A. Makedonskiniň Merkezi Aziýany basyp almagy we onuň netijeleri


Garaşsyz Türkmenistan dünýäde BMG tarapyndan reşmişdirlen ilkinji hemişelik bitarap döwletdir


Download 121.66 Kb.
bet12/66
Sana14.05.2023
Hajmi121.66 Kb.
#1458410
1   ...   8   9   10   11   12   13   14   15   ...   66
Bog'liq
Jemgyvet tayyar 091124 - копия

Garaşsyz Türkmenistan dünýäde BMG tarapyndan reşmişdirlen ilkinji hemişelik bitarap döwletdir.
Türkmenler taryhda jemi 70-den gowrak döwlet döretdi. Bu gün bolsa öz topragymyzda gaýtadan milli Garaşsyz döwletimizi gurýarys. Biziň binýat eden döwletimiziň güýji şondadyr, biz ahyrynda olaryň hemmesiniň üstünde başynyň täji, buýsanjynyň baýdagy bolup pasyrdaýan Garaşsyz hem-de baky Bitarap Türkmenistanymyza ýetdik. Biziň döwletimiz olaryň hemmesiniň taryhyna sarpa goýdy, barynyň adyny gaýtadan bir ýerde ýazyp, Oguz atamyzyň ruhuny direltdi. Biziň binýat eden döwletimiz ata-babalarymyzyň hemişe arzuw eden, hiç haçan ýetip bilmedik üç gudraty özünde jemleýändir: olar milli Garaşşyzlyk, baky Bitaraplyk hem Bu üç sütüniň birinjisi, milli Garaşsyzlygymyzdyr. Türkmen halky 1991-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 27-nde Garaşsyz Türkmenistan döwletini gurdy. Ol bize, halkyna, Watanyna, adalatyna bolan berkligi, Oguz atamyzyň 24 agtygynyň berkligini getirdi. Erklik bilen millilik birleşip, azat Watanymyzda Garaşsyz döwletli bolduk. Baýdagymyzy – Tugumyzy, döwlet nyşanlarymyzy kökümiziň çuňlugyndaky dür manylardan aldyk. Biziň Arabystana, Kawkaza, Azerbaýjana, Özbegistana, Gyrgyzystana, Gazagystana, Täjigistana, Owganystana, hat-da Çyn-Maçyna (Hytaýa), Orsýete, Hindistana, Päkistana taryhy ýolumyz bardy. Bu sebitde türkmenleriň her kim bilen gönüden-göni gatnaşyk açyp bilen döwletleri bolupdyr. Emma bu, geçen ýakyn ýylarda düýbünden mümkin däldi. Indi biz taryhdaky gatnaşyklarymyza täzeden göz gezdirip, olaryň hemmesi bilen ýokary derejede gatnaşyklarymyzy ýola goýduk. BMG-nyň döredileniniň 50-ýyllyk dabarasynda hemişelik Bitaraplyk şygarymyzy dünýä yglan edende, oguzlaryň – türkmenleriň, seljuklaryň ýaýran sebitindäki medeniýetlerinde miras paýymyzyň bardygyny ýöne ýere aýtmandy. Häzirki zamanda bu biziň biri-birimize taryhdan gelýän düşünişmek ýolumyzyň gowy nusgasy bolup hyzmat edýär. Bularyň barysy türkmenleriň parahatçylyk söýüji, ylalaşdyryjy häsiýetini diňe bu gün bilmeli däl, hat-da olar taryhdan bizi gowy tanan, gatnaşygy bolan ýurtlardyr, şonuň üçin ilki bilen biziň goňşularymyz, sebitdäki döwletler Bitaraplyk derejämiz alnanda bizi goldadylar. Bütin dünýä goldady.

Download 121.66 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   8   9   10   11   12   13   14   15   ...   66




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling