1-nji sapak


 Türkmenistanyň taryhynyň Gorkut ata eýýamynyň gysgaça häsiýetnamasy


Download 0.82 Mb.
Pdf ko'rish
bet9/17
Sana26.01.2023
Hajmi0.82 Mb.
#1129027
1   ...   5   6   7   8   9   10   11   12   ...   17
Bog'liq
Türkmenistanyň taryhy (Leksiýa)

1. Türkmenistanyň taryhynyň Gorkut ata eýýamynyň gysgaça häsiýetnamasy. 
Türkmen ruhunyň ikinji eýýamy biziň eramyzyň 650-nji ýylyndan X asyra çenli 
döwri öz içine alýar.
Ruhnamada bellenip geçilişi ýaly, bu eýýamda türkmenler Oguz hanyň “Bir ýerde 
durma!” diýen pendini ýörelge edinip, jahankeşdeligini görkezdi. Bu eýýamyň oňony 
böri (möjek) boldy. Bu döwrüň ruhy gopuz saz guraly bilen beýan edildi. Bu 
eýýamda milletiň ruhy ýolbaşçysy Gorkut atadyr. 
Gorkut ata VI asyryň ahyrlarynda – VII asyryň ortalarynda ýaşapdyr we 
Muhammet pygamberiň döwürdeşi bolupdyr diýen maglumatlar bar. Ol yslam dinini 
kabul edip, Mekgä zyýarata gidipdir we hajy bolupdyr. Gorkut ata Salyr Gazanyň 
baştutanlygynda türkmenleriň bir topary bilen Mekgä baranda, Muhammet pygamber 
olary görüp, öz ýakyn adamlarynyň biri bolan Selman Farisini olaryň ýanyna 
iberipdir, ol bolsa Gorkut atany oguz-türkmenleriň ählisiniň üstünden ýokary 
musulman dininiň wekili edip belläpdir. 
Gorkut ata ýiti akyly, danalygy bilen oguzlaryň arasynda uly abraýa eýe bolupdyr. 
Ol türkmen halkynyň ykrar edilen ýaşulysy hasaplanypdyr. Ol söweşlerde edermenlik 
görkezen gerçeklere mynasyp atlary dakypdyr, degişli pentler bilen hanlary 
çykarypdyr, olaryň maslahatçysy bolupdyr. Şol sebäpli Gorkut atanyň il arasyndaky 
sarpasy juda belent tutulyp, oňa baş egipdirler. Mysal üçin, Abulgazynyň 
“Türkmenleriň nesil daragty” atly işinde Gorkut atanyň oguz-türkmenleriň arasynda 
keramatly şahsyýet hasaplanandygy, hanyň we tutuş oguz iliniň ykbalynyň halk 
tarapyndan oňa ynanylandygy, bu babatda hereket etme erkinliginiň oňa doly 
berlendigi barada aýdylyp geçilýär. 



Ruhnamada bellenilip geçişi ýaly, yslam dinini meýletin kabul eden Gorkut ata 
türkmen ruhunyň täze bir giňişligini açdy. Özüniň iman, ahyrýet hakyndaky pelsepesi 
bilen Gorkut ata ahlagyň täze gymmatlyklaryny işläp düzdi. Bu dünýäde eden işleriňe 
hasap bermelidigini we ahyrýetiň bardygyna ynanmalydygyny (iman etmegi) ündedi.
Bu eýýamda türkmen ruhy öz çäkleriniň daşyna çykyp, tutuş yslam dünýäsine 
ýaýrap başlady.
Türkmen taryhynyň Gorkut ata eýýamyny öwrenmekde “Gorkut ata” kitaby uly 
ähmiýete eýedir. Bu kitapda türkmenleriň däpleri we ynançlary, taýpalaryň atlary, 
oguz-türkmen jemgyýetiniň düzümi, adamlaryň özara gatnaşyklary, olaryň 
durmuşynyň aýratynlyklary we beýlekiler örän anyk we dogruçyl beýan edilýär. 
Türkmen halkynyň beýik edebi ýadygärligi bolup durýan “Gorkut ata” kitaby 12 
boýdan (hekaýatdan) ybaratdyr. Kitap Gorkut ata tarapyndan aýdylan, soňra bolsa 
asyrlaryň dowamynda bagşylar tarapyndan aýdylyp, dilde-dile, nesilden-nesle 
geçirilen hekaýatlary özünde jemleýär. Asyrlar boýy türkmenleriň hakydasynda 
saklanan bu hekaýatlar soňraky döwürlerde kagyza geçirilipdir. Şeýle golýazmalaryň 
ilkinjisi XIX asyryň başlarynda Drezden (Germaniýa) şäheriniň Milli kitaphanasynyň 
golýazmalar bölüminde ýüze çykaryldy we nemes gündogarşynasy Dis tarapyndan 
çap etdirilip, köpçülige ýetirildi. Mundan ýüz ýyldan hem köp wagt geçenden soň 
italýan alymy Rossi tarapyndan Watikanyň kitaphanasynda bu kitabyň alty sany 
hekaýaty tapyldy. XX asyryň ortalarynda bolsa, türkmen alymy Ata Rahmanow 
bagşylaryň dilinden «Gorkut ata» kitabynyň 16 bölümini ýazyp alýar. 1922-nji ýylda 
rus alymy akademik Wasiliý Wladimirowiç Bartold drezden golýazmalary esasynda 
«Gorkut ata» kitabyny rus diline terjime edýär. Emma bu terjime diňe kyrk ýyldan 
soň, özi hem juda az sanda çap edildi. Sebäbi sowet döwründe türkmenlere bu 
dessany öwrenmäge mümkinçilik berilmedi, hat-da gadagan edildi. 
Emma Türkmenistanyň garaşsyz döwlet bolmagy bilen «Gorkut ata» kitaby 
köpçülikleýin nusgada neşir edildi we çuňňur öwrenilip başlandy. Aşgabatda 
halkymyzyň bu beýik edebi mirasynyň 1500 ýyllygyna bagyşlanan halkara 
konferensiýalary hem geçirildi. 




Download 0.82 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   5   6   7   8   9   10   11   12   ...   17




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling