başartmandy.