A. Makedonskiniň Merkezi Aziýany basyp almagy we onuň netijeleri


Geçiş döwrüniň tamamlanmagy. Täze Galkynyş we bagtyýarlyk döwri


Download 121.66 Kb.
bet15/66
Sana14.05.2023
Hajmi121.66 Kb.
#1458410
1   ...   11   12   13   14   15   16   17   18   ...   66
Bog'liq
Jemgyvet tayyar 091124 - копия

Geçiş döwrüniň tamamlanmagy. Täze Galkynyş we bagtyýarlyk döwri
Mälim bolşy ýaly, 2007-nji ýyldan başlap, Türkmenistan özüniň ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Jar edilen Täze Galkynyş syýasatynyň çäklerinde esasy maksatlaýyn ugurlar kesgitlenildi we bazar özgertmeleriniň maksatnamasy bellenildi. Bu maksatna-ma pudaklaryň ýeterlik infrastrukturasynyň tapgyryny döretmegiň, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň, pudaklaýyn we gurama-çylyk-hojalyk gurluşyny kämilleşdirmegiň ýoly bilen halkara bazar-larynda ýurduň eýeleýän ornuny pugtalandyrmagy göz öňünde tutýar. Yewropanyň ösüş we abatlaýyş bankynyň bahalary boýunça soňky ýyl-larda Türkmenistanda ykdysadyýeti liberalizasiýalaşdyrmakda saldam-ly ösüş gazanyldy. Dünýä walýuta gaznasy (DWG) hem Täze Galkynyş eýýamynda özgertmeleriň geçirilmegi netijesinde gazanylanlara ýokary baha berýär. Galkynyş we demoktatiki özgeriş Türkmenistanyň Konstitusiýasyna girizilen üýtgetmeleri biziň jemgyýetimizde demokratiýanyň ýaýbaňlanmagy üçin ähmiýetlidigi aýdyň görünýär. Esasy Kanunymyza girizilen üýtgetmelerde täze döwrüň reallyklary, döwlet we jemgyýetçilik gurulşynyň ýöregeleri giňişleýin öz beýanyny tapandyr. Konstitusiýamyzyň täze redaksiýasy Galkynyş eýýamynyň syýasy-hukuk resminamasy bolup ýurtda gün-günden ýaýbaňlandyrylýan reformalaryň üstünlikli öňe ilerlemeginiň binýady, umuman ýurtda geçýän demokratik özgerişleriň kepilnamasy bolup hyzmat edýär. Türkmen jemgyýetinde geçýän şu täzeleniş jemgyýeti täze hil derejä çykarýar. Ony her bir türkmen adamsynyň, ilki bilen hem ýokary bilimli hünärmeniň aýdyň bilmekligi gerek. Onuň üçin bolsa ilki bilen jemgyýetde geçýän demokratik özgerişleriň özboluşlylygyna akyl ýetirmeli. Bu işde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň nobatdan daşary XXI Halk Maslahatynda, ýokarda getirilen bir pikiri örän ähmiýetlidir. Sony täzeden gaýtalalyň. Bu ýerde ýurt Ýolbaşçysy: „Türkmenistanda sowet we jemgyýetçilik gurluşyndan demokratik gurluşa geçiş döwri tamamlanandan son, onuň ornuna beýik Galkynyş eýýamy geldi"diýip belledi. Täze Galkynyş eýýamynyň aýratynlygy bu ýerde, görşümiz ýaly, jemgyýetde demokratik ýörelgeleriň giňden ýaýbaňlanmagy bilen baglanylýar. Demokratiýa biziň döwrümiziň iň täsirli gymmatlyklarynyň biridir. 01 jemgyýetiň durmuşynda, we dünýä gatnaşyklarynda giňden ulanylýan ýörelgelerdir. Raýatlaryň meýletin birleşmeleri ne derejede jemgyýetçilik durmuşyny gurnamaklyga işewür gatnaşýandygyny ösen ýurtlaryň tejribesi görkezýär.

Download 121.66 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   11   12   13   14   15   16   17   18   ...   66




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling